“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Prinsesa : Durmuşyň her bir pursadyndan lezzet alyp ýaşa

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gara tam – Ikinji bölüm
 Täzeje
 Categras [off]
 Düýn, 19:42

– Salawmaleýkim Hally aga! – diýip, Kerem ýüzlendi.
– Oho! Keremjan, barmyň-aý inim? Oňatmy ýagdaýlar?
– Hudaýa şükür. Siz nähili, öý-içeriler gowumy?
– Gowy, gowy oglum! Aýlanmaly-da öýe.
– Agam, işim kän şu günler. Boşaşsam baraýyn-a diýýän.
– Goýsana walla, öňem "geljek-geljek" diýip, şol gidişiň boldy.
— Ýetişip bolanoga – diýip, Kerem alaçsyz gürledi. – Resul nähili, işläp ýörmi sag-aman?
– Hawa, gowu-la. Orsýete gelsin diýýär saňa-da. Hezil diýýär.
– Hany, gaýtjak diýip ýördä ol, gelenokmy indi?
– Ýok, intäk gelmez ol. Özün-ä bir maşyn alypdyr, indem "kaka saňa-da aljak" diýýär. Intäk köp zat etjek diýýär öz-ä.
– Tüweleme, aý bolawersin.
Daşary ýurtlar barada gysga gürrüňdeşlikden soň, Kerem bilen Hally aga sagbollaşdy. Aslynda, Kerem hem Russiýa gitmekçi bolupdy. Ol ýurtda käbir kursdaşlary we obadaş dostlary bardy. Hally aganyň ikinji ogly Resulyň gidenine kän wagt hem bolmandy, ýöne ol ýere gaty tiz öwrenişdi. Şonuň üçin Keremi hem öz ýanyna telim gezek çagyrypdy.
Kerem ulagyna münüp, telefonyndaky sanlara basdy.
– Barýan, geliber senem – diýip, Öwez telefondan jogap berdi.
Kerem ulagyny Mahym gelnejäniň uly ekerançylyk meýdanyna tarap sürdi. Takmynan on minutdan soň Öwez hem geldi. Olar elleşip salamlaşanlaryndan soň, Öwez dillendi:
– Ine-dä, şu ýer. Hanha, hol ýola çenli direýär – diýip, Öwez çep eli bilen uzakdaky ýoly görkezdi.
– Bu tarap näme? – diýip, Kerem kellesi bilen sag taraby yşarat etdi.
– Ol Mekanlaryňky, şu ýoldan başlaýar.
– Ýör hany, göreli – diýdi-de, Kerem öňe tarap ýöräp ugrady. Öwez hem onuň yzyna düşdi.
Öwez gara tenli, horajyk biridi. Gara saçynyň öňi biraz yza daralypdyr, ýöne saçy gaty bolany üçin maňlaýyna tarap gönelip durdy.
Kerem bilen Öwez ep-esli wagt ýerleri aýlandylar. Öwez diňe zeýrenip, birtopar zat gürrüň berýärdi. Soňra olara başga bir kärendeçi goşuldy, onuň ady Kakageldidi. Olar ýoluň gyrasyndaky, beýlekilere garanyňda kiçiräk ekin meýdanynyň ýanynda durdular. Kerem dillendi:
– Öwez, bu ýeriňe iň soňky gezek haçan dökün döküldi, bilýärmiň?
– Ejem-ä "geçen ýyl döküldi" diýýär, ýöne dogrusy, nähili dökülenini anyk bilemok– diýip, Öwez mürşerip jogap berdi.
– Ýeriň şory ýokary galypdyr, dostum. Eger häzir gyssagly suwarmasak we birneme azot goşmasak, eken zadyňy göni ýakar. Bu ýere näme ekmekçi?
– Bugdaý.
– Munyň-a suwy köp bolupdyr, agypdyr-a – diýip, Kerem başga bir ekin meýdanyny görkezdi.
– Şony Parahada näçe gezek aýtdym-da. "Şu gyrasyny gowja edip aýyryp, deňje edip suwaraýmaly-da" diýdim.
Öwez ýene zeýrenip başlady:
– Bu haramzadanyň işgäri düýn ýerime mallaryny salypdyr-a. Ýüzüniň işini görüpdir olam. Aýtdym şu gün, "ýene malyňy salsaň dograryn!" diýdim. Maňa aňsat däl bulara ýetişip durmak.
Hol gün dagy bularyň işgärleri bilen traktorçylar kepbäň ýokarsyna münüpdirler. Nahar bişiripdirler-de ýokaryk çykypdyrlar. Olam gaýdypdyr-a. Barsy alatozan bolup gaýdypdyr ýere – Kakageli kah-kah edip güldi. Öwez sözüni dowam etdirdi:
– Bolman bäş sany bolup münseňiz, kepbe götermez-ä. Ohow diňe Baýlyň özi ýüz elli kil-ä. Şoňa akyllary çatanokda...

****

Keremiň gören düýşi günuzyn ýadyndan çykmady. Her pursatda ony ýatlamajak bolup jan etse-de, şol keşp ýene göz öňüne gelýärdi. Geň galyjylyk bilen seredýän gözler, ýagty otagyň göni ortasynda oturan gyz, ýere ýazylan uzyn gyzyl halylar we iň gorkunjy hem aňňala öwrülen eller... Bular näme boldugyka? Näme üçin beýle düýş gördükä? Kerem çagalygyndan bäri düşnüksiz, gara şekillerden ybarat düýşler görýärdi. Bu düýşler köplenç birsyhly we üýtgewsiz görnüşde bolup geçýärdi. Kämahal bolsa şol şekiller ulalyp, düşnüksiz bir güpürdä öwrülýärdi. Emma bularyň hiç hili manysy ýokdy. Diňe ir bilen turanda Keremiň kellesini agyrdýardy diýäýmeseň, beýle bir erbet täsiri bolmaýardy. Ýöne gije gören düýşi düýbünden başgady. Ilkinji gezek öňki görýänlerinden has gorkunç we açyk-aýdyň bir düýş görüpdi. Üstesine-de, bu düýş gaty anykdy. Göýä ol bir düýş däl-de, hakyky bir hadysa ýaly. Şol sebäpli Kerem gaty geň galýardy we näçe islese-de bu düýşi ýadyndan çykaryp bilenoky.
Kerem agşam öýüne gaýdyp gelýärkä, gyrada bir tüsse gördi we ulagyny şol taraba öwürdi.
– Ohow, kim gelipdir! Gel-gel, hoş geldiň! – diýip, Öwez çişlik bişirip oturan ýerinden gygyrdy. Onuň ýanynda Kakageldi bilen Öweziň iki sany oglan jigisi bardy.
– Hoş gördük – diýip, Kerem jogap berdi.
– Seredä muň bişişine! Şuny iýýäň, soňam "Öwezjan men öň çişlik iýmändirin" diýýäň.
Kerem olar bilen salamlaşdy. Kakageldi Öweziň ýanynda dik durdy.
– Menem seni ýeriňdedir öýdüp otyryn-a – diýip, Kerem Öweze ýüzlendi.
– Äý, Parahat geldi-le ýene. Gideňden soň jaň etdim-ä.
– Onsaň?
– Geldi onsaň. Ýalan sözläp gidenini bilip durdym-a bolman. Iki sany şundan alyp berjek diýseň gelýär ol – diýip, kellesi bilen stoluň üstünde duran araklary görkezdi. – Äý, şonda-da gowy oglan ol. Ýene-de alyp berseň işleýär. Indiden soň Merdan daga pul berip işletmäge ýagdaýym ýok how. Doňuz ýaly güýji bar onuň, men ýalydygyna seretme.  
– Şu wagt hem durman kepbäni arassalap ýör – diýip, Kakageldi ony öwüp gürledi.
– Bärik gelenokmy?
– Çagyrdyk öz-ä, ýöne gelmäýmese.
Öwez çişlikleri soganly we burçly gaba salyp başlady.
– Bar-eý, beýleki gaby hem getir! – diýip, öňünde duran oglanlaryň birine aýtdy.

Kerem öýüne gelip, eýwanda duran telewizory açdy. Aslynda gaty ýadawdy, ýöne ýatasy gelenokdy. Sebäbi şol gören düýşüni ýa-da şoňa meňzeş başga bir gorkunç düýşi ýene görerin öýdüp heder edýärdi. Az salym telewizora tomaşa edenden soň, ýatýan jaýyna geçdi. Krowatyň üstünde oturyp, assarak dem alyp töweregine garanjaklady. Kellesinde ýene birtopar pikirler aýlanýardy.
"Belki düýşümde ýene şol gyzy görerin, belki, ondan hem beter zatlary görerin, gorkunç zatlar bolup geçer, belki-de ol gyz düýşümde topuljak bolar..." Keremiň ýüregi çalt urup başlady. Eger bu düşünjelere köpräk üns berse ukysyny bozardy. Şol sebäpli "näme bolsa bolsun" diýip, ýatmak bilen boldy.

****

Keremiň işdäki ýeri kiçiräk, sada bir otagdy. Çep tarapda Keremiň stoly, sag tarapda bolsa resminalardan we käbir kitaplardan dolup ýatan şkaf bardy. Göni öňde bolsa penjire ýerleşýärdi.
Kerem işlerini tamamlap käbir belliklere gol çekenden soň, ýene-de oýa batdy. Agşam düýşünde ol gyzy görmedi, hatda hiç hili erbet düýş hem görmedi. Muňa bir tarapdan begense-de içi rahatlanokdy.
Gapy açyldy. Geldimyrat içeri girip, elindäki kagyzlary stoluň üstüne taşlady-da, uludan demini alyp, Keremiň öňünde oturdy.
– Eý, bu Toýlyň täze ýeri baradaky resminamalary kelläni iýdi. Sanap otursaň müň sany kemçilik çykýar — diýip, Geldimyrat nägilelik bilen kellesini bulady. Kerem dostuna tarap öwrüldi:
– Şol şäheriň gyrasyndaky täze meýdança baradamy?
– Hawa, şol ýer. Çyzgylar-a tabşyrdyk, ýöne diňe çyzgylar däl-dä.
– Gijikmän tabşyr şonda-da.
Az wagtlyk dymyşlykdan soň, Geldimyrat dillendi:
– Begenje hem aýtdym-aý soňunda.
– Ähä.
– Geň galyp durmady. Öňem birhili bilýän ýaly, ýöne şonda-da erbet boldy.
Geldimyrat ençeme günden bäri işdeşi Begenje, täze tanyşan söýgülsiniň ondan käbir zatlar gizleýändigini aýtjak bolup ýördi. Kerem muňa telim gezek garşy çykypdy. Niýetiň gowy bolsa-da iliň durmuşyna goşulmaly däldigini aýdypdy. Ýöne Geldimyrat beýle häsiýetli däldi. Dogry ýa-da ýalňyş hasaplaýan zatlaryny çekinmän aýdýardy.
– Hiç kimçe ýok bir gyz nebir oglany oýnap ýörmesindä. Läläni tanaýan-a men, ýanymyzda ýaşaýar – diýip, Geldimyrat gatyrganyp gürledi.
– Özi düşünsin-le şonda-da. Özi bilse gowy bolýar.
– Ýaş kelle ol, düşünmeýär.
Ikisi bu barada biraz gürleşenden soň, Kerem bir iş üçin başlyk bilen şähere gitdi.
Gün ýaşyp ugranda Kerem öýüne geldi. Telewizory açyp bir rus habar kanalyna geçirdi. Soň aşhana girip özüne nahar taýýarlap durka, telewizoryň hem sesi eşidilýärdi:
"... Tel Awiwa düşen roketalar, şäheriň käbir ýerlerinde uly ýangyn döretdi. Ysraýylyň Prezidenti bolsa, özüniň ölmändigini subut etjek bolup, dürli ýerlerde wideolar paýlaşmana dowam edýär. Ol paýlaşylan bir wideoda raýatlar bilen salamlaşyp, geljekdäki syýasy üýtgeşmeler barada habar berdi..."
Kerem naharyny iýip bolandan soň telewizora tomaşa etmek üçin eýwana geçdi.

****

Garaňkylyk we manysyz sesler. Düşnüksiz pyşyrdylar. Ýene-de garaňkylyk. Düşnünksiz şekiller.
Birden töwerek ýagtyldy.
Uzyn bir otag. Şol öňki otag. Töwerekde hiç kim ýok. Gyzyl haly. Bu bolmady, ýene öňki ýer. Edil ortarada bir gyz, şol gyz. Özüňi dürse! Oňa seretme, dur... Gowsy seretsene. Güýjüňi jemle! Syn et oňa...
Göni öňe seredýär onuň gözleri. Saňa seredýär. Ýerde otyr, ýaş gyza meňzeýär. Elleri... Elleri kiçiräk aňňal ýaly. Ol aňňalyň reňki-de gyzyň teniniň reňki ýaly. Gözleri... Gyrpman öňe seredýär. Töwerege syn et... Hiç zat ýok. Boş bir otag. Uzyn bir otag. Çyk... Oýan, oýan düýşden...


16

3

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mämet sallah


Siziñ maksadyñyz näme,yokardaky yaly zatlary yazmak bilen?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mämet sallah
mk (Düýn, 23:48)

Mämet sallah


Ýazmak stilimi üýütgetmeli boldum. Geň görmäň bu hili ýazanymy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mämet sallah
Mishel (Düýn, 18:43)

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


oglanlara owadan diýmeli däl görmegeý dimeli , asyl türkmen dilimizde oglanlara owadan diýilenok , umuman oglanlara güýç , batyrgaýlyk , zähmetsö...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Iki tarapyñam özüni bezeýän, gelşikli görkezýän owadanlygy bar. Gyzlaryñky; ahlak, abraý,näziklik,ýuwaş seslilik,mylakatlylyk. Oglanlaryñky; agy...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Biz ynsany iň ajaýyp görnüşde (iň kämil keşpde) ýaratdyk. (Tin suresi 4 nji ayat) Men pikirimche in gowy jogap shulmyka diyyan....dowamy...

Ýene bir gowy degişme


Goşgynyñ awtorynyñ beýleki nikleri Mişel,Categres,Muawiýe......dowamy...

Iň uly sanlar haýsylarka?


Şonça sany otyryp hasaplap sananlar barmyka ýaltanman...dowamy...

Iň uly sanlar haýsylarka?


andisilyon yokmy...dowamy...

Ýene bir gowy degişme


Öýkelejek mena hany men adym :)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýene bir gowy degişme
Minigim (23.03.2026 / 18:56)

Ýene bir gowy degişme


Ine bolaydy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýene bir gowy degişme
Minigim (23.03.2026 / 18:55)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->