“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Anora : Durmuş şeýle bir işleri başa salýar, ýagny iň uly ýalňyşyň arkasynda unudulmajak bagt bar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Toý ömrüň esasy mazmunymy?
 Täzeje
 Saparow [off]
 26.04.2026 / 21:21

TOÝ ÖMRÜŇ ESASY MAZMUNYMY? ŞOŇ UGRUNDA ÖMRÜNI SARP EDÝÄNLERIŇ KYSSASY

"Durmuşy kyssalarda" adamlaryň dabaraly toý tutmak üçin nämeleri elden gidirýändigi hakynda okaň!

Toý adam saglygyny pida eder derejede möhüm dessur däl

Marhabo 21 ýaş, Samarkant:

– Doganymy 1 ýyl mundan öň adagladyk. Şol günden bäri öýümizde diňe toýyň nähili geçmelidigi, haýsy bagyşlary çagyrmalydy hakyndaky meseleler gürleşilýär. Men okuw tölegimi talyp kreditinden töledim, häzir mümkinçiligimiz ýokdugyny aýdyp, jigimem goşmaça okuw sapaklaryndan aýyrdylar. Jigim örän zehinli çaga, muňa gaty gynandy. Ýakynda toý tutmaly. Maşgalamyzda kakam, ejem, agam işleýär. Men talyp bolsamam işleýän, ýöne gazanjym kän däl, gazanýanym özümden artanok.
Meni aladalandyrýan zat başga– ýakynda lukmanlar ejemiň döşünde rak hassalygynyň alamatlary bardygyny aýtdylar. Gijä galdyrman bejergi almana başlamaly, soňra giç bolmagy mümkin eken. Ýöne toýyň çykdajylary sebäpli ejem ýüzleý bejergi almakdan aňry geçenok. Mejburlasagam "Gudalaryň öňünde ýüzügara bolarys" diýip özüni köseýär. Içmeli däri-dermanlaryny almasa almaýar, ýöne şu yssyda her hepde serpaý almak üçin bazara ylgaýar. Nädip düşündirjegimizi bilemizok. Kakam bilen agamam her dürli ýol bilen düşündirmäge synanyşdy, soňy göz ýaş, "men bir gezek toý tutýan, hemmeler nähili toý ederka diýip seredip durlar. Bejergi gaçyp baranok. Meň has beterleşmegimi islemeseňiz öz günüme goýuň" diýýär. Agam öýlenýändigine müň puşman etdi. Ýöne ejeme bir zat diýmäge bogny ysanok.
Toý tutýandygymyz üçin hemme çykdajylary iň az derejä düşürdik, aýtsam ynanmarsyňyz, hatda iýip-içgidenem gysdyk. Ýöne gudalar bilen ýekeje dessuram sypdyramyzok. Meselem her haýytda, baýramçylyklarda-da dabaraly myhmançylyga çagyrmalar, "öý görkezmegiň" çykdajylaryna hiç zat tygşytlananok. Her dürli naharlar, süýjilikler, serpaýlar. Bularam ýetmeýän ýaly häzir biz tarapda serpaýyň ýanyna bir tylla goşup bermek däp bolupdyr.

Ene-atamyň göwnündäki ýaly toý tutmak üçin azyndan ýene üç ýyl işlemeli bolaryn

Mirzohid 31 ýaş, Horezm:

– Ýaşym otuz bir, dokuz ýyldan bäri daşary ýurtda gurluşykda işleýän. Maşgalada ýeke ogul, ata-enemiň isleg-arzuwlary kän. Şu wagta çenli işläp, aýal doganymy we jigimi durmuşa çykardym. Gelen wagtlarymda bu ýerde gazanjym erbet däldi, gazanjymy jemlesem ep-esli pul bolýardy. Jigimi durmuşa çykaranymyzda mebeli giýewiň özi aldy. Ýöne şoňa görä jogap bermesek uýada galarys diýip stol-stullary artykmajy bilen ugratdyk.
Indi gezek meňki, ýöne dogrusy Özbegistana baryp öýlenesim gelenok. Sebäbi muň üçin häzir mümkinçiligim ýok, bärde-de işim öňküsi ýaly däl. Meň içimi ýakýan zat meň üç ýylda gara dere batyp ýygnan pulumyň ýeke toý üçin sarp edilmegi.
Galyň puly, toýyň çykdajylarynada esli gidýän eken. Dabaraly toý hökman däldigini aýtsam kakam "men il-güniň toýuna gatnaşyp iýdim-içdim, indi özüm şonlardan gaçmalymy" diýip öýkeledi.
Ýöne olaryň isleýşi ýaly toý etmegim üçin ýene azyndan üç ýyl işlemeli bolaryn.
Pandemiýa döwründe toýlar kiçijik tutuldy, muňa hemme öwrenişdi indi şoň ýaly bolar diýip oýladym. Ýok, hemmelerde düşünje düýtgemändir.

Gymmat haly bermedi diýip aýtsalaram hiç zat bolmazdy

Nasir aga 57 ýaş, Daşkent:

– Üç perzendim bar. Bir gyzymy durmuşa çykaranyma iki ýyl boldy. Dogrusy uly gyzymy durmuşa çykaranymda alan karzlarymy entek üzüp bolmandym. Mebel berip bilmedik iň bolmanda haly, perde ýaly zatlaryň gowusyndan alyp bereli diýipdiris. Bu aýallar oýlap tapyberýän eken şoň ýaly zatlary.
Arada oglumyň halaşýan gyzyny başga birine bermekçi bolýandyklaryny eşidip oňam toýuna başladyk. Alty aý öň toý tutupdym. Ýene ep-esli bergä batdym. Garyndaşlar kömek etdi, heniz kän gazanmasada, oglumam işleýär. Özüm hökümet işinde, daşyndan işlemesem bolmaýar diýip "arenda" maşyn aldym – kireý edýän. Hemä maşynyň kireýini, hemem bergileri bermek üçin gije gündiz işlemesem bolanok. Käwagt kiçiräk toý etsem bolmazdymy diýip öz-özüme gaharlanýan. Aýalym başgalaryň toýuny aýdyp höwes edende, göz ýaş dökende, men göwni ýukalyk edäýipdirin. Şonda berkiräk durmaly ekenim.

Gelinsalam diýen "haryt alyş-çalyş" dessurynyň özünde göwnedegişlik başlady

Sahyba daýza, 46 ýaş, Daşkent welaýaty:

–Ýeke özüm üç gyzy ulaltdym. Oglumyz bolmandygy üçin ýoldaşym bilen aýrylyşdyk. Şu gyzlarymyň ýüzi gyzarmasyn, hiç kimden kem bolmasyn diýip çagalygyndan bukja ýygýan. Öňräk uly gyzymy durmuşa çykardym. Guda tarap mebelem bize aldyrdy. Alaçsyz kredit alyp, hemme aýdan zatlaryny artykmajy bilen alyp berdim.
Gudamyzyň garyndaşlaryna gowy serpaýlar almandygymyz üçin, birinji günüň özünde, gelinsalam diýen "haryt alyş-çalyş" dessurynda göwnedegişlik döredi.
Ýazgyt eken, gyzym göwreli halyna aýrylyşdy. Häzir öýümde. Aýma-aý alan mebellerimiz bilen enjamlarymyzyň kreditini töleýäs. Ýapan serpaýlarym, mebellerim öýümde ulanylman ýatyr. Şolary ýygýançam gyzymy okatsam boljak eken, indi ökünýän. Indi çagasy bilen nädip gün görerka? Kredit üzjek diýip beýleki gyzlarymam okadyp bilemok.

Taýýarlan: Gülmire DAŞNYÝAZOWA
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI


69

16

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 26.04.2026 / 22:12

+0

Sulary okap bir film yadyma dusdi: Toy organizasiyalaryny mahabatlandyryan bir sergi gecirilya. Sergide toy koynek dikyan tikimciden baslap ta cakylyk tayyarlayana cenli oz harytlaryny mahabatlandyrya. Olar toyun ynsan omrunde bir gezek boljagyny nygtap in uly cykdajylary etmelidigini aydyarlar. Sol yerde bir oglan bolsa oz yazan kitaby bilen sergide cykys edyar. Ol toyy az cykdajy bilenem sowup boljagyny nygtayar...garaz yzy uzak gurrun. Filmin in sonunda toy aladasyndan yadan iki sany juwan gacyp durmus guryarlar...

 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 26.04.2026 / 22:53

+0

Bir-biregi soýmaklaý şu galyň meselesi, aýrylyşýanlaňam köpüsi zat üçin, düzedip bolmajak mesele şu

 Täzeje
 Resul [off]
 26.04.2026 / 23:41

+0

Häzir aňrybaşyy däl normalnyjaa toý etjek bolsaň hökmanyy ýagdaýdaa 10 müň dollar töweregii gidýär. Eger ortaça aýlyk 3 müň manat töweregii bolsaa (150 dollar) 10 000 / 150 (deňdirii tapmadym klawituradan) 66 aý ýa-daa 5.5 ýyl hiç zat sogman işlemelii bolýar.


Gerekli
Dreamfull  (01.05.2026 / 17:06) 

Resul, Esasy mazmuny dal yone her kim ile gosulmak isleya..Herkimde herhili bolup biler.Edil ozma,esassyz diyp bilyan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pul gazandyrýan saýtlar


Freecash su sayt in gowysy diyya jipiti daýy...dowamy...
Internetde pul işlemek | Pul gazandyrýan saýtlar
ДжекМа (Şugün, 08:31)

Pul gazandyrýan saýtlar


Näme ishläp pul gazanylýa saýtda shono düshünemok men...dowamy...

Pul gazandyrýan saýtlar


Bizde mümkinçilik ýok. Ýaňy özümize mümkinçilik döredip başlaýasam welin saýty ýapmaga mejbur edýärler. Ýogsa türkmen webmasterlerem dünýä ýüzüne...dowamy...

Bir käse süýt


Emeli an bilen liboy zady edip bolyar indi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Anima (Düýn, 08:31)

Duzak / gysga hekaýalar


Terjime gaty gowy däl, bökdeýän ýerleri kän. Ýöne hekaýalar juda manyly, ajaýyp....dowamy...
Erkin mowzuklar | Duzak / gysga hekaýalar
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:11)

Durmuş diýmek näme


Pandajyk hem şular ýaly gowy setirler ýazyp bilýärmi? Like....dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş diýmek näme
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:06)

Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.


Haladym, duýgylandyrdy. Şular ýaly durmuşdan duýgyly setirleri okamagy halaýan, paýlaşanyň üçin minnetdar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:03)

Bir käse süýt


— Size näçe bergi boldum? — diýip soraýar. Täsin gepleşýän ekenaý. ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Fantom (13.05.2026 / 15:38)

Tötänlikmi ýa-da Takdyr?


Eöw näme ökjäňiz bilen pikirlenýäňizmaý. Nämesi geň taň mynyň. Eger olar kiçilikden bir şäherde ýaşan bolsa we Disney şol döwürde iň uly atraks...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tötänlikmi ýa-da Takdyr?
Basmacy (13.05.2026 / 15:07)

Çäre bamy?


Çäre barmy dälde, çäre bolarmy diýseň gowy gabat gelerdi....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Çäre bamy?
AyJennet (13.05.2026 / 09:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->