Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Önümüzdeki 45-50 yıl işin yoksa... Ayağıma basman şartıyla, Kalbinde uyuyabilir miyim?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Gulbatyr serdar)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 28.06.2024 / 18:17

GULBATYR SERDAR

Belli türkmen serdarlarynyň biri Gulbatyr Gadam (Gadam pälwan) ogly 1820-nji ýyllaryň ortalarynda Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda dünýä inip, 1905-06-njy ýyllarda aradan çykypdyr. Tiresi: teke – togtamyş – beg –amanşa – gowky – zereň – tirjin. Ol halk arasynda özüniň gaýduwsyzlygy, merdanalygy bilen meşhur bolupdyr. Geçen asyryň 50-70-nji ýyllarynda bolup geçen birnäçe söweşlere gatnaşyp, aýratyn batyrlyk görkezýär. Ol Dykma serdaryň iň ygtybarly, edermen serkerdesi bolan. Gulbatyr serdar 19-njy asyryň 70-nji ýyllarynyň aýaklarynda rus goşunlarynyň Ahaly güýç bilen basyp almak üçin eden hüjümlerine garşy gönükdirilen agyr söweşlere, şol sanda Gökdepe galasynyň 81-nji ýyllardaky gahrymançylykly goralyşyna hem işeňňir gatnaşyp, ene topragyň azatlygy ugrunda är kimin söweşipdir.
Gökdepe galasy zalymlyk bilen weýran edilip, Ahal etraplary basylyp alnandan soň, patyşa häkimiýetleri türkmen taýpalarynyň arasyndan özüne daýanç edinmek üçin ýerli han-begleriň belli wekillerini her hili ýollar arkaly öz tarapyna çekmäge başlaýarlar. Şeýle tanymal adamlaryň biri Gulbatyr serdar hem 1881-nji ýylyň tomsunda türkmen delegasiýasynyň hatarynda Russiýa aýlanyp gelýär. Ol şol gezek Peterburgda rus patyşasy Aleksandr III kabul edişliginde bolup, praporşik harby çinine, halat-serpaýa we uly altyn medala mynasyp bolýar. Şondan soň Gulbatyr serdar galan ömrüne Zakaspidäki rus häkimiýetlerine gulluk edýär. Ol 1890-njy ýylda Durun pristawynyň kömekçisi edilip bellenilýär, ştabs-kapitan çini berilýär. Gulbatyr serdar kärizler baradaky jedelli işlere seredýän ýörite suduň we Aşgabatda her ýylda iki gezek mejlis geçirýän «Halk sudýalarynyň adatdan daşary gurultaýynyň» çlenligine saýlanylýar.
1880-81-nji ýyllaryň Gökdepe söweşinde Gulbatyr serdaryň özi diri galan-da bolsa, onuň çagalary (şol saýda Ötgür atly ýeke ogly hem), aýaly bu aýylganç jeňiň pidasy bolupdyr. Diňe iň kiçi gyzy diri galypdyr. Gulbatyr serdar şol ýeke gyzyny hem töhmetçi näkesleriň ýalan-ýaşryk gepine aldanyp öldürýär. Soň eden işiniň gaty gabahat, nähak işdigine göz ýetirip, bütin ömrüne ökünip, gynanyp gezipdir. Şol gyzy tiz-tizden düýşüne girip: «Kaka, men päkdirin, sen nähak iş etdiň» diýip, ony biynjalyk eder eken. Gulbatyr serdar ömrüniň ahyrlarynda şu eden günäsinden saplanmak üçin uly sadaka berýär, Käbä zyýarata gidip gelýär. Onuň häzirki nesilleri soňky alan aýalyndan. gaýdýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


170

4

2

0

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 28.06.2024 / 18:50

+0

Çingiz han bilen Jelaleddin Meňburun baradada goyaya


Täzeje
 (28.06.2024 / 20:27) 

Aynabat, entek şul kitapdaky han serdarlary goýup bolaýyn. Soň olar baradada goýjak bolaryn

 Täzeje
 Yegen [off]
 28.06.2024 / 19:13

+0

Dykma Serdaryn sag goly kim diyilse Gulbatyr serdar diyilyar eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Ohow futbol barada gyzyklyja mowzuklary yagdyr oňkiň yaly talyplarda goryadim tanyșma mumkinçiligima bolmady wn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Bezzat (Şugün, 08:07)

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)

Ilki bilen Salam


Soyguli.ru saydynda bardynmy men sol yerinin admini PowerTwo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Akademik3 (Şugün, 01:34)

Ilki bilen Salam


salam hoş geldiň otayda açmadyk mowzuklaryny barde yagdyryber...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Diamante (Şugün, 00:44)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Chatgpt yazdy gerek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
BAYOGUL (Şugün, 00:07)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Jemile goşgusuna meňzäpdur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Eeeeý bu näme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика