Ýürekdeş sözler!
Muny bilmek gyzykly (2)
TäzejeAllash [off]
06.04.2026 / 13:18
Uly Balkanyň dag gerişleriniň jülgelerinde we eteklerinde 250 töweregi çeşme bar.
* * *
Hünärmenler 2050-nji ýylda dünýä ilatynyň 9,3 milliard adama ýetmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
* * *
Dünýäniň iň uzyn deňizüsti köprüsi Hytaýda ýerleşýär. 36 kilometr uzynlykdaky bu köpri ýurduň Şanhaý şäherini Ningboi şäheri bilen birleşdirýär. Köprüniň gurluşygy bäş ýyl (2003-2008ý.) dowam edipdir.
* * *
Türkiýäniň Deňizli welaýatynyň Çiwril etrabynyň ýaşaýjylary tigir sürmäni örän gowy görýärler. 65 müň ilatly bu etrapda 30 müňden gowrak tigir bar.
* * *
Bütin dünýäde gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Şolaryň 400-e golaýy naýbaşy türkmen gawunlarynyň görnüşleridir.
* * *
Bütindünýä Gyzyl kitaby 1966-njy ýyla çenli döwürde çatylan kagyzlaryň galyň toplumy şekilinde bolupdyr. Onuň ilkinji görnüşinde süýdemdirijileriň 211 we guşlaryň 312 görnüşiniň ady bar eken.
* * *
Ýer ýüzündäki süýji suwlaryň, takmynan, 97 göterimi ýerasty suwlardan durýar.
* * *
Dünýäde ilkinji haýwanat bagy 15-nji asyrda Awstraliýada açylypdyr.
Köýtendag etrabynyň Köýten obasynda ösüp oturan täsin "Gyzyltut baba" tut agajyň 800-e golaý ýaşy bar. Ýerli ilat ony mukaddes hasaplaýar.
* * *
Pissede 60 göterime çenli ýag we 20 göterime çenli belok bar. Munuň özi azyk senagaty üçin gymmatly çig maldyr.
91 |
15 |
2 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeSerdarG [off]
06.04.2026 / 17:10
+0
Köyten obasyndaky tutda 2023 gidemizde bardyk şonda 1000 yaşy bar diydiler
Bagana [54s] (06.04.2026 / 17:56)
SerdarG, Köýteniň niresinde uly ýaşly tut baraý,menä bilemok
TäzejeSerdarG (06.04.2026 / 18:27)
alleye bar ekeni köyten obasynda şol yerde bar Çynar agajam bar ekeni
Orazjan [off]Sapby soranjaň
06.04.2026 / 17:30
+0
,"Köýten obasy" nirä degişli
TäzejeSerdarG (06.04.2026 / 17:39)
Lebap
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...