Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “How can I give up on you? I’ve finally found the one.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Arym alan durmuş (hekaýa)
 Öwreniji
 Tm99 [off]
 11.05.2024 / 10:18
 Betinden seretyan gyzjagazlary eretyan

Her ýylyň tomus aýlarynda "Awaza" üçin Balkanabat şäherden bir oglan goňşymyza myhmançylyga gelerdi. Her ýyl üns bermeýärm, ýöne geçen ýyl birhili ünsümi çekýärdi. Gelşikli, syratly, edepli, uzyn boýly, gür gara saçlydy. Öý eýesem synpdaşym bolansoň onuň bilen salamlaşanymda olam öwran-öwran maňa seredip durýardy. Iki günden soň gitdi. Azajygam bolsa, gynanypdym.
Ine, bir gün adaty gün. Işlerimden dynyp internet sahyplarynda gezim edip ýörün. Köpden bäri Begenç atly oglany mowzuklary bilen teswirlerinden göz öňüme alyp öz ýanymdan halaýardym. Şol gün bolsa, tanyşmana pursat boldy. Özümiň Türkmenbaşylygymy aýdanymda bolsa, "Goňşymyzy tanadyp, şony tanaýarmyň?" diýip sorady. Görüp otursam şo-ol myhman oglan eken. Birhili tolgundymam, begendimem. Soňabaka men oňa "Myhman oglan" diýip ýüzlenýärdim. Olam kyn görenakdy. Biri birimiziň üstünden köp degişýädik. Bir gün biz tarapa ÿolunuň düşjekdigini aýtdy. Geljegini eşidenimde begenip uçaýjak boldum. Sebabi azyragam bolsa, ol oglanda göwnüm bardy. Diýilen günem ýetip geldi. Ýone iki gündür ondan habar alamakdym. Geldim diýibem aýtmady. "Dogry näme üçin aýtsyn" diýip, käte öz-özüme gürläp, gynanýanam.
Men öýüň ýeke gyzy, körpeleri. Bir agam bar gelnejemem köplenç işde. Menden soň işden gelýär. Öýde agam oňa " Işleme öýde otur, öýüň işlerini et ejeme kömekleş, jigimden soň işden gelýäň. Jigime işden soň öýüň işleri agyr" diýse-de, diňläberenokdy. " Men höwäs edip okadym, şu käri halap, şu kärde işlemegi çagalykdan arzuw etýänimi bilýäň-ä sen! Maňa öýde otur diýme" diýip, günaşa günden dawa bolýardy.
Agamyň gözünde gelnejemi beter garalamajak bolup, işden ir çykyp bilsem, ylgap gelýärdim. Naharam, öýem wagtynda taýyn etÿärdim. Şol günem işden ir çykdym. Öýe-de ir geldim. Gelibem nahar, şoruň ugruna çykdym. Jigilerimem gapdalymdan asylşyp "Ol, bu" diýip, gümeýärdiler. Telefony açyp görmäne asyl-ha elim ýetmedi.
Agşamam howa, ýel-tozan bolansoň, howlyň çöp-çalamam artypdyr. Daşaryk çykyp bir gyrada duran süpürgä elim uzaltdym welin, goňşa Begenje meňzeş bir oglanyň girenin gördüm. Içimden "Ýa Begenç geläýdimi-kä?! Aý, ýok gelen bolsa hökman aýdardy. Merdandyrlaý, şolam Begenje meňzäp dura" diýip, pikirlendim.
Merdan meniñ synpdaşym, bir mekdepde bile okap, bir partany bile böleşdik. Maňa köplenç Lälejan diýerdi. Agam ýok wagtam "Lälem" diýip, ýüzlenerdi.
Howlyny süpürip ýören wagtym, Merdan gapydan çykdy. Daş-töwerege garanjaňlap birden maňa gözi düşdi:
-Oh-ho, Lälejan. Daşaryny süpürýäňmi?!
+Howwa burnysumak. Kömekleşmäne geldiňmi?!
-Diýme maňa burnysumak. Çagakam bolaýypdyryn inni däl-ä. Aýý howwa. Aslynda Läläme biziňem gapyny süpürip göýber-ä diýjekdim.
+Bäý-bä başga arzuw-isleg?!
-Sen şony et, galany işi soň aýdaryn
+Aýu, gaýtam gel lakgy-lukgyny azaltda şu sekini süýşüriş!
-Aý meniň muňa ýekeözüm, güýjüm ýetmez. Garaş häzir. "Begenç, hew Begenç" diÿip, öýe tarap gygyrdy.
Tolgunyp, aljyrap başladym. "Begenç gelipdir" diýip, içimden zol-zol gaýtalaýardym.
Gapydan Begenç çykdy. Meni görmändi. Merdan ýagdaýy aýdanda, göni maňa seretdi. Ýylgyryp habar atanyna garaşýardym. Ýok! gaýtam meni görup gaşy çytyldy. Merdanyň sözün ýykmajak bolup, kömekleşmäne geldi. Sekini süýşürdiler. Merdanyň üsti-başy hapalandy. "Gitme häzir, ýene yzyna süýşürmeli" diýsemem, "Arassalap geleýin" diýip, gitdi.
Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur...

Dowamy bar.

Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)


159

13

5

2

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Guljagaz [off]
  Gezyan erkime seredemok herkime
 11.05.2024 / 10:22

+0

Brawo

 Täzeje
 ELa [off]
  #SöYGiDeN PeYDa YoK...GiDiP YaTyÑ
 11.05.2024 / 11:32

-1

Dowamy bar dip suwyny chykaryp yazyañay senem?


Öwreniji
Tm99  (11.05.2024 / 12:35) 

ELa,
Yurekdeşde 8 bolmi goydum jemleyji bölmini soň goyjk şondan oka gowja ekeni


Öwreniji
Tm99  (11.05.2024 / 12:56) 

ELa,
Yeketakde diyjkdm

 Täzeje
 Jelaletdin [off]
  Trust Yourself
 11.05.2024 / 13:19

+0

Xyivenia bu sayta girenokmy?


Özümiziňki
Perhat_Sabirovv  (11.05.2024 / 14:15) 

Jelaletdin, Girýä


Täzeje
Luckyboy  (11.05.2024 / 15:45) 

Perhat_Sabirovv, haysy nik?

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 11.05.2024 / 14:57

+0

Mlds gowy eken

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 12.05.2024 / 01:09

+0

Tasirli

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика