“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Söýmek – bu söýýän adamynyň duýgusy bilen ýaşamak diýmekdir... #Alı

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

SÖÝÜÑ GARA GÖZLERIM
 Özümiziňki
 Mawy [off]
 Şugün, 18:08
 Dymmak iñ güýçli sesdir.

Yşkyñ oky ýyldyrym ýaýy älemgoşardyr.
Mejnun bolup dälliräp söýüñ gara gözlerim,
Alla ýeri ýasanda meger yşka düşendir,
Jeýhun bolup dälliräp söýüñ gara gözlerim,.
Söýlüñ gara gözlerim.

Umman söýse möwç urar tolkunlaryn güwleder,
Daglar söýse dumanlap ýylçyr daşyn gülleder.
Asman söýse nagra dartyp dilsiz gögün gürleder,
Gara başy samedip söýüñ gara gözlerim
Söýiüñ gara gözlerim.

Getirmiş Oguz hanyñ yşky Arşyñ peykerni,
Yunus diýip Görogly azdarhany neýledi,
Ýar ýolunda kan aglap Pyragyda nalady
Derýalar deý çyrpynyp söýüñ gözlerim,
Söýlüñ gara gözlerim.

Yşk jadyly ataşdyr, aşyk oña ýanandyr,
Agzyndan ot sowrular geýen geými ýalyndyr,
Söýen ýaryna gowşan gökde ganat ýaýandyr,
Asmanda perwaz urup söýüñ gara gözlerim,
Söýlüñ gara gözlerim.

Söýenim söýmedi bil, söýgüm aýlanyp geçdi,
Söýeni söýmedim men serim aýlanyp geçdi,
Yşkym ýalñyz ýandyryp ýaşym bir çenden geçdi,
Şondada mert är kimin söýüñ gara gözlerim,
Söýlüñ gara gözlerim.

Söýüñ durnaly ýazda, söýüñ altyn güýzlerde,
Bagtyñyz wysal bolsun peri peýker gyzlarda,
Dünýa lälezar bolar, Sapar güllar näzlerde,
Bahar kimin burk urup söýüñ gara gözlerim,
Söýlüñ gara gözlerim.

#Saparmyrat Nyýazow.


9

5

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  "Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 Şugün, 19:12

+1

Gowy goryan gosgularymdan biri. "Ajayyp" kinofilminde bir epizod bolmaly. Jallyň masynyn ustunde tans edyani. Ana sol aydymyn gosgusam Turkmenbasynky.
"Sen ne gudrat sen jadymy dilber,
Goynun senin jennet jayymy dilber
Bagysladyn bagt payymy dilber
Kirpiklerin jana jyza eyledi..."

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

SÖÝÜÑ GARA GÖZLERIM


Gowy goryan gosgularymdan biri. "Ajayyp" kinofilminde bir epizod bolmaly. Jallyň masynyn ustunde tans edyani. Ana sol aydymyn gosgusam Turkmenbas...dowamy...

Kömek


Nämä gerek?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kömek
Maleficent (Şugün, 17:52)

Muny bilmek gyzykly (2)


,"Köýten obasy" nirä degişli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Muny bilmek gyzykly (2)
Orazjan (Şugün, 17:30)

Muny bilmek gyzykly (2)


Köyten obasyndaky tutda 2023 gidemizde bardyk şonda 1000 yaşy bar diydiler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Muny bilmek gyzykly (2)
SerdarG (Şugün, 17:10)

Kömek


#Gudurot_berdili...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kömek
zM (Düýn, 23:25)

Komek soran mowzuk


Bähhh...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Perhatsabirovv (Düýn, 21:00)

Pul we söýgi


Hic zat soyguden rustem dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pul we söýgi
Belki (Düýn, 09:09)

Pul we söýgi


Gowja hekaya tuweleme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pul we söýgi
yurekdesh (04.04.2026 / 23:06)

Pul we söýgi


Täsirli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pul we söýgi
Orazjan (04.04.2026 / 22:49)

Komek soran mowzuk


Menem ýatlajak bar eken. Köpsagbol...dowamy...
Erkin mowzuklar | Komek soran mowzuk
Orazjan (04.04.2026 / 06:13)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->