Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : GÜLE KÖP SUW BERSEN GURAYA

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Söýgi näme?
 Öwreniji
 ***** [1m]
 09.05.2024 / 21:01

“Söýgi näme?” diýip soradym Taldan.

Ol diýdi: “Söýgimi giderdim goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da, Boýum bar uzyn”.
“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan.
Ol diýdi: “Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabagym gotordy, çürüdi maňzym.
Ondan beýlesinem Özüň bil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: “Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal”.,
“Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşgym.
Ozal dünýäde, men iň uly guşdum”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä.
Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men, men… Ynha, Söýgi men!..”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsam şol ýigide uçardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap.
Ol diýdi, çalaja kellesin yrap.
Diýdi: “Soragy bar, jogap ýok,
Yşka jogap bir başgadyr,
Söýgä bir başga!”


197

27

9

2

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 YekeMen [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 09.05.2024 / 21:06

+0

mlds haladymmm


Öwreniji
*****  (09.05.2024 / 21:07) 

YekeMen,

 Täzeje
 ELa [off]
  #SöYGiDeN PeYDa YoK...GiDiP YaTyÑ
 09.05.2024 / 21:09

+0

Yaman gowy halamadym?

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 09.05.2024 / 21:53

+2

Edebiýatyň edýän işidä, diňe uzalt, diňe ulalt, diňe çeperleşdir, diňe giperbola.)

Söýgi, anyk kesgitlemesi bilen Jelal Şengöriň "yşk näme?" soragyna beren jogabydyr. Bärde paýlaşmaýyn sebäbi gelşikli bolmaz.))

Söýgi – neslimizi dowam etdirmek üçin gerek bolan jynsy gatnaşygyň täsirini ýapmak üçin, bu hadysa "söýgi" diýip owadanlaşdyryp atlandyrylmagyndan ybarat.

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 10.05.2024 / 02:17

+0

Mlds

 Täzeje
 Boniya [off]
 10.05.2024 / 05:32

+0

Hawa söýgi hakda , müňlerçe goşgy, hekaýa, aýdym we ş m ýazylan , näçe sany kino düşürilen.
Şu wagta çenli söýgi diýilýän duýguny diňe adamlar duýýar diýip pikir edýärdiler , soňky wagtda bolsa alymlar maýmynlaram söýüp bilýändiklerini aýdýarlar sebäbini bolsa , maýmynlaryň çagalaryny söýmekliginide, çagalarynyňam ene-atasyna bagly bolup söýýändiklerinde düşündirýärler
Ýöne meniň öz pikirim söýgi biziň aňymyzyň edýän oyuny, yürek bn söýgüni baglanyşdyrýarlar welin , hiç hili baglanşygy ýok yürek gan aýlanşygymyza jogap berýär, esasy söýgi bn baglanyşdyrmaly organ beýnimiz , hemme duýgularymyza beýni jogap berýär.

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 10.05.2024 / 08:52

+0

mena bilmedim söýşüp görmämsoň

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 10.05.2024 / 12:58

+0

@Muawiye, bilen ylalaşýan

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 10.05.2024 / 15:25

+0

Hmm bah

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 12.05.2024 / 01:01

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика