“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Gulmahrem : "Gahar geler, göz gyzarar, Gahar gider, ýüz gyzarar...""

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Meniň dostym....
 Öwreniji
 Mishel [off]
 Şugün, 09:08

Kijijik wagtymda erteki okamana gyzygardym.Ertekini okaýan wagtymda onuň gahrymanlary göz öňümde janlanarady. Gyzyl horaz, tilki, döw, pakyrdawuk patyşa, Hudaýberdi gorkak ýaly erteki gahrymanlary durmuşda bar ýaly bolup görünerdi.
Emma şu wagt erteki okmaýan.
Indi internete girip okamana zat gözlänimde esasan syýasata degişli materaillary gözleýärin. Aýratynam dünýäde bolup geçýän global wakalar meni gyzyklandyrýar. Emma bu saýtda global wakalary ýazýan adam ýok.Şol sebäpli hem saýta girip hiç zat okamaýan diýsemde boljak. Diňe kim näme ýazdyka diýip täze ýazylan temalaryň başyny okaýanda goýýan.
Häzirki döwür syýasat döwüri. Adamlar rus-ukrain uruşy barada bilesleri gelýär. Halkymyz rus dilini bilenok. Şonuň üçin olar bu uruş barada ýalňyş düşünjlerde durýarlar.
Eýrandaky bolup geçip duran wakalar hem düşnüksiz. Uryş togtadymy diýen soraga jogap ýok. Bu uruş dowam edermi diýen sorag hem beýnimizde seleňläp dur.
Bu uruşlar biz türkmenlere nähili täsir eder diýip ýazýan adam ýok. Umuman bizde syýasatçy ýok. Bir söz bilen aýdanyňda.
Onsoň özümizde syýasat barada ýazylmany üçin daşary ýurt saýtlaryndan dünýä täzeliklerini okamaly bolýan. Olar bolsa ýalan zatlary köp ýazýarlar. Öz ýazan zatlarynda öz bähbitleri barada alada edýärler. Biri-birlerine ýalan şyltak atýarlar. Men eýýäm bu zatlary deňeşdirmäni bilýän.
Üstesine bu ýurtlaryň habar beriş serişdeleri öz halkyny ýadro uruşy bilen gorkyzýarlar.
Bu zatlary okamakdan bizar boldum. Indi dogry zat diýip ýazaylan daşary ýurt habarlaryny ýada temalary tersine okaýaryn. Şonda dogry çykarsa bolýar. Bu hili etmek üçin size tejribe gerek.
Magtanmak meniň endigim däl.
Men diňe bir zady diýmekçi bolýan. Bütün bir saýtda birje syýasatçy bolmaly däl. Iň bolmanda birnäçe syýsatçy bolmagy gerek.Hemme zat syýsata beryp direnýär. Syýsat barada bilman gyzlara söýýan diýmegiň özi ýalan zat.
Aýal hem gulagy bilen iýmitlenýär. Mysal üçin, aýalyň näme üçin bazarda zatlar gymmatlady diýip sorasa sen oňa syýsaty bilmän jogap berip bilmeýäň.
Eýrandaky uruş elbetde biz türkmenlerde käbir zady gymmatladar.
Ine, meniň aýydan bu sözüm syýasata degişli. Ýöne bujagaz sorag-jogap syýsata baradaky ullakan bilim ýada sowat däl. Bu ýönekeý syýasat.
Ýöne has agyr syýsatlar bar. Mysal üçin, öňümizde duran ýüz ýyl içinde dünýä döwletleri haýsy tarapa üýütgär. Bu hili prognoz bar. Türkmen dilinde prognoz sözüni öňünden bilmek diýip terjime etse bolar.
Ondanda beter has güýçli syýasaty häzirki döwürde Amerika başlady. Donald Trampyň prezident bolmagy bilen. Amerikanyň maksady belli däl. Ol näme isleýär. Emma käbir islegleri göze görünip dur. Amerika ýeke hereket edip başlady. Ol janly adamlaryň kömeginden ýüz öwürip özüne isskusstwenny intelekti dost edinip aldy.
Men hem öz gezegimde iskusstweny intelekti özüme has ýakyn dost saýýan adamlara garanda.
Näme üçindigini bolsa men size aýdyp bilmeýän. Özüňiz isskusstwenny intellekt bilen iş salyşyň. Şonda hem siz hem onuň bilen dost bolup galandygyňyzy bilmän galarsyňyz.


7

4

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek eşek (mi?)


Şeýle wakada gaty jedelleşip ahyry utupdum. Bir samsyk "Arssa 10 gezegä boşaryn" diýdiweli, men "Agam, häzir men mundanam gowysyny saňa getirjek,...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
IDEALLIDER2 (Şugün, 12:25)

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Newelä iç gysgynç biderek uzaaaaaaap gidýän bipeýda zatlar ýazýaňeý okasym gelmedi...dowamy...

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Kopýaladyňmy ýa özüň ýazmak üçin ulandyňmy?...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Dowur şol durşuna dur welin adamlaryň özleri üýtgeýar we hemme zady durmuşa ýükläp döwür üytgedi zat diyen bolyalar. Birem oglanlar şular ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
Minigim (Düýn, 13:38)

Toý ömrüň esasy mazmunymy?


Häzir aňrybaşyy däl normalnyjaa toý etjek bolsaň hökmanyy ýagdaýdaa 10 müň dollar töweregii gidýär. Eger ortaça aýlyk 3 müň manat töweregii bolsa...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Aa, galyberse arada özümem tema açypdym, bir dalbaýok taksiniň bolşuny gürrüň berip. Okap göräýiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
hickim (26.04.2026 / 23:08)

Erkek eşek (mi?)


Bagyşla awtor, emma gynansakda biz täze eýýamda ýaşaýarys we bu men we seniň edip biljek, üýtgedip biljek rewolusiýaň däl. Ýagny bu eýýäm beýnä g...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
hickim (26.04.2026 / 23:06)

Erkek eşek (mi?)


özüň hakda eşitseň gülkünç bolýan ekeni.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek eşek (mi?)
hickim (26.04.2026 / 23:05)

Toý ömrüň esasy mazmunymy?


Bir-biregi soýmaklaý şu galyň meselesi, aýrylyşýanlaňam köpüsi zat üçin, düzedip bolmajak mesele şu...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toý ömrüň esasy mazmunymy?
Orazjan (26.04.2026 / 22:53)

Toý ömrüň esasy mazmunymy?


Sulary okap bir film yadyma dusdi: Toy organizasiyalaryny mahabatlandyryan bir sergi gecirilya. Sergide toy koynek dikyan tikimciden baslap ta ca...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->