Türkmen hanlary we serdarlary (Gowşut han)
Özümiziňki Agzamen [off] 28.06.2024 / 18:12 ☪️🇹🇲
GOWŞUT HAN
Gowşut han 1823-nji ýylda belli türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryň maşgalasynda dünýä inýär. Öwezdurdy batyryň 5 ogly bolup, olaryň iň ulusy Gowşut, iň kiçisi Hojaguly handyr. Gowşut hanyň perzentleri: Baba han, Baýramaly han, Nobat han, Hüjrep han, Hally han, Sary han, Düzüw (gyz). Hojaguly hanyň ogullary: Pena, Orazmuhammet arçyn, Ata, Penanyň ogullary: Aşyr, Durdy, Aga.
Gowşut hanyň uly ogly Baba handan: Täç han, Sapar; Baýramalydan: Eýýup, ondanam: Annamyrat, Durdymyrat, Nurmyrat; Hüjrep handan: Bähram, Enwer, Annadurdy; Nobat handan: Dostmämmet, ondanam: Handurdy, ondanam: Ata; Hally handan: Ata han, ondan: Nepes, Baýly, Oraz önýär. Gowşudyň uly ogly Baba han soň-soňlar polkownik çinini alypdyr. Umuman, Gowşut hanyň nebereleri häzir Ahalda, Maryda we Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler.
Gowşut hanlaryň tiresi: teke – togtamyş – beg – gökje – ýary gökje – çomalak-çüri. Gowşut han tegelekden ak ýüzli, ortadan ýokarrak boýly, eginlek, dolmuş göwreli, goýungözli, giň maňlaýly, gaşlagrak, süňkbaşy iri, örän akylly-paýhasly, demir bedenli, ýolbars ýürekli, towşan tüýli, tizpähim, herbap hem çykymly adam bolupdyr.
18-nji asyryň başlarynda Ahal arkajynyň narwalarynyň mal-garalarynyň köpelmegi, örüleriň ýetmezligi, ýyllaryň gurak gelmegi ýaly sebäplere görä, teke türkmenleriniň bir bölegi kem-kemden Kaka sebitine süýşýär. Ol ýerlerde eýranly talaňçylaryň çozuşlary zerarly rahatlyk bolmansoň, olar häzirki Gowşut obasynyň 25 km-e golaý demirgazygyna göçüp barýarlar. Ol ýerde 5 topara bölünişip 5 sany gala – Heňňam, Akja, Garaja, Garahan (Torly), Gumgala ýaly galalar salýarlar. Olara Bäşgala ýa-da Bäşgala zamany diýip at berýärler. Galalaryň 5-isine-de bir ýerden suw çekýärler.
Bäşgaladaky tekeleriň üstüne eýranly alamançylar häli-şindi çozup, olaryň suwlaryny kesip durupdyrlar. Olara ynjalyk bermändirler. Ahally aksakgallaryň we kethudalaryň maslahaty bilen Hojamşükür 1823-25-nji ýyllarda olary Bäşgaladan Sarahsa göçürýär. Ilki tire, gala serdary bolan Gowşut soňra Hojamşüküriň baş serdary bolýar. 1853-nji ýylda bolsa Hojamşüküriň ýerine Gowşut hanlyga göterilýär.
Gowşut han Eýranyň howpunyň güýçlenmegi sebäpli, Sarahsda gala saldyryp başlaýar. Emma Hojamşükür ýaşuly gala salynmagyna garşy bolýar we sözi ýer almansoň, Gow- şutdan we onuň wekillerinden öýkeläp, Tejen aýagyna – Üçburç diýen ýere gidýär. Soňra ol Hywa baryp, hana ýagdaýy aýdýar. Öňki 4-5 gezekki çozuşyndanam armanly Mädemin han yrsarap, goşun çekip, Sarahsa gaýdýar. Gaýtmazynyň öňüsyrasynda Köneürgençde medresede sapak berip ýören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp, oňa Sarahs tekelerini gyrjakdygyny aýdanda Ak işan:
– Hiç bir häkim öz raýatynyň üstüne goşun çekýän däldir. Olar siziň ata-babalaryňyz bilenem sünni bolanyňyz üçin raýatlygy saklap, Garagumuň goraýjylary, galkany bolupdyrlar. Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eýran şalaryndan gorap saklapdyrlar, henizem şeýle. Siz bu päliňizden el göteriň! Eger günäkärleri bar bolsa, olary jezalandyryň, temmi beriň! Ýöne öz raýat il-halkyň üstüne goşun çekip jezalandyrmaň! Bu gabahat bolar. Bet päliňizden el çekiň! – diýýär. Ak işany özüniň sypaýylary bilen maslahatlaşyp, üç gezek töwella edip, Garagumdan (Tejen aýagyndan) getirdişi, onuň öz döwrüniň iň uly ylym ussadydygy hem-de öz islegi boýunça Köneürgençde (gadymy Horezmde) medresede sapak berýändigi, aram-aram özüniňem ondan sapak alyp durýandygy ýadyna düşsede, gahar-gazabyna bäs gelip bilmedik han:
– Ýok, tagsyr, eger hezreti Pälwan babam menden bolsa, bu pälimden el çekmen – diýýär. Emma Ak işan sowukganlylyk bilen.
– Han, Pälwan babaňam-a bolsa bardyr welim, hasasyny tyrkyldadyp, çepegini şyrkyldadyp, Hasym şyham-a ondan galmasa gerek. Beýleki ýatan tümmeklerimizem halamaz. Şo-ol ýatan gerçeklerem, öwlüýälerem, ataňyzam unutmaweriň! – diýip, gadymy 360 öwlüýä we Burkut baba gonamçylyklaryna nazaryny aýlaýar. Gazaby serine uran Mädemin:
– Halamasalar, goý, halamasynlar, şolaryň barysam Gyzylymamam, Kermenede Soltan baba adyny alyp, uly zyýarathana öwrulen Hasym teke-de (olar Hasym şyha şeýle diýer ekenler), Düýeboýun (Ulug baba) öwlüýäside sizden –- diýende, Ak işan ellerini daldaladyp:
Han, goý, munyň Hudaýdan daş düşmekdir – diýýär. Emma gahar-gazaby akyl gözüni kör eden hanyň sesi öňküden-de beter batlanyp:
– Hawa, ahun-işan! Barysy-da sizden. Hudaýam sizden bolsun! – diýende, Ak işan onuň soňky sözlerini eşitmejek bolup, ellerini gulaklaryna ýetirip, kyblasyna bakýar-da: – «Enşalla, barysy bizdendir» – diýip, sena sanap başlaýar.
Öz ussady – mugallymy bilen tersleşen han tizden goşun jemleýär. Azyk-suwluklaryny kerwenlere ýükläp, Sarahs tarapyna ugramakçy bolanda, ýagny bir aý wagt geçensoň, ýene-de Köneurgençden Ak işany çagyryp oňa:
– Tagsyr biz gelýänçäk, siz Hywa tagtynyň – köşgüniň ýanynda boluň! – diýip tabşyrýar. Ol gazaply garaýyş bilen:
– Han, henizem bolsa ýaman päl-niýetiňizden gaýdyň. Gara ýeriň özüňize-de salýan dawasyny unutmaň. Onsuzam biziň ömrümiz öýle bilen ikindiniň aralygy ýaly gysga. Bigünä bendeleriň şirin janyny ajal okunyň almagyna sebäpkär bolmaň! – diýýär.
Emma içi ahmyrdan doly gedem han:
– Biz gelýänçäk siz şu köşkde boluň! – diýýär. Ak işan:
– Enşalla, siz geleniňizde bizem bolarys! – diýýär.
65-66 ýaşlaryndaky Ak işanyň ol ýerden gaýdyp, bütin Garagumdaky halklara, Mary, Tejen, Ahal ýaşulularyna: «Musulmanlar! Hudaý bizdendir. Biliňizi berk guşaweriň!» diýip, hanyň maksadyny düşündirmegi, agzybirligi ündemegi, Hywa hanynyň «çeýnejek çöpüniň azalandygy hakda wagyz geçirmegi; Nurberdi hana, Gowşut hana we beýleki gala hanlaryna habar bermegi netijesinde Sarahsda söweşe berk taýýarlyk görülýär.
Şunlukda, ähli çarwalaryň, Ahal we Sarahs tekeleriniň güýçlerini jemlemeklerinde, duşmana garşy ykjam taýýarlyk görmekde Gurbannazar molla ogly Ak işanyň (Akmämmet) hyzmaty uludyr.
Mädemin hanyň goşuny bir aý töweregi ýöräp, Mara – Murgabyň kenaryna baryp düşleýär. Han ýerli ilata: Eger şu gije gurbagalaryň ýekejesi gurruldasada, 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli erkek göbeklileriňizi gyrjak» diýýär. Howsala düşen halk çar tarapa bosup başlaýar. Emma hanyň atlylary olary goýbermeýär. Guşluk-günorta bolanda garrylar, aýal-ebtatlar aglaşyp başlaýarlar. Emma Garry burkaz atly ýaşuly çarwaçopan: «Adamlar, hapa bolmaň! Ajaldan başga zadyň çäresi adamzada berlendir, bir alajy bolar» diýýär. Soňra ol hanyň goşuny üçin soýlan ýüzlerçe dowaryň içegelerinn ýygnadýar, arassaladýar, olary çişirip, iki tarapyny düwdürdýär. Soň bolsa şol içegeleri derýanň kenaryndaky gamyş-gajarlaryň düýplerinden suwa tarap sallaşdyrýarlar. Arasynda keseligine-de hatarlap goýýarlar. Görseler, ikindi wagty golaýlaşýar. Garry aga: «Adamlar, haýdaweriň, indi içegeleri arassalamaň, şol durşuna goýuşdyryň» diýen. Şol gije suwuň akymynyň täsirine düşen içegeleriň hereketlerini gören gurbagalar ýylandyr öýdup, jyňklaryny çykarmandyr.
Ertir ir turansoň han gaharlanyp:
– Bular bir şeýtan – hannas – iblis – azazyl ahyryn. Gurbagalary nädip lal etdiler? – diýip gygyran. Soňra han ýörişini dowam etdirip, Mary bilen Tejen arasyndan baryp, Sarahsyň ekin çygryna girýär. Ondan soň ol Gowşut hanyň galasynyň gündogaryndan aýlanyp, guşluk tarapyna geçýär. Tejen derýasynyň gaýra ýakasynda we Ulug babanyň (Düýeboýun öwlüýäsiniň) gaýra gabadyndaky Ýaglydepäniň üstünde öz ýüpek çadyryny-tuguny gurup, goşunlaryny daşyna ýygnap, 1-2 gün dynç almakçy bolýar.
Hywa hany Mara gelende Gowşut hanyň töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaýtarylansoň Gowşut han taýýarlygy has-da güýçlendiräer. Her niçigem bolsa olar Sarahsa gelende-de Nurberdi hanyň we beýleki sypaýylaryň haýyşy-maslahaty esasynda Gowşut han Täç serdaryň baştutanlygynda 9 adamy töwellaçy iberýär. Olar baryp:
– Han aga, sen bize garşy uruş etme. Biz häli-häzirem siziň raýatyňyz bolup gelýäris. Siz ýalan-ýaşryk sözlere ynanmaň, raýatyňyzam beýle horlamaň! – diýip, 2-3 sapar hana arz-töwella edýärler.
Emma bularyň aýdanyny diňlemegem islemedik han:
– Eşidiň wekiller! Hanyňyza, ýaşulularyňyza baryňda aýdyň. Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniň goşunym siziň üstüňize, galaňyza çozar. Nätüýsli çäräňiz bolsa, haýal etmäň-de görüberiň! – diýýär..
Mädeminiň goşuny diýen wagtynda Gowşut hanyň gala-synyň guşluk we demirgazyk taraplaryndan iki bölünip çozýarlar. Emma Gowşut hanyň nökerleri howlukman, olary gala golaý getirip, atyşyp uruşýarlar. Hywa goşunlary muny görüp gaýra çekilýärler. Tekeleriň atly hem pyýada goşuny şol gün öýleden soň, guşluk tarapdan gelen Hywa goşunlarynyň üstüne çozup, gylyçly hem tüpeňli urşa girişýärler. Şonda duşman köp zyýan çekýär, olaryň birnäçesi ýesir alynýar. Şunlukda, Hywa hanynyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Şol günüň ahyrynda garşydaş taraplaryň ikisi-de öz tuglarynyň, berkitmeleriniň töweregine ýygnanyşýarlar. Emma tekeleriň goşunynyň bir bölegi Hywa goşunynyň daşyndan aýlanyp, şol gije olaryň 4050 sany ýükli erkeklerini – kerwenini (düýekeşi bilen) oljalap, öz çadyrlaryna alyp gelýärler. Şol gün güýçli ýelli howanyň bolmagy-da ýerli goşun üçin amatly bolýar, çünki duşmanlar tozanly ýeliň içi bilen edilen çozuşlaryň haýsy tarapdandygyny bilmäge-de maý tapmandyr. Ikinji gün daňdanlar Gowşut hanyň galasynyň töwereginde Hywanyň pyýada goşunlary we onuň yzyndan bolsa atly goşunlary arkalaşyp durýarlar. Şol wagt Gowşut han Hajygaplaň Aýmet oglunyň hemde Salar keýik Nagym oglunyň ýolbaşçylygyndaky atly goşunlaryň bir böleginiň duşmanyň pyýada goşunynyň arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaýduwsyzlyk bilen girişmegi buýruk berýär. Tekeleriň goşuny ýyldyrym ýaly süýnüp, duşmanyň üstüni gapyllykda basýar. Ejizläp, ýan berip başlan Hywa goşuny ganlaryny sarkdyryp, tuglaryna tarap çekilýärler. Olar çozuşdan goranmak üçin penalyrak ýerlerde durýarlar.
Şol gün günortanlar Hywa goşunyna ýene-de kömekçi goşunlar ýeriň pessi bilen gelip, öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp alyp gidýärler.Şol günki söweşden soň Mädemin han öz atly goşunlarynyň tekeleriňkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz ýetirýär. Uruş ençeme günlap dowam edýär. Ýazyň elhenç harasatly-ýelli gününde gaýduwsyzlyk bilen alnyp barlan söweş has-da aýylganç bolýar. Şonda tekeler çozma urşa girişýärler. Çar tarapdan «Çoz teke, ýa Alla!» diýşip, atly hem pyýadalar gylyç oýnadyp, naýza sanjyp, tüpeň atyşyp, her hili söweş hünärlerini ýerlikli ulanýarlar. Bularyň şeýle gahrymakçylykly söweşmekleri netijesinde Hywa hanynyň goşuny ýeňlip, ýeliň ugruna gaçyp başlaýar. Olaryň birnäçesi topar-topar bolşup, ýaraglaryny taşlap, gollaryny galdyryp durýar, ençemesi bolsa ýaragyny taşlap, çöke düşüp oturýar.
Tekeleriň çalasyn nökerleriniň bir topary Hywa goşunynyň 3-4 çakyrymdaky tuguna tarap gaçanlaryň yzyndan ýetip, çapyp baryşlaryna Mädemin hanyň çadyryna baranlaryny-da duýman galýarlar. Mädemin han bolsa goşunynyň şeýle ýagdaýa düşeninden bihabardy. Ol ýagly, kişmişli palawdan doýup, sadranç (küşt) oýnap, humarly başyny galdyrman, ýeňşe garaşýardy.
Hanyň tuguna baran çalasyn ýigitler şol ýerde orta boýly, garaýagyzrak, hyýrsyz adama gözleri düşüp, derrew oňa gylyç salyp öldürýärler. Onuň Mädemindigini soňra bilip galýarlar. Gowşut, Nurberdi han dagy birnäçe ýaşulular, sypaýylar bilen Mädeminiň tuguna gelip görseler, ol öldürilipdir. Onuň öldürilmegine gaty gynanan hem gaharlanan Gowşut han:
– Siz, hanyň, patyşanyň düzgünini bilmeýän bir topar nadanlar! Muny kim öldürdi? – diýip, helki ýigitlere käýäpdir.
Tuguň ýanyndaky çadyrlara aýlanyp görseler, 15-20 sapy özbek, ýagny tagt ýaşululary çadyrlaryň içinde, ýorgan-düşekleriň astynda gorkularyna gizlenip ýatyr ekenler. Bir topar emeldarlary bolsa murtlaryny tozga ýaly, gözlerini çanak ýaly edip, howutlaryň, halyklaryň aşagyna kellelerini sokup, hyklaşyp ýatypdyrlar.
Gowşut han şol ýerde öz nökerleriniň hem-de özbek ýaşuly-begleriniň häziriň özünden başlap etmeli işleri hakynda dik duran ýerinde ýaşulular bilen gyssagara maslahat çagyrýar. Şonda şeýle karara gelýärler:
1. Şu gün Hywa hanynyň goşuny ýeňildi. Mädemin han öldi. Sarahsa getirilen goşun sülsatlary Gowşut hanyň döwletine, hanlygynyň hasabyna geçirilmeli.
2. Hywanş dagan goşunlaryny ýygnap, ýesir alnan goşunlar bilen bilelikde ýol şaýlaryny tutup, azyksuwluklaryny üpjün edip, Hywa ugratmaly.
3. Iki tarapdan ölen adamlary her tarapyň özi tizdentiz jaýlamalydyr. 4. Agyr hem ýeňil ýaralananlary Gowşut hanyň galasyna ýygnap, gutulýançalar seretmeli. Olara seretmek üçin tebipleri we ýörite adamlary goýmaly, gutulansoň olary öz ýurduna ugratmaly.
5. Iki sany mähremi we on sany nökeri bilen şaýlaryny tutup, hut şu gün Mädeminiň meýidini ugratmaly. Goý, olar öz hanynyň jesedini hala Mara, hala-da Hywa äkidip, hala-da Sarahs babada jaýlasynlar, olaryň ygtyýarlary özlerinde.
6. Hanyň ýany bilen gelenleriň gitjeklerinede, galjaklaryna-da ygtyýar bermeli. Onsoňam şu gandöküşikligiň günäkäriniň hut Mädeminiň özüdigini «myhmanlara» wagyz-syýasat arkaly düşündirmeli.
7. Ýaşulularyň maslahaty bilen edilen şu tabşyryklary ýerine ýetirmegi hem-de berjaý edilişini barlap durmagy Täçgök serdara, Hywa ýesirlerine degişli işleri bolsa Mätýakup serdara hem-de Mätjan ýaşula tabşyrmaly.
Soňra hywaly ýesirler, hat-da Mara çenli gaçanlaram gaýtarylyp, ýol şaýy tutulyp, ulaglara mündürilip ugradylýar. Mädemin hanyň garnynyň ýyrtylanlygy sebäpli, içgoşlaryny aýryp, ýuwup-päkizeläp, Şol uruşda Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemal (18-19 ýaşlarynda) ýaly teke gyzgelinleri hem elleri keserli, syndyly, pyçakly uruş edýärler. Güljemalyň garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr, Gulçar batyr, Gutly mergen. Çary gapan, Hajy gaplaň (şol söweşde ölýär) dagy hem edermenlik görkezipdirler. Şol söweşde Güljemalyň adamsy Anna (Annaöwez) hem wepat bolýar. Hywa hanynyň bigünä halkyň üstüne goşun çekip gelmegi öňem çar tarapdan gysylan tekeler üçin uly ýitgiler ýetirýär, birnäçe gonamçylyklaryň döremegine sebäp bolýar. mata dolaýarlar, soňra bolsa täze palasa çolap, güýçli ineriň üstüne keseligine ykjam baglap, şol gün gijara (1855-nji ýylyň 12-nji martynda) ugradýarlar. Şol uruşda Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemal (18-19 ýaşlarynda) ýaly teke gyz-gelinleri hem elleri keserli, syndyly, pyçakly uruş edýärler. Güljemalyň garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr, Gulçar batyr, Gutly mergen. Çary gapan, Hajy gaplaň (şol söweşde ölýär) dagy hem edermenlik görkezipdirler. Şol söweşde Güljemalyň adamsy Anna (Annaöwez) hem wepat bolýar. Hywa hanynyň bigünä halkyň üstüne goşun çekip gelmegi öňem çar tarapdan gysylan tekeler üçin uly ýitgiler ýetirýär, birnäçe gonamçylyklaryň döremegine sebäp bolýar.
Nurberdi hanyň baştutanlygyida Ahaldan gelen myhmanlar heniz Sarahsdan ugrap-ugramanka, yzlaryndan Eýran şasynyň goşunlarynyň Gökdepä, esasanam, ilatyň has köp ýeri bolan Hurmanda duýdansyz çozup, çaga-çugalara çenli, hatda göwreli aýallara çenli çapyp, talap gidendikleri hakdaky habar gelýär. Gyssagly maslahatda Gowşut we Nurberdi han dagy belli-külli netijä gelýär. Gowşut hana bu ýerdäki urşuň ýetiren nogsanlyklaryny düzetmek tabşyrylýar. Ahally myhmanlar tiz ýola düşýärler. Ýolda duşmanlar barada, halka rahatlyk bermek, ogul-gyz ýetişdirip, olara hat-sowat öwretmegiň zerurlygy, baryp Görogly zamanlaryndan (8-9-njy asyrdan) bäri ata-babalarynyň başyndan geçiren agyr günleri barada söhbet açýarlar. Gowşut han Hywa ýesirlerini ugradansoň, ýaşululary we nöker başylary çagyryp, maslahat edýär. Onda uruşda iki tarapdanam köp ýitginiň bolandygy, Hywa hanlygy bilen teke türkmenleriniň arasynda köp wagt bäri gamyş köpriniň bolandygy, emma Mädeminiň hatda öz halkyna we ýaşulularyna hem maslahat salman, duýdansyz gabahat işe girişip, uly betbagtçylyga sebäpkär bolandygy, şunlukda, indiden beýläk Sarahsda oturmagyň gorkulydygy, çünki Sarahsdaky täze galany özleriniň garşysyna göreşmek maksady bilen salnan hasaplap, Eýran şasydyr hanlarynyň howp salýandygy ýaly meseleleriň üstünde durulýar.
– Mary töwerekleri Mädeminiň ölümine çenli Hywa hanlygyya garaşly türkmen begligi bolan-da bolsa, indiden beýläk Maryny Hywa garaşly raýat hasap etmeli däl. Aslymyzam ahally bolansoň, Ahal ýurdunyň-da ýagdaýy agyr bolansoň, indiden beýläk bize hanlygyň merkezini we ilini Mara eltmegi ahally ýaşulularam makulladylar – diýip, Gowşut han sözüniň ahyrynda aýdýar. Şondan soň Mara iberilen 5 wekil saryklaryň hany Sary hanyňka barýarlar we ýagdaýy düşündirýärler. Soňra bolsa özlerine Mary – Murgap derýasynyň bir gapdalynyň berilmegini haýyş edýärler. Saryk garyndyşlaryň hany we ýaşululary maslahatlaşyp, Mary etrabyndan ýer bermejekdiklerini Gowşut hana ýetirmegi aýdýarlar (1857).
1858-nji ýylyň başlarynda Gowşut hanyň iberen wekilleri Ahala – Gökdepä gelýärler. Olar Nurberdi hana habarlaryny berýärler. – Indi Sarahsda durarlyk ýok. Eýranyň agzy Sarahsda, Sarahsam Eýranyň agzynda. Aslymyzam, düýbümizem Ahal. Ahala barmakçy bolanymyzda «Ahalyň ýagdaýy öňem ýabygorly, gurakçylyk, ot-suw, öri çarwalar üçin ýetmezçilikli ýagdaýda. Garşyda duşmanlaryň has-da möwjeýän wagty. Iň gowusy Mara süýşüň» diýip, netijä gelipdiňiz. Biziň Mara barmagymyza-da saryk garyndaşlarymyzyň ýaşulusy Sary han garşy. Olar Murgabyň bol ýer-suwuna deň şäriklige razylyk berenoklar. Hatda uruşmagada taýyndyklaryny aýdýarlar. Uruş bolsa-da, nähak gan döküljek. Indi näme etmeli? –- diýip, Gowşut hanyňkyda bolan maslahatyň netijesini hat hem dil üsti bilen aýdýarlar.
Nurberdi han aksakgallar bilen maslahltlaşandan soňra:
– Eger Sarahs Eýran bilen bulaşyk ýagdaýda bolsa, derrew olar apynyň (zäherli uly ýylan) agzyndan aýrylmaly-da Mara barmaly. Saryk garyndaşlaram razy bolarlar. Bardy-geldi kakabaşraklary uruşmakçy bolaýsalar-da, çarwa urşuny edersiňiz – taýak, gamçy ulanarsyňyz. Enşalla soňy düzeler, garyndaş aradyr, birek-biregi tanarlar. Biz häzir gökleň-ýomut garyndaşlaryň üstüne Japarguly hanyň baştutanlygynda eýranly leşgerler gelýär diýen habara görä, gyssagly kömege ugramakçy... Emma saryk garyndaşlaryň akylly sypaýylary kändir. Olar Eýran şasynyň öz dikmesi Baýramaly hanyň üsti bilen saryklary gadymy mekanynday – Pendi, Şeýhi-Jüneýdi (häzirki Guşgy) sähralaryndan zor bilen gysylyp Mara getirilendigini bilýändirler. Gelenimizden soňra bararys, hemmesi oňyn çözüler – diýip, Nurberdi han ol wekilleri ýola salýar.
Şondan soňra sarahsly tekeler kem-kemden süýşüp, bir aýdan gijw galman, Mara barýarlar. Garrygaladaky söweşden ýeňişli gaýdan Nurberdi han öz wekilleri bilen Mara – Sary hanyňka, soňra Gowşut hanyňka baryp, kakabaşlaryň çaknyşyklaryny ýatyryp, Marynyň külli türkmene ortak ýurtdugyny, Hywa hanynyň raýatyndakylaryňam indi Gowşut hana degişlidigini, ata-baba gan düşer garyndaşdyklaryny düşündirip, özara parahatçylygy gazanýarlar. Soňra saryk garyndaşlaryň birnäçesi Ýoletene, birnäçesi bolsa Pendä, Şeýhi-Jüneýde (Guşga) gidýär. Birnäçesi bolsa Maryda galýar. Saryk ýaşulularynyň maslahatyny alman, halkynada sala salman, Sary han zoňtarlyk edip, Eýran şasy Nasretdine arz edip, bolan ýagdaýlary aýdýar... Öňem yrsarap, nireden urup-ýarjagyny peýläp ýören Nasretdin Garrygalada ýeňlip gaýdan goşunynyň ahmyryny çykarmak üçin Mara çozmaga ykjam taýýarlanyp başlaýar. Eýran şasynyň agyr ýaraglandyrylan goşunlary Hemze Mürzäniň serkerdeliginde 1861-nji ýylda Murgap derýasynyň ileri ýakasynda Nyýazmet (Porsy) galada düşüp, Gowşut han bilen söweş etjekdiklerini habar berýärler. Öňden habarly Gowşut han söweşe ykjam taýýarlanypdy. Ertesi türkmen ýigitleri gün dogmanka, eserdeňlik bilen Eýran goşunyna tarap ugrap, Murgap derýasynyň ilersine geçip, uzyn ýaka düzülip, nyzam-tertip bilen taýýar bolup durýarlar. Gowşut han eýranlylara birnäçe gezek töwellaçy iberse-de, olar urşa başlajakdyklaryny habar berýärler. Eýran goşuny tarapyndan bir serdar gygyryp:
– Orta batyr-pälwanlaryňyzdan çykaryň! Ilki bilen, goý, pälwanlar güýç synanyşsynlar! – diýýär. Eýran goşuny tarapdan bir pälwan gara atyny münüp, orta çykyp durýar-da: «Mubarys-bura gel, başyňy kesip aparar men» diýip gygyrýar. Gowşut han:
– Hany ýigitler, şol pälwanyň garşysyna kim çykjak? – diýýär.
– Biz çykarys! – diýip, Gurbanmeňliniň ogly Çebşek batyr dor atyny sürüp öňe çykýar. Gowşut han onuň atynyň çekisini çekýär, atyny-ýaragyny synlap: – Bar, işiňi Hak oňarsyn! – diýip, pata berip ugradýar. Atyny ýüzin saldyryp barşyna Çebşek batyr ýüzüniň ugruna gylyjyny çalasynlyk bilen salyp, onuň gylyjyny gaçyrýar hem atynyň badyna ol batyry dartyp, atynyň öňüne kese basyp, yzyna dolanýar. At salyp gelşine onuň boýun damaryndan sol eliniň güýçli penjesi bilen tutup, sag ýumrugy bilen bolsa guluň türresine urup, dolanyp gelýär. Haçan-da nökerler:
– Eý, pälwan gul, saňa neme boldy? – diýip soranlarynda, ol gözüni açalak-ýumalak edip:
– Bilmerem, walla, men bura gelip men, megerem, meni ýyldyrym urup, bura getirendir. Kuwwaty çohdy, aman-zamanymy bermidi! – diýýär.
Soňra olardan ikinji batyr orta çykyp bilmändir.
Iki tarapdan agyr goşun biri-biriniň üstüne çozup, uly gan-döküşikli uruş başlanýar. Söweş birnäçe gün dowam edip, ahyrsoňy duşman ejizläp, arka berip, gaçga başlaýar. Nurberdi hanyň ýany bilen ahally serkerdeleriň goşunlarynyňam ýetişmegi netijesinde basybalyjylar gaty aljyraňňylyga düşüp, aman dileýär. Tekeler duşmanyň berkitmede ýatan goşunlarynyda, çeträkde ýatan goşunlaryny-da ýesir alýarlar. Olar Hemze Mürzäniň goşunynyň gelip ornaşan ýeriniň daşyna aýlanyp, arkalaryndan hüjüm edip, aljyraňňylyga salýarlar. Gowşut hanyň topary Eýran goşunynyň yzyndan gelýän ýüklerini, sülsatlaryny Sarahs bilen aralykda oljalaýarlar.
Gije, daňdanlar suw almaga baran duşman nökerlerini suwuň boýundaky gamyş tokaýlarynyň arasynda bukuda ýatan teke ýigitleri duýdansyz tutup, suwa çümdürip, suwuň içi bilen äkidýärler. Eýran goşunynyň toplarynyň atylyşy bilen öwrenişenden soň, türkmen jigitleri ondanam gorkmandyrlar. Şeýlelikde, söweşiň ahyrky güni adatdakydan hem aýylganç bolýar. Porsuýap boýundaky gazaply söweşler netijesinde, duşmanlar ýeňlip, dagap başlaýar. Ýaraglaryny taşlap, çök düşüp oturýarlar. Käbirleri azan aýdyp durýarlar. Garaz, gaçyp dargan goşunyň içinde ölmän, yzyna gaýdyp barany barmak basyp sanaýmaly bolýar. Haçan-da Horasanyň (Maşat) hany we Eýran şasy öz ýeňilmez derejede taýýarlap ugradan goşunynyň masgara bolup ýeňlendigini eşidenlerinde başlary aýlanyp, ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän, akyl-huşy çaşyp: «Ne oldy, zernigar-zaňňar» diýip, başyny iki baka ýaýkap durýar. Bu uruşda Gurbanmeňli ogly Çebşek batyr ýaly ýigitleriň ençemesi wepat bolýar. Şol uruş bolan ýere bolsa soň-soňlar Porsuýap (maslyklaryň porsaşyp ýatmagy sebäpli) diýlipdir.
Mary, Ahal hanlyklarynyň birleşen güýjünden ýeňlen şa goşuny Nyýazmet (Porsy) galadan gaçyp gaýdansoň, wepat bolanlaryň ýasy tutulyp, ençeme gün sadaka berilýär, aýat-töwir okalýar.
1861-62-iji ýyllaryň sepgidinde Gowşut han uly maslahat geçirýär. Ol il bähbidini arap, edilmeli işler baradaky gürrüňini jemläp durka, Nurberdi hanam ýaşululardyr serdarlary bilen myhmançylyga gelýär. Myhmanlaryň hormatyna üç günläp toý tutulýar. Myhmanlar birnäçe günläp bu ýerde bolýarlar. Saryksalyr ýaşulularyny-da çagyrýarlar. Olar bilen ata-baba garyndaşlyklaryny ýatlaşýarlar...
Gowşut han myhmanlar gaýtmanka, öz wekillerini we nökerlerini çagyryp, maslahat geçirýär. Şonda ol üç meseläni orta atýar:
1. Ahal ýurdy we Ahal hanlygy teke türkmeniniň esasy hanlygy bolmaly, şoňa görä-de Mary hanlygy we Mary hany Ahal hanlygyna we hanyna garaşly han bolup durmalydyr.
2. Nurberdi hany teke türkmenleriniň hany diýip müwessa edip, ony hanlar hany etmeli.
3. Ýokardakylar bilen ugurdaşlykda Nurberdi hanyň abraýyny tutup, oňa abraýly ýeriň maşgalasyny alyp bermeli. Maryda-da bir öýüni dikeltmeli. Ýer-suw, mülk berip, öz islän ýerinde oturtmaly. Nurberdi han Ahalda ýa-da Maryda bolanda-da öz öýünden örse, hemme tarapdan gelşikli we laýyk bolar. Ýaşulular Gowşut hanyň tekliplerini makullaýarlar, ýöne abraýly ýeriň maşgalasyny tapmagy onuň özüne ynanýarlar.
Şondan soň, Gowşut han Marydaky gajar urşunda wepat bolan Çebşek batyryň garyndaşy, Töre sokynyň gyzy, Hangeldi sokynyň uýasy Güljemaly Nurberdä alyp berýär. Nikalap, üç günläp uly toý edýärler. Soňra Gowşut han bir wagt özünden öýkeläp, Sarahsdan giden Hojamşüküri getirtmek üçin birnäçe ýaşululary we düýekeşli kerweni ugradyp, töwella bilen ony Mara göçürip getirýär. Ony ýene-de özüniň iň ýakyn maslahatçysy edinip, onuň islegi boýunça öz obasy Wekilbazarda oturdýar. Gowşut han aksakgallar bilen maslahatlaşyp, Eýran we owgan çäklerine çenli dagap ýören salyr we saryk garyndaşlaryň gadymy mekanlary bolan Sarahsa we Pendi ýurduna ýygnanmagyny gazanýar. 1865-nji ýyl töwerekleri Marynyň gülläp ösen döwri hasaplanylsada, daşky duşmanlaryň howpunyň güýçlenýän wagtydy.
1868-nji ýylda Buhara emiriniň üstüne rus patyşasynyň goşuny çozuşa taýýarlanýar. Gowşut han Buhara emiriniň özüni kömege çagyrýandygy baradaky habary Kaspi tarapdan gelýän rus basybalyjylaryna garşy taýýarlanyp, ýören hanlar hany Nurberde ýollaýarda, özi Buharadan gelen wekiller bilen agyr goşun çekip kömege ugraýar. Emma olar fronta ýetmänke, Zerbulak beýikligindeki söweşde Buharanyň goşuny ýeňlip, rus generaly Kaufman bilen ýaraşyk baglaşanlygy sebäpli, Gowşut hanyň goşuny uruşsyz yzyna dolanýar. Soňra Gowşut han goranyş galanyň gurluşygyny hasda güýçlendirýär we 1874-nji ýyllarda tamamlaýar. Sarahsdan Mara göçülip barlanda (1858), gedaý sypatyna giren Aly han atly rus ofiseri – içalysy peýda bolýar. Ýerli halk ona Aly mülhit diýip at berýär. Ol haramzada gyş wagtlary çilimsazlyk edip, tomsuna gara meşikde suw satyp gezen. Bu ýerde 15 ýyla golaý bolup, Nurberdidir Gowşut han dagyň gizlin maslahatlaryny, harby syrlaryny, maksat-planlaryny bilýär we aramaram ýitirim bolýar, öz baýarlaryna habar berip durýar. Ol kezzap ahyrsoňy ynama girip gala aralaşýar, hyzmatkärlige ýetýär. Şunlukda, erbet derman-däri bilen üpjün edilen mülhit şol yzarlap ýörşune, amatly pursat tapyp, hanyň petekli aýakgabynyň içine we peteginiň aşagyna iýiji keselini döredýän dermany gaýym dökýär. Onsoň ýakyn günlerde: «Gowşut hanyň aýagyndan ýara dömüpdir» diýlen şum habar ýaýrap başlaýar, emma Aly mülhit welin, eýýem zym-zyýat, ýitirim bolýar: Ol pürsüýanyň ýaramaz niýetlidigini diňe şondan soň bilip galýarlar. Şondan soň, Gowşut hanyň aýagyndan dörän iýiji keseli ýaýrap ugraýar. Han aýagynyň çapylmagyny soraýar, emma bu teklip wagtynda bitirilmänsoň, kesel ýokaryk – ýürege çenli ýaýraýar. Şunlukda, 1878-nji ýylda Türkmeniň abraýly serkerde hany – Gowşut han (56 ýaşlarynda) rus içalylary tarapyndan awulanyp öldürilýär. Ol Marynyň golaýyndaky Hoja Abdylla gonamçylygynda jaýlanýar. Gowşut han ölensoň, onuň ornuny tutan mynasyp adam bolmandyr. Daşky duşmanlaryň hileli täsirleri netijesinde bulaşyklyk, oňşuksyzlyk güýçlenýär. Täçgök serdar öz syçmaz tiresi bilen Mäne-Çäçe, Hojamşükürem Mary aýagyna – Tejene göçýär. Gowşut hanyň ölümi külli türkmen üçin agyr we uly ýitgi bolan bolsa, duşmanlar üçin örän amatly utuş bolýar. Şondan soň türkmen halky uzak ýyllaryň dowamynda köp sanly muşakgatlara, zulum-sütemlere döz gelmeli boldy. Ýöne «Öňüm gelenden – soňum gelsin» diýlişi ýaly, ata-babalarymyzyň – erkin ýaşamagy arzuwlan türkmenleriň asyrlar boýy ýüreklerinde besläp gelen özbaşdak, garaşsyz, berkarar döwleti doredildi. Goý, biziň Türkmenistan döwletimiz demirgazyk ýyldyzy kimin parlap, ebedi dowam edip, uzaklara şöhle saçsyn.
Gowşut hana degişli ýokarky maglumatlaryň aglabasy merhum kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglunyň (1898-1983) söhbetinden (Türkmenistan YAnyň golýazmalar fondy, № 3749 bukja) alyndy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.
Teswirler:
Özümiziňki Aynabat [off] Слава Аллаху. 28.06.2024 / 18:55+0👍👍👍👍👍
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...