Ýürekdeş sözler!
Gülli gelin
Mishel [off]
Şugün, 19:39
Köçämize göçüp geldi bir gelin
Ady Gülli, özi gözel aňymyzy alypdyr
Hem gaýratly hem diýenli hem gözel
Ady Gülli özi gülli bizi haýran edipdir
Köçämizden ýörände
Batgadygy bilinmez
Iki ýana garanda
Tozandygy bilinmez’
Gözlerimiz Güllide
Tozan-kirşen bilinmez
Gülli messan ýörände
Gaýgy-gamy bilinmez
Gelip gaýrata durdy
Zähmet baryny çekdi
Öýüni diklejek bolup
Iki ýana ylgady
Towuk, gaz, induk
Sany ýüzlerden geçdi
Bakan malyn semredip
Etini bazarda saty
Tizara özüni tutdy
Tanaly sygyr aldy
Jaýynyň daşyny bezäp
Ýaňy işe başlady.
Azan daň bilen turdy
Özi aýal bolsada
Erkekden hiç tesmedi
Agyr iş diýip
Işi taşlap gitmedi
Hem özi gözel
Eden işleri gözel
Özüni bäzäni gözel
Gülli köçä çykanda
Gülli toýa baranda
Adamlar agzyny açdy
Güllüniň owadanlygy
Dillerde dessan boldy
Erkekler arzuw etdi
Güli ýaly gözeli
Hem özüne seredip
Bilýänligi geň boldy
Gülli bir ýerden geldi
Iki-üç aý geçenden soň
Äri yzyndan geldi
Bir gezek gepleşenimde
Men arakhor diýdi
Meniň içen aragym
Bir wagon bolar diýidi
Men-ä agzymy açdym
Herhili adam bolýar-ow diýdim
Gülli ýaly geline
Bir maýmyn ýar bolupdyr diýdim
Uzak gitmän erkegi
Kamaz alarman boldy
Gülli malyny soýup
Ärine kamaz aldy
Bir ýyla ýetmän äri
Kamazy satdy göýberdi
Indi men taksist boljak diýip
Jiguli maşyn aldy
Zordan bir ýyla ýetdi
Onuň taksist boljagy
Bir ýyla ýeter-ýetme
Jiguli remonta geldi
Emma onda hany pul
Bary arakdan geçdi
Gülli pahyr der döküp
Gije-gündiz işledi
Gülli gelin gowy eken
Hem häsiýete baý eken
Äri arak içsede
Ony taşlap gitmedi
Ýaman ykbaldan tesmedi
Towuk,induk, gazy satdy
Bazardan jüýje alyp
Yzyna düşüp bakdy
Kiçiräk ýerine
Dürli ekini ekdi
Eli bilen agdaryp
Ýetişen ekinlerini
Bazara arkalap gitdi
Emma äri doýmady
Aragyny goýmady
Şondada Gülli gelin
Ärini taşlamady
Äri alkaş bolsada
Güllä mal diýsede
Ýaman sözi diýmedi
Şeýdip gün geçiberdi
Gülliniň iň soňky towygy galdy
On sany towuk
Gülliniň öňünde boldy
Ýene birnäçe aýdan
On towygam iýdiler
Indi näme etmeli
Diýen sözi goýdylar
Gülli arine gideli bu ýerden diýdi
Seniň ülpetleriň köpeldi diýdi
Indi olar seni goýmazlar
Arak baryn daşarlar
Bu arakhorlar
Maňa göz gyzdyrarlar
Seni arakdan doýyryp
Maňa ýör diýerler
Mende alaç goýmazlar
Seniň aragyň üçin
Meni töleg ederler
Şeýdip Gülli gidermen boldy
Biziň bu köçämizde
Üç ýyla golaý boldy
Bir gün eşidip galdyk
Gülli gitmekçi bolýar
Aşgabatdan iş tapyp
Şol ýerde ýaşamakçy bolýar
Iki çagasyn alyp
Gülli poýzde mündi
On bäş gün ýeke ýaşap
Äri hem yzyndan gitdi
Şeýdip bu ikisiniň
Tamy gugaryp galdy
Häzir bu ikisi Aşgabatda ýaşaýar
Gülli gap-çanak ýuwýar
Äri maşyn remont edýär
Ýagşy –ýaman gün ötelge
Ikisi işläp tapýar
Äri arak içýärmi
Indi mende habar ýok
Indi bu ikisiniň
Gelmegini islämok
Köçämizde alkaşlar
Bolmandada ýeterlik
Ýöne Gülli ýaly gelini
Hiç bir ýerde göremok.
16 |
7 |
1 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
Şugün, 22:57
+0
Siz saytdaky agzalar baradada gosgy yazyp gorseniz name?
Soňky teswirler
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Allah owadanlygy geçmişde erkek adama ýagny Ýusup aleýhissalama beripdir. Kinosunda hem bardyr zenanlar onuň owadanlygyna aňkaryp öz ellerini kes...dowamy...
Mämet sallah
[b][i][color=#f82e00]Herili adam ba by dönýede, Biri balatnoý, biri çort, Biri her gün iýä tort, Biri her gün edtä zard. Herili adam ba dünýäde,...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
oglanlara owadan diýmeli däl görmegeý dimeli , asyl türkmen dilimizde oglanlara owadan diýilenok , umuman oglanlara güýç , batyrgaýlyk , zähmetsö...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Iki tarapyñam özüni bezeýän, gelşikli görkezýän owadanlygy bar. Gyzlaryñky; ahlak, abraý,näziklik,ýuwaş seslilik,mylakatlylyk. Oglanlaryñky; agy...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Biz ynsany iň ajaýyp görnüşde (iň kämil keşpde) ýaratdyk. (Tin suresi 4 nji ayat) Men pikirimche in gowy jogap shulmyka diyyan....dowamy...