“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Garyplyk iň gorkunç ölüm ýalydyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Erkek eşek (mi?)
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 26.04.2026 / 22:59
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Biz erkekleriň öte geçýän ýerlerimiz kän. Belki häzir şu ýerde jynsymyza şuny ýöňkemek dogry däl bolmagam mümkin. Içimizde beýle halat bilen ýüzbe-ýüz bolmadyklar hem bardyr. Ýöne, meň ýaşaýan, içinde gezýän jemgyýetimiň köp böleginiň (işimiň, doslarymyň, tanyşlarymyň) agramly kysmy häzirki aýtjak bolýan "öte geçmeklik" bilen ýyllaryň synagyndan geçen... Menem bir ýerde bir zat görsem derrew ýazga geçirip ýöremok. Şonuň üçin gybat we nedawolnstwa bolmazlygy üçin, tutuşlygyna biziň jynsymyza däl-de, aýratyn maňa ýöňkäp bilersiňiz igenç we närazylygyňyzy...


Umuman...
Wakany gürrüň bereýin, yzyndan analiz ederis...

Özüňiz bilýäňiz, işde işsizräk wagtyň üýşülýä, çaýlaşylýa, gürrüňiň özi pesden belende galyp gidýä, garaz, işden başga hemme zadyň gürrüňi edilýär)

Täze gelen işgärimiz bardy. Deňi-duş oglan. Biziň işimiz gelim-gidimli edara bolonsoň gyz-gelin hem az däl. Ýaşy bar, garrysy bar, inçesi bar, ýogyny bar. Onsaň, ýaňky ýaly üýşülip otyrka, biziň ýüzümiz bakýan tarapdan bir gelin ýa gyz geçip gidäýse, şol wagtam ýanyňdaky gelin-gyza gowşagraklaň biri görüp ýetişäýse, boldy onsaň..
- planyjan barýa anha, çaýkap, bulap..
Ýene biri:
- aýagynyň ak ýeri görünip gidýär...
Başgasy:
- bor diýse, heleýimi kowup şuny aljak..
Ýene başgasy beýlekisine:
- bir sutga eliňe düşse nädersiň?
Başdaky gepe başlan:
- ee şuňa gowy gezenok diýdiler...
Ýanyndaky:
- garny ulalypdyrmy ýa köýnegi giňmaý?

Garaz, uzaltsaň uzaldyp oturmaly.. (dogrumy aýdaýyn özümde beýle häsiýet ýok). Köpüňiz eýýäm näme diýiljek bolýanyna düşünen bolmagyňyz mümkin..

Ýokarda aýdyşym ýaly, täze gelen işgärimiz hem biz bilen oturansoň, her oglan gürlände, görgülijik ýygrylyp ýere giräýjek bolýa. Akazytsa şo yzyndan 'gowy' sözler aýdylýan gyzy halap ýören bolsa nätjek. Men ony öňem syzýadym, ýöne üns beremokdym..

Ine hakyky mowzugyň düýp manysyna geldik. Öte geçýäs diýýänim ine şu ýerde. Hiç bir gyzyňam oglanlar tarapyndan özüne aýdylan ýakymly ýa ýakymsyz gürrüňden çetde galan däldir welin, ýöne çyndanam käwagt öte geçilýär.

Ýokardaky wakanyň içinde, biz bilýän däldiris şol gyzada hyrydaryň barlygyny, belki şol 'hyrydaryň' biziň ýanymyzda oturanyny, ol oglan üçin häzir içinde "wulkan" çogup gaýnaýanyny... Gowy niýet bilen göz astyna alyp, synlap ýören gyzyna bu gün biz 1 minutda puja çykarýanlygymyzdan habarymyz ýok.

Göz öňüne getiriň, şol oglanyň ýerine özüňizi goýup görüň, çyndanam gaty 'abidno'. Hemme beýigi, pesini dile alynyp oturylan gyzyň ýanyna nädip barjak indi. Baraýsaňam, oglanlaň ýanynda nädip ýüzüňi galdyryp gezjek. Eger söýgülim hasap edeýin diýseň, eýýäm 'söýgüliň' hakynda hemme zady eştdiň.

Şonuň üçin biz oglanlar käwagt gaty samsyk bolýas.


Şu ýagdaý käwagt özümde-de bolýar. Köpçülikde (bazarda, toýda we.şm) duransyň welin, ne gözel gyz maşgala geçip barýarka, içiňden 'allanäme gyz ekeni' diýip diýmänkäň, golaýyňdaky 2 sany ýoknasyz eýýäm 'gowy' sözler (bökdüräýseň, çapdyraýsaň) ýollap ýetişýär.. bolanja işdäň kesilýär onsaň...


131

33

6

8

0

0

2
Teswirler:
 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 26.04.2026 / 23:05

+0

özüň hakda eşitseň gülkünç bolýan ekeni..


Özümiziňki
Basmacy  (26.04.2026 / 23:05) 

hickim, 😀😀😀

 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 26.04.2026 / 23:06

+0

Bagyşla awtor, emma gynansakda biz täze eýýamda ýaşaýarys we bu men we seniň edip biljek, üýtgedip biljek rewolusiýaň däl. Ýagny bu eýýäm beýnä guýulan zat, ony diňe görelde bilen ýeňmek mümkin. Ýokarda degişme üçin ýazdym, ýalňyş düşünmäň...


Özümiziňki
Basmacy  (26.04.2026 / 23:12) 

hickim,

Dünýän bu künjeginde bir erkek öz ahwalyny hakykat bilen gürrüň berse, dünýäniň beýleki künjegindäki erkek şoňa düşüner.
Emma iki sany zenan maşgala bir diwanda oturup düşünişmezligi mümkin.
Diýjek bolýanym hemme ERKEKLEŇ sesi bir çykýar)))

Bu ýerde-de normal erkekleň içindäki "ýabany" duýgularyň jemlenmesi beýan edilen. Maňa nämä gerek ony owadanlajak bolmak. Okan adam srazu düşünýär....)))

Bärde Basmaçy terbiýäni bozjak bolonok ýada erbet zad-a ündänok.

Oka we şe


Özümiziňki
Basmacy  (26.04.2026 / 23:14) 

hickim, (teswir doly ýazylmandyr)

Oka we şeýle bolmaly däldigini bil. Wsyoo

🙂

 Öwreniji
 hickim [off]
  Dereksiz ynsan...
 26.04.2026 / 23:08

+0

Aa, galyberse arada özümem tema açypdym, bir dalbaýok taksiniň bolşuny gürrüň berip. Okap göräýiň


Özümiziňki
Basmacy  (26.04.2026 / 23:12) 

hickim, men ony okadym. Men oňa başgaçarak jogap ýazjak bolup, şol durşuna ýatdan çykyp galypdyr

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 27.04.2026 / 13:38

+1

Dowur şol durşuna dur welin adamlaryň özleri üýtgeýar we hemme zady durmuşa ýükläp döwür üytgedi zat diyen bolyalar.

Birem oglanlar şular ýaly söz diýmekäler ilki pikirlenmeli özleriňem eje, dogan, jigileri bar. Ata babalarymyz diýipdirlera "Ody ilki özüňe bas ýokmasa kesekä"

 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 28.04.2026 / 12:25

+0

Şeýle wakada gaty jedelleşip ahyry utupdum. Bir samsyk "Arssa 10 gezegä boşaryn" diýdiweli, men "Agam, häzir men mundanam gowysyny saňa getirjek, laýyk 5 gezek boşasaň 1000manat tölejek, emma bäşe ýetmeseň sen tölarsiň" diýdimweli, çynyrgajagymy bilip nädersiň öz ejizligini boýun alyp "Üç aljagymy bilýän" diýip tüýküligini özi ýalanyny:))

 Täzeje
 zM [off]
  sallanchakdan gachan
 28.04.2026 / 17:47

+0

Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň..

Bendäň çagasy.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

God of War: Ghost of Sparta oýuny barada


Hemme platformada jemi 8 seriýasydagy bar öýdýän. Hatda nokia knopka telefonlardada bir setiýasy bolmaly...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe...


Ýüregim boldaý bu tema...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe


Aý, howwa, dogry...dowamy...

Sözler


Süper :dovolen:...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
Orazjan (Düýn, 07:27)

Sözler


Otyran yerinde el gysyp salamlashsan name bolyarka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler
MG8 (11.06.2026 / 23:30)

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe


Bilmedim oza birhilirak...dowamy...

Ahwal


Ay bolya yazybersene islendik ishde kop synanyshmalar kamilleshdiryar diyyarler... (tanaman bir zatlar diyaydimem)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ahwal
MG8 (11.06.2026 / 20:08)

Durmuş romany


duygular, "Ýürekde müň bir roman bar, kagyzda bolsa hiç zat ýok"... (... kop komentarya yazjakdym emma pikirler dagap gitdi,)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş romany
MG8 (11.06.2026 / 20:04)

Ýyldyza öwrülen gyzjagaz /hekaýa


mydama fantastica tragic gynandyrmalary garyp yazmak bilen hakykatdan uzak dushyan awtorlaryn maksady nameka? -okyjyny gynandyryp ozine cekmekmi...dowamy...

Nobatguly Rejebowdan


Nobatguly mollumy yatlanalara÷÷÷÷...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->