Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Ey aşk, neredesin şimdi? Sen de mi terk ettin beni?Ne hata ettiysem affet....

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Merhumlaryň syryny açan gijesi.
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
 12.05.2024 / 20:55
 Øzime_dønein?

Wepa işden ir geldi. Gelni Sähragül entek işinden gelmändir. Biraz oturandan soň Wepa Sähragüliň telefonyna jaň etdi, owadan sesli zenan Wepanyň aýlan belgisiniň öçükdigini, ýene bir azdan jaň edip görmegini aýtdy. Wepa aşhana girip kartoşka arassalamaga başlady, soňra sogan arassalady, soň et dograp ýene gelnine garaşdy. Daşardada güýçli ýagyş ýagyp başlady. Ahyryn Wepa nahar bişirip başlady. Nahary taýýar bolansoň, ýeke özi oturyp naharlandy. Emma Sähragül gelmedi. Wepa aladalanyp tanyş-bilişlerine jaň edip gelnini sorap başlady.Edil şol wagtam gapy açylyp,süllimbaý bolup ezilen Sähragül içerik girdi. Wepa ondan "Nirede bolduň?" diýip soramasada,"Joramyňkyda oturyp eglenip galypdyry.Telefonymam öçüp galypdyr" diýdi.Oturyp bile täzeden çaý-nahar edindiler...
Sowukda ýagyşa ezileni üçinmi ýa başga sebäpdenmi, şol günden soň Sähragül keselläp üç günläp düşekden galyp bilmän ýatdy. Dördünji gün irden bolsa jan berdi...
Sähragüliň üçi sowulan gijesi,Wepa bir özi öýünde otyrdy. Daşarda bolsa dynman güýçli ýagyş ýagýardy. Wepanyň göwnünine bolmasa beýleki otagda Sähragül bar ýaly boldy."Sähra...Sähra sen nirede?!..." diýip gygyrdy. Birdenem içinden "Sähragül öldi ahyryn...Birden ölmedik bolsa...Onda ol bir özi gonamçylykda gorkup oturandyr...sowukda, ýagyşyň aşagynda üşeýändir... Men Sähragüli alyp gaýdaýyn" diýip oýlandyda daşaryk çykdy. Sowukda,ýagyşyň aşagynda ýöremek kynam bolsa çalt-çalt ädimläp gonamçylyga tarap ugrady...
Ine-de gonamçylyk. Ol daşyndan gorkunç görünýärdi...
Gonamçylygyň içine gireninden Wepanyň gulagyna ýagyşyň sesi bilen garyşyp kimleriňdir aglaýan, dat-perýat edýän sesleri gelip başlady. Wepa seslere üns bermejek bolup, öz gelniniň mazary tarap ýöräp başlady. Şol wagtam mazaryň içinden çykan el Wepanyň jalbaryna ýapyşdy. Wepa gorkudan gygyryp, eli, aýagy bilen batly depdi. Şol wagt mazardan çykan el, süýem barmagy bilen öz mazarynyň daşyny görkezdi. Mazaryň gara,mermer daşynda, adatda ýazylýan merhumyň ady,familýasy, dogulan we aradan çykan wagty ýokdy. Mazar daşyň ýüzünde "MEN ÖMRÜM ÖTÝÄNÇÄ ÝETIMLERIŇ HAKYNY IÝDIM.MEŇ GÜNÄMIŇ GEÇILMEGI ÜÇIN HUDAÝDAN DILEG ET!" diýlip ýazylandy. Wepa muny görüp aljyrady, gorkdy. Ýene öňe ýöräp başlady. Ýene bir mazardan ýarpy göwresini çykaran, süňke öwrülen beden, elini bulap Wepany ýanyna çagyrdy. Onuň mazar daşynyň ýüzünde bolsa:"MEN GARRY ATAMY ÖZ ELIM BILEN ÖLDÜRDIM. MUNY MENDEN BAŞGA HIÇ KIM BILMEDI. MEŇ ÜÇIN DILEG ET!" diýlip ýazylandy. Wepa bütinleý aljyrady, näme bolup geçýänine düşünmedi. Onýançada ýene bir el onuň jalbaryndan tutyp öz mazaryna tarap çekdi. Onuň mazar daşynyň ýüzünde:"MEN ÝETGINJEK ÝAŞLARA MUGTYNA NARKOTIK BERIP ÖWREDIP, SOŇAM PULYNA SATYP BAŞLADYM. MEŇ GÜNÄM GEÇILMEGI ÜÇIN DILEG ET!". Bolup geçýän zatlara Wepa azajyk düşünip başlady. Bu adamlar diri wagty hiç kime aýtmadyk syrlaryny, bir nätanyş ýigide aýdyp, öz günäleriniň geçilmegini sorap Hudaýdan dilemegi haýyş edýädiler...
""Gör azaby" diýilýäni şu bolsa gerek" diýip pikir eden Wepa gelni Sähragüliň mazaryny görmek üçin ýene öňe ýöräp başlady. Şol wagtam onuň jalbarymdan ýene bir el çekdi, onuň mazar daşynda bolsa "MEN BIR GYZYŇ NAMYSYNA DEGIP, SOŇAM GUL ÝALY ÖZ BÄHBIDIM ÜÇIN ULANYP GEZDIM. MEŇ ÜÇIN DILEG ET!" diýlip ýazylandy. Daş töwerekdäki ahy-nala sesleri gitdigiçe güýçlenýärdi. Wepa bu seslere, mazar daşlardaky ýazgylara çydaman gygyryp aglasy, bärden gidesi gelýärdi. Emma ony bir zat saklaýardy. Olam gelni Sähragüliň mazaryny görmekdi. Oňa ýetmäge bolsa ynha birnäçe ädim galdy. Edil şol wagtam, ýagyş güýçlendi, şemal batly öwsüp, Wepany ýöretmejek bolup yza itekledi. Mazarlardan çykan eller onuň çem gelen ýerinden ýapyşyp yza çekdiler. Şondada Wepa bar güýji bilen öňe dyzap Sähragüliň mazaryna ýetdi. Onuň mazar daşynda bolsa "ŞOL GÜN MEN JORAMYŇKYDA BOLMANDYM. OÝNAŞYMYŇ ÝANYNDAN GELIPDIM" diýlip ýazylgydy. Wepa nädip arkan ýykylanyny bilmedi. Ýagyş ýagmasyny goýdy, daş töwerekdäki sesler galdy, ümsümlik boldy. Diňe bir aýalyň içigip aglaýan sesi eşidildi...

Daňa ýakyn Wepa öýüne geldi... Ol ölenokdy, entek diridi...


177

24

6

5

1

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 12.05.2024 / 20:56

+0

Yaltanman okamagnzy maslahat beryan hezil eken

 Täzeje
 OLiNKa [off]
  #SöYGiDeN PeYDa YoK...GiDiP YaTyÑ
 12.05.2024 / 21:01

-1

Yaltanyan


Gytyndan
Yekejelai  (12.05.2024 / 21:12) 

OLiNKa, okomo onno

 Özümiziňki
 Росия [off]
  Слава Аллаху.
 12.05.2024 / 21:12

+0

sony şeyledirem oytdimdä.Dek gezmeseň boljagy


Gytyndan
Yekejelai  (12.05.2024 / 21:13) 

Росия, hawo

 Premium
 Belki [off]
  Festival gibisin, katılmak istiyorum!
 12.05.2024 / 21:46

+0

Serediñ şuny ýazan oglanyñ ady Şirhan Allaberdiýew bolmaly. Şirhanyñ bu hekaýasynyñ sýužeti Gi De Mopassanyñ bir hekaýasy bilen meñzeş. Goñşy saýtda goỳlan wagty Şirhanyñ özüne-de aýdypdym muny. Haýran galypdy. Sebäbi ol plagiatçy däldi...
Garaz okap görerin diýseñiz asyl wersiýasy goñşy edebi saýtda bolmaly.Onuñ beýan ediş dili has gowy


Gytyndan
Yekejelai  (12.05.2024 / 21:49) 

Belki, hawo sho yazypdyr

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 12.05.2024 / 22:02

+0

Ilki okap başlamda (şeýle-de adyny göremde) ruhly, eýeli bir hekaýamyka öýtdüm. Ýöne ondanam beter eken-ä.)

Şuny unutmaň, bir gowy zady, bir ýagşy zady erbet ýol bilen düşündirmeli däl. Bir gowy zady ýalňyş düşündirmek ýa-da ündemek, erbedi ündemek bilen deňdir. Mysal üçin bu hekaýajykda gowu zady gorky bilen düşündirmäge synanyşypdyrlar. Ahlakly bolmagy (mysal üçin Sähragüliň ikilik etmezligi ýaly) gorky bilen baglanyşdyrypsyňyz.
Elbetde siz "bu hekaýa esasy bir zady ündeýär ahyryn" diýip, maňa jogap bermek islärsiňiz. Ýöne şonda-da hekaýanyň asyl temasy, esasy üns çekýän zady: gorky. Şuny 12-15 ýaşlaryndaky çagalar okasa nähili bolar?

Muny aslynda hemme ýerde görmek bolýar. Mysal üçin "Gurhany ýyrtan gyz" toslamasy bardy. Ýyrtypmyşyn we gorkunç (suratyny köpüňiz görensiňiz) jandara öwrülipdir. Ençeme million çaganyň, adamyň aklyna zeper ýetirdi, köp çaganyň dagy (menem degişli muňa) trawmasy bolup galdy. Soňra ýalandygy ýüze çykanda diniň abraýy, diniň berkligi gowy sarsyldy. Gaty kän kişi dinden çykdy we şuwagtam dinden çykanlar muny gowy edip propaganda hökmünde ulanýarlar.
Ýa-da başga bir waka, "futbolçynyň ölümi" wideosy. Bu wideony hem käbiriňiz gören bolmagy mümkin. Gaty aýylganç, elhenç wideo çyndanam. Bir Arabystanly futbolist 2005-nji ýylda futbol oýnap durka, boýnuna bir depgi degýär. Futbolist bolsa dällirän ýaly tersligine 2-3 gezek omman aşýar, soňra yzlykkan ylgaýar we ýene 2-3 gezek tersligine omman aşýar (boýny omruljak derejede). Muny "ybratlyk ölüm" diýip paýlaşdylar. Iň esasy ýeri bolsa, araf süresiniň okalşyny goýupdyrlar wideo. Bulam has gorkunç edýär. Wideo hakykatdanam elhenç we gorkunç. Aslynda welin adam epilepsiýa tutgaýy (epilepsi nöbeti) geçirýär. Bokurdagyna aýak degenden soňra futbolistiň nerw öýjükleri bozulýar we seýrek görülýän tutgaýa sezewar bolýar. Öz hereketlerini kontrollyk edip bilmeýär. Şolar ýaly düşündirişi bolan zady "ybratlyk ölüm" diýip, üstesine süre goýup paýlaşypdyrlar. Iň ironiki taraby adam ölenok eken (şuwagtam ýaşaýar). Köp kişi-de bu gaty uly trawma bolup galdy. Köpüsinin düýşüne giripdir, köpüsi ýatyp bilmändir, hatda köpüsi şondan soň sandyrap duran bolupdyr. Wideony görmäň ýöne, geregi ýok. Şuwagt adyny aýdamok futbolistiň.
Mundan daşary, dini wideolar bardyr (mysal сон хасана ýa-da kanal7 gysga dini filmler). Aslynda maksat adamlaryň namaz okamagyny sazlamak. Ýöne wideony şeýlebir gorkunç edip düşüripdirler welin namaz okamagy geçdim, adamlaryň aňy zaýalandy. Psihologiýasy bozuldy köpüsiniň. Menem çagakam ýadyma düşýär, gaty gorkupdym we ýatyp bilmändim.

Aslynda kän beýle zatlar. Men käbirini agzaýan. Bu zatlaryň hemmesi şuny görkezýär, bir zady gorky bilen düşündirjek bolupdyrlar. Dini dagy bütinleý gorky bilen baglanyşdyrypdyrlar. Adamlar bu zatlardan ybrat alman gaýta gorkupdyrlar, gorkan zatlarynyň ýalandygyny öwrenenlerinde welin dinden çykypdyrlar köpüsi. Şuwagtam aslynda din bilen gorkyny baglanyşdyrýarlar.

Diýjek bolýanym, munda-da biraz şeýle zat bar. Arkaýyn boluň hiç bir mazaram hereket edenok ýa-da ruhlar (iň azyndan YouTube-dakylar) "dileg et" diýenok. Ýene ruhlar, mazarlyk, garaňkylyk bilen din baglanyşdyrlypdyr.

Şuny aýtmanam durup biljek däl. Esasy erkekler has köp ikilik edegen bolýar.)


Gytyndan
Yekejelai  (12.05.2024 / 22:09) 

Muawiye, Hmm dogry aytyanyz. Hawo esasy erkekler ikilik etya shunynyzada goshulyan)


Gytyndan
Yekejelai  (12.05.2024 / 22:10) 

Muawiye, mena dine Gurhany yyrtyan gyz wideony gordum cyndanam gaty erbet gorkuncdy hatda duyshimede girdi dogrysy. Men cyndyr oydup yordm...


Täzeje
Kevin  (18.05.2024 / 13:17) 

Yekejelai, ayyy yook yalnysdyn kop erkek dal janym


Gytyndan
Yekejelai  (18.05.2024 / 13:31) 

Kevin, kop erkek etya, kabir erkek edenok, onsonom men janyn dal

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 13.05.2024 / 01:56

+0

Şu mistiki hekaýany mundan 4ýyl ozal okanym ýadymda


Gytyndan
Yekejelai  (13.05.2024 / 16:50) 

Perhat_Sabirovv, hm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика