Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aymelek : durmuşda gyzlar hiçkime ynanmaň biri bilen gepleşyanizmi soygilinizin yanyna joranyzy eltman sebabi joran senin soygini alar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

AKJA PIŞIK
Premium
 BAYOGUL [on]
 11.05.2024 / 20:18
 Yurekdesh.ru

Bu gardan-da aşa ak,
Gel, öýe gir, daşda galyp üşäýme!
..Aramyzda akja bolup ýaşamak,
Bilmedim-dä, saňa ýeňil düşäýse?

Belki, gara ýokmaz.
Öýüňden örüp,
Bimahal ykmasaň, gezmeseň kän bir.
...Saňa—içi-daşy ala bu görip,
Goňşy pişikleriň gözi gidýändir...

Seret, it janawer ýaz-u-gyşyna,
Daňylgy dur! Sen birje gün çydarmyň?
...Ol ähli azaryn öz it durmuşnyň,
Boşanaýsa, bir özüňden çykardy...

Gör, ýene-de gitdiň etmän diýenmi,
Saňa bu baknalyk düşýärmi ýa kyn?
..Seniň erkin hem öte özdiýenli
Häsiýetiň meniň hem ruhuma ýakyn...

Özelenme “uly” diýip, özgeler,
Sen hem ynha, bir gün... sygmarsyň howla.
...Bu mymyjak günler öter, özgerer—
Wagty tutup bolmaz syçan dek, kowlap...

Merdi-namartjaňyz barmy siziň-de?
Nadip tanaýaňyz oňatmy, betpäl?
...Meň-ä her ädimim iliň gözünde,
Etjegiňi edip, gömer ýaly däl...

Ýadymda däl, okadymmy bir ýerden,
Ýa gürrüň berdimi maňa bir kişi?
“Eýesiniň ähli yza-derdini,
Özüne alýarmyş mähirli pişik...”

Her gün meni oýarmagy öwrendiň,
Säherler süýkenip, gelip ýanyma.
...Haýyş edýän, maňa beýle höwrügme,
Bir derdeser salaýmaýyn janyňa...

Lukma diläp, durma bizi gyssabam,
Hurş edinýäs bellije bir wagtda.
...Wah, pişigi bolan bolsaň gassabyň,
Dokja bordyň... Diýmek, juda bagtly...

..Özüň ýaly bu syrgynda ýokdur-la,
Ak zatlara köpüň syny gidýändir.
...Saňa munda birje gara ýokdurman,
Ýaşap ýörmekligi arzuw edýärin...


127

6

0

2

1

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика