Ýürekdeş sözler!
BIRKEMSIZ GÖZEL ÝOK
Mawy [off]
Şugün, 09:28
Dymmak iñ güýçli sesdir.
«Birkemsiz gözel ýok» diýenmişinler,
Belki, şol gözelem däldir birkemsiz.
Belki, iş edende ýokdur usuly,
Belki-de, özüni söýýändir çensiz.
~°~°~°~
A sen weli, ýöräp barýaň şadyýan,
Göni bakyp adamlaryň ýüzüne,
Tur, otur sen, kitap oka, suw daşa,
Sen mydam ýeke-täk meniň gözüme.
~°~°~°~
Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen,
Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly.
Bolubersin gözelleriň ýetmezi,
Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly.
🖋️ Gurbannazar.EZIZOW.
4 |
2 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Sen diňe umyt et uýam, umyt et!
Koce supurijinin isinde işleyanlere haypygelijilik bilen garamak ol hakda bir zatlar yazmak lenc edilen dusunje. Galyberse de asla ylalasamok. Se...dowamy...
Sen diňe umyt et uýam, umyt et!
Tüweleme, molodes Basmaçy. Şeýdip, ýetirip durawer, her wagt. Ýöne bir gezek trotuardan ýöräp, geçip barýakam, şu işgärleriň ikisi söwüşip duran...dowamy...
Täze biznes plan
Henizem köne düşünjede barýaňaý. Iller ýaly gün paneline, ýel dwigatellerinä geçjek diýäýeňzogaý....dowamy...
Täze biznes plan
Ine, şeýdip özüň ýazsana how! Bolmasa emeli aňa ýazdyrýaň welin, seň ýazanyň ýarsyçada ýazyp bilenok. Tokdan kösenýän bolsaň gün batareýlarny a...dowamy...
Oratdy şahyr / hekaýa
Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Oratdy şahyr / hekaýa
Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...