Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Jynlar geljegi bilip bilýärmi?
 Täzeje
 Relax [off]
 13.05.2024 / 07:19
  Akyl işledilýän ýere, güýç işletme

Jynlar hiç wagtam geljegi bilip bilmeýär.

Diñe perişdelerden maglumat ogurlaýan jynlaryñ adamlara ýakynlaşmak üçin ogurlan maglumatlaryndan peýdalanýandyklary aýdylýar. Ýöne şol maglumatlaram kimdir birine berilmeýär, mediýumlar bilmeýär, jadygöýler olary ele salyp bilmeýär... Jynlaryñ geljegi bilip bilmeýändiklerini Süleýman pygamberiñ (a.s) wakasy subut edýär. Waka şeýleräk bolup geçipdir:

Hezreti Süleýman (a.s) ömrüniñ soñky günlerinde jynlara ybadathana gurdurypdyr. Jynlar Süleýman pygamberden öler ýaly gorkar eken, şoñ üçinem oña gepsiz-gürrüñsiz boýun egipdirler. Pygamberiñ özem ybadathana gurulýan wagty jynlaryñ haýal-ýagallyga ýol bermezligi üçin bir depäniñ üstünde oturyp, olara göz-gulak bolupdyr. Ýöne Süleýman pygamber eýýäm ybadathana gurlup başlan badyna aradan çykypdyr. Gurluşyk gidip durka hiç bir jyn Süleýman pygamberiñ ýanyna gitmäge milt edip bilmändir... Şol ikiarada hem bir gurçuk pygamberiñ hasasyny gemirýän eken. Gurluşyk gutaranda gemrile-gemrile mazaly inçelen hasa döwülip, pygamber ýere ýykylypdyr. Muny gören jynlar şobada Süleýman pygamberiñ ýanyna gelip, onuñ aradan çykandygyny görüpdirler. Bu ýagdaý jynlaryñ geljek barada hiç zat bilmeýändikleriniñ delilidir.





• Jynlaryñ göze görnüşleri we ýaşaýyş-durmuş formasy



Jynlar köp hili tüýsde adamlaryñ gözüne görünip bilýär. Gadymy döwürlerde şekillendirilýän fantastiki mahluklaryñ, aždarhanyñ, iki kelleli ýylanyñ, geçiaýagyñ (fawn), uçýan jandaryñ aslynda jyn bolmagy-da ahmal...

Jynlaryñ umumy göze görnüşi gaty kölege şeklindedir. Emma özlerini doly görkezmek islänlerinde öz aralarynda derejelerine görä dürli hili tüýsde göze görünip bilýär.

Jynlaryñ dürli ynançlara görä iýmitlenme görnüşleri baram bolsa, esasy iýýän zatlary: palçyk, guş eti, gum-kesek, eti sypyrylyp zyñlan süñk-sañk.

Jynlaryñam edil adamlar ýaly eldeki haýwanlary we ulaglary bar. Olaryñ eldeki haýwanlarynyñ sudury ýumşak kölege şekilinde bolup biler. Adamlaryñ gözüne görünmeýär.

Jynlar adamlardan hiç wagtam ýokarda däldirler. Olar pikir ýöredip bilmeýärler we adamlar ýaly ösen duýgulary ýok.

Jynlaryñ iñ täsin aýratynlyklarynyñ birem uçup, dünýäniñ jümmüşine çenli inip we ýyldyrym çaltlygynda hereket edip bilmekleridir.

Jynlaryñ ömri 1000-1300 ýyl aralykda bolýar. Has köp ýaşaýan jynlaryñ bolşy ýaly, olaryñ köp ýaşamakdan ötri toplanan danalyklary-da bar.

Jynlar adamlar tarapyndan biynjalyk edilende, köplenç şol ýerden daşlaşýarlar, emma zyýan görüp başlanlarynda suw akdyryjynyñ açylyp-ýapylmagy, äpişgäniñ ýa-da açylyp-ýapylmagy ýaly dürli ýollar bilen duýdurýarlar. Şular ýaly ýagdaýlarda edýän işiñize üns bermek gerek.



Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.


209

28

11

1

1

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 13.05.2024 / 07:35

+0

Jyn ayendani bilyan daldir Allajandan basga zat bilmeyar bu palcylaryn ylymy

 Täzeje
 Yegen [off]
 13.05.2024 / 08:13

+0

O saytdan bu sayta kopya gowy isleya tuwelleme


Täzeje
Relax  (13.05.2024 / 08:16) 

Yegen,
bardaki.postlan bary copy awtorski post bar yaly gurleyanley 🗿


Täzeje
 (13.05.2024 / 08:21) 

Relax, gulkumi getirmesene

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 13.05.2024 / 10:50

+0

Mlds

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 13.05.2024 / 10:56

+1

Beýbä, bilim adamlary fiziki dünýädäki, göze görnüp duran zatlar barada anyk maglumatlar, deliller jemlemekde kynçylyk çekýärler. Ýöne internediň 2-3 sany Şerlok Holmesi metafiziki äleme degişli zatlar barada anyk maglumat toplamak gyrada dursun, olaryň "göze görnüşleri we ýaşaýyş-durmuş formasy"-ny hem öwrenipdirler...)))


Täzeje
Luckyboy  (13.05.2024 / 15:05) 

Muawiye, jyn diyen zat yok diyjek bolýañmy?


Özümiziňki
Muawiye  (13.05.2024 / 15:28) 

Luckyboy, Metafiziki bolan ähli zat subutnamasyzdyr (şol sebäpli metafizika diýýäris), şol sebäpli (meniň pikirimçe) beýle barlyklar (jyn, ruh, eýe we ş.m) ýok.


Täzeje
Luckyboy  (13.05.2024 / 15:56) 

Muawiye, ateistmi sen?


Özümiziňki
Muawiye  (13.05.2024 / 16:02) 

Luckyboy, Ateizmiň nämedigini bilýäňmi?


Özümiziňki
Aynabat  (13.05.2024 / 16:29) 

Muawiye, hudaýa ynanmaýan bolýa dämi?


Özümiziňki
Muawiye  (13.05.2024 / 16:37) 

Росия, Hawa, Taňryny ret edýän pelsepewi bir akym. Şol sebäpli ruhlara we ş.m barlyklara ynanmazlyk ateizme girmeýär. Ol dostum bolsa ateizmiň nämedigini bilýärmi ýa-da bilenokmy, şony bilmek üçin nämedigini soradym. Bir ateist ynanyp hem biler, ynanman hem biler. Şeýle-de dünýädäki ynsanlaryň aglabasy (teistler bilen birlikde) ruhlara, eýelere, jynlara ynananok.


Özümiziňki
Aynabat  (13.05.2024 / 16:44) 

Muawiye, Howa ateizler hudaya garşy diyip bilýän.Jynlara,ruhlara men ynanamok.


Täzeje
Luckyboy  (13.05.2024 / 17:05) 

Muawiye,Ateizm diyemok.Ateistmi sen diydim.Soragyma sorag bilen jogap yazma.

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 13.05.2024 / 16:38

+0

Şeýle-de "jyn" sözüniň manysy "göze görünmeýän" diýmekdir, ýagny Yslama görä jynlary biz asla görüp bilmeýäris. Şol sebäpli internetdäki toslama wideolardyr, ýazgylara ynanmazlyk gerek. Mowzukda bolsa tüweleme "ýaşaýyş durmuş"-laryna çenli bilýär ekenler.))


Täzeje
Luckyboy  (13.05.2024 / 17:23) 

Muawiye, Ay name bolsada dil yetirmeli dal.Dogrysyny Huday biler!

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 13.05.2024 / 17:41

+0

Luckyboy, Bir zady bilmek üçin sora, jedelleşmek üçin sorama. "Ateistmi sen" diýip soramagyň sebäbi şol ýazanlarym dälmi? Menem saňa ateizmiň nämedigini soradym, bilýäňmi bileňokmy diýip. Soraga sorag bilen jogap ýazylýar, eger berýän soragyňy bilmeýän bolsaň.

Men şuňa düşünemog-aý. Kim dil ýetiripdir how? "Dil ýetirmek" näme? Indi bir zad-a ynanmasaň şol dil ýetirdik bolýarmy? Ýa aýtsaň dil ýetirdik bolýarmy? Bolman görünmeýän zad-a görünmeýär diýersiň-ä, ýa-da ynanmaýan bolsaň "ynanamok" diýersiň. Munuň nämesi dil ýetirmek? Jynlara men asla ynanamok, YouTube-daky toslama wideolar bilen 12-15 ýaşyndaky çagalaryň beýinlerini zaýalaýandyklary üçin käbirleri ynanýarlar.


Täzeje
Luckyboy  (13.05.2024 / 18:53) 

Muawiye, Booolyaaa mlds saytda sen yaly agza hem gerek

 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 13.05.2024 / 21:28

+0

mnm ynanamok ruhlara fantastika zatlar

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 13.05.2024 / 21:54

+0

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 21.05.2024 / 17:09

+0

Käbiri toslama bolup biler

 Özümiziňki
 Agzamen [2m]
  ☪️🇹🇲
 21.05.2024 / 18:14

+0

Iman. Iman näme? Bir zada ynanmak! Eger ynanmaýan bolsaň (iman getirmeýän bolsaň) onda sen imanly bir musulmanlygyň, imanly bir müminligiň şübhelidir!
Dinimizde imanyň 6 şerti bardyr we bir adamyň imanly mümin hasaplanmasy üçin bu 6 şertiň ählisine ynanmalydyr (iman etmelidir)
6 şert haýsylarz?
1. Allaha iman.
2. Meleklere iman.
3. Kitaplara iman.
4. Pygamberlere iman.
5. Ahyret gününe iman.
6. Kadere (ýazgyda) iman. Ähli zatlaryň diňe Alladandygyna ynanmak.

Indi bu agzalar näme diýýär? "Jyn" diýen zat ýok diýýär. A jynlaryň bardygy, olary hem Allahyň ýaradan mahluklarydygyny biz Kitapdan (Kurany Kerim) bilýäris. 6 şertiň 3-njisini okaň "Kitaplara iman" diýýär.
Indi jynlar barada "ýok" diýmeziňizden ozal Kurany Kerimiň 72-nji Jyn süresini okap soňra oýlanyşyp "ýok" diýiň!

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 21.05.2024 / 18:28

+0

Jynlar barada gimorjek bolsany youtube canell:Nova prospekt diyen kanala girin cynmy yalanmy blm sundada bar jynlar barada


Özümiziňki
Agzamen  (21.05.2024 / 18:32) 

BAYOGUL, musulman metafizikleriniň kanalymy ýa başgalaryňkymy?


Premium
BAYOGUL  (21.05.2024 / 18:34) 

Agzamen, ona bilmedim turklerinki eyelenen oylere giryaler on girilman yatan oylere giryaler

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика