“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Güljemal han)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.06.2024 / 15:28

GÜLJEMAL HAN

Ahalyň hem Mary tekeleriniň hany bolan Nurberdi hanyň ikinji aýaly Güljemal han, takmynan, 1836-njy ýylda Tejende doglup, 1925-nji ýylda hem Maryda aradan çykypdyr. Onun tiresi: teke – togtamyş – amanşa – gapan – on begi – soky. 1880-nji ýylyň aprel aýynda Nurberdi han aradan çykandan soň, Mary türkmenleriniň arasynda onuň täsiri öňküden-de güýçlenýär. Ol ozalky türkmen hanlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Russiýa söweşsiz birikmegiň tarapdary bolupdyr. Bu meselede Gökdepe galasynyň syndyrylmagynyn hem aýgytly täsir eden bolmagy mümkin. Güljemal han 1891-nji ýylyň ýaz aýlarynda rus administrasiýasynyň Aşgabatdaky wekili bilen hat alşyp başlaýar. Ol Mary türkmenleriniň Russiýa birikdirilmegi barada 1884-nj.i ýylyň 7-nji ýanwarynda ýörite çagyrylan maslahaty – geňeşi taýýarlamaga we ony geçirmäge gatnaşýar. Şeýle hem ol Mary etraplarynyň Russiýa «meýletin» goşulmagy babatda tagalla baryny edipdir. Emma munuň özi hakyky meýletinlik däldide (hiç bir halk azatlygyny, erkinligini öz islegi bilen meýletin başga bir halka bagyşlamaýar), örän agyr hem netijesiz gandöküşikligiň öňüni almak üçin paýhaslylyk bilen tapylan ýeke-täk çykalgady. Munuň şeýle boljakdygyna şol wagtky halkyň öňe çykaran adamlary Gökdepe syndyrylandan soň açyk göz ýetiripdirler. Ýazyjy N. Hojageldiýewiň «Gökdepe galasy» (Aşgabat, 1991) atly kitabynda: «Soňra 1884-nji ýylda Maryda bolan «geňeşiň» netijesi hem 1881-nji ýylyn 12-nji ýanwarynda Gökdepede çözülipdi» – diýmegi ýokarda aýdylan pikirleriň hakykatdygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçin-de bu ýerde hakyky meýletinlik barada gürrüň hem bolup bilmez. Şeýlelikde, patyşa goşunlary Maryny känbir pida çekmezden basyp alýar. Şuny nazarda tutup, patyşa hökümeti Güljemal hana hem-de onuň ýakyn garyndaşlaryna gymmat bahaly sylaglar berýär, şeýle hem Güljemal hanyň özüne 2000 manat möçberinde ömürlik pensiýa belleýär. Onuň ogly Ýusup hana bolsa milisiýanyň kapitany diýen harby at berilýär. Munuň özi patyşa hökzmetiniň türkmen han-beglerini öz tarapyna çekmäge we olary hemişe öz gysymynda saklamaga gönükdirilen syýasatydy. Güljemal han Türkmenistanyň taryhyna giren çylşyrymly hem kop taraply şahsyýet hasaplanýar. Güljemal hanyň şahsyýeti geljekde taryhçy alymlar tarapyndan täzeçe, dogruçyl öwrenilmeli möhüm meseleleriň biridir.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


243

9

2

2

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Gaty gowy...dowamy...

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->