“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Kadir : Soygulim yatlayan gollarym baglap

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Näme üçin
 Täzeje
 Mugallyma [off]
 Şugün, 16:21

Biz Türkiýe gidýäris.
Uly umytlar bilen. Ol ýerde gowy iş taparys diýen hyýallar bilen. Ol ýerde köp pul işläp tapmak maksady bilen. Ol ýerde okuw okap bolar diýip ynanmak bilen.
Emma näme üçin öz ýurdymyzda gowy iş taparys diýip ynanmaýarys. Emma näme üçin öz ýurdymyzda köp pul tapyp bilmeýäris. Dogry käbir ýigitler öz ýurdymyzyň girdeýjisi bilen baýap ýaşaýanlar bar. Emma baýanlaryň aglabasa parahorluk edip baýanlar we elbetde girdeýjisiniň esasy bölegi ogrylyk etmekden baýanlar.
Halal zähmet bilen baýady diýip aýytmak üçin eliňde çyra göterip bu ýigidi gözläp tapmaly.
Şujagaz aralykda nämeler bolup geçýär.
Näme üçin Turkiýe gidenler öz ýurdynda şikarny jaý salyp bilýärler. Işe girmek üçin pul tapyp gelýärler. Gowy gymmat maşyn üçin pul toplap gelip bu ýerde özümizde gymmat maşyn alýarlar.
Turkiýe gidip gara işde işläp gelen ýigit bu ýerde her aýda millionlarça pullary opuryp alyp otyran mugallymdanda ýada bolmasa başlykdanda köp pul tapyp bilýär.
Näme üçin. Bu ýerde nämeler bolup geçýär. Bir tanyşym Turkiýede işläp geldi. Magtap otyrmak gerek däl. Bu ýeriň baýy diýseň hem boljak.
Türkdäki işi barada aýdanda ol şeýle diýdi.
-Meniň işim kyn däldi. Bir ýerde otyrýadym. Ýadamaýardym.
Häzir ol tanyşym bu ýerde ylaý jaýlaryň gurluşygynda işläp ýör. Bu tanyşym pul tapmany gowy görýär.
Uly umytlar bilen Rossiýa gidýänler hem az däl. Iş diýip gidýänden Rossiýa okuw diýip gidýän köpmükä diýýärin. Öýündäkiler ullakan umytlar bilen okuw giden perzendiniň ýoluna seredip otyr. Hawa, gelip işläp ýörenler bar. Emma rossiýa gidenleriň hemmesi gelip diňe mugallym bolup bu ýerde işe girýärler. Sebäbi mugallym bolmakda aýlyk bar. Beýleki işlerde ýagny agronomda, injenerde, weterinarda we beýleki ugyrlarda aýlyk ýok ýada aýlyk az.
Indi näme etmeli? Alaç ýok.
Iş we okuw üçin Türke, Rossiýa gitmeli.
Bu ýerde bir şallakaý ylgap ýören ýigit bardy. Ylaýda işläp zordan özüne bir kepbe saldy. Ýöne ynha şu şallakaý ylgap ýören ýigit Turkiýe gitdi. Bir ýyldan gowyrak wagt Türkde işläp dolanyp geldi. Adamlar ýygnanyp ony görmäne bardy. Öňler onuň üstünden gülüp ýören ýigitler ýene onuň üstünden gülüp başlady. Şonda bu şallakaý diýýän ýigidimiz Türkden tapyp gelen bir düwünçek dollary olaryň öňünde goýyp sananda bu ýerde otyranlaryň gözi giňden açyldy. Bir ýylda milliard manat. Aýyna 120000 milliondan düşüpdir işlän puly.
Öýi opytylyp ýatan bir alkaş ýigit Ewropa işlemäne gitdi.
Ol ýerde gazanan pullaryny öýüne göýberip başlady welin hemmeler haýran galdy. Bir ýyla ýetmän jaýyny täzeden gurdy.
Bu hili hadysalar köp. Näme üçin bu ýerde özümizde pul tapyp bilmeýän ýigitlerimiz öz ýurdymyzy taşlap gidenden soň olar tiz özüni tanadýar.
Näme biziň öz ýurdymyzda adamyň egninden basylýarmy? Goý şu ýigit şallaky bolsun diýýän ýaly. Näme üçin bu ýerde sowatsyz diýip hasaplaýan ýigitlerimiz daşary ýurda gidip gelip rus we iňlis dilinden mugallym bolup bilýärler.
Näme üçin bu ýigitleriň ylhamy öz ýurdymyzda gömük galýar. Ol ýerde bolsa açylýar.


13

7

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Pulyňyzy tygşytlaň


sen mugallymcylyga nace berip girdin ?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pulyňyzy tygşytlaň
tony_montana (Şugün, 01:51)

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (05.07.2026 / 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (05.07.2026 / 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (05.07.2026 / 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (05.07.2026 / 16:59)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->