Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Dykma serdar)
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
 30.06.2024 / 15:46
 ☪️🇹🇲

DYKMA SERDAR

Dykma serdar 19-njy asyrda, aýratynam Türkmenistanyň Russiýa imperiýasy tarapyndan basylyp alnan döwründe türkmen halkynyň harby hem syýasy durmuşynda esasy rol oýnan taryhy şahslaryň biridir. N. I. Grodekowyň berýän maglumatyna göra, ol 1825-nji ýylda börmeli baý Mämmetnazaryň maşgalasyida eneden bolupdyr. Onuň çyn ady Öwezmyratdyr. Bir gezek ýomutlar alaman edip, Memmetnazar baýyň malyny talapdyrlar. Mämmetnazar baý olardan aryny aljak bolup öwezalamana gidende öldürilipdir. Şol wagtlar Dykma serdar ýedi ýaşynda eken. Doganlary Atamyrat bilen Öwezdurdy atasynyň zadyny paýlaşanda, Dykma serdara diňe bir paý ýer bilen suw goýupdyrlar. Dykma serdar on üç ýaşyndan alamana gidip başlapdyr. Büjnürt kürtleriniň üstüne alamana gidilende, ýesir düşüpdir we Muhammetrahym hanyň türmesinde alty aýlap oturypdyr. Börmeliler müň tümen pul töläp, ony ýesirlikden satyn alypdyrlar. Ol ýesirlikden boşandan soň, ýene alamana gidip başlapdyr. Bary-ýogy iki aýyň içinde obadaşlaryna ähli bergisini beripdir. Dykma serdar gaty ýatkeş hem yzçy adam bolupdyr. Gije geçip giden ýerlerinem soňra ýalňyşman tapýan eken. Eýranyň köp ýerlerine bäş barmagy ýaly belet eken. Ol on ýedi ýaşyndaka daşyna ýüz adam üýşürip alamana gidipdir, kyrk müň goýun sürüp getiripdir. Basym ony serdar hökmünde ykrar edipdirler. Ol uruş tälimini kemsiz öwrenipdir. 1843-nji ýylda Dykma serdar ýanyna bäş ýüz adam alyp, Tähran–Maşat ýoluna çykýar. Tährandan Maşada zyýarata barýan we ol ýerden yzyna gaýdyp gelýän kerwenleriň üstüne çozupdyr. Zyýaratçylaryň daşyny köp atly goraýan eken. Güýçli çaknyşykdan soň, Dykma serdar üç ýüz ýesir bilen dokuz ýüz sany ýükli düýäni olja alypdyr. Nardynyň üsti bilen gelýärkäler, Dykma serdar dagy Nardynyň eýesi Mämmethasan hanyň bukuda goýan goşunlarynyň üstünden gelýärler. Söweş bäş gije-gündize çekipdir. Mämmethasan han az sanly atlysy bilen gaçyp gutulýar. Onuň iki müň adamdan ybarat pyýada nökerini bolsa Dykma serdaryň atlylary gylyçdan geçiripdir. Dykma serdar uly olja bilen Ahala dolanyp gelýär. Şol gezekki alamanda Dykma serdar altmyş adamyny ýitiripdir. Dykma serdar Büjnürdiň hany Haýdarguly han bilen oňat gatnaşyk saklaýar eken. Büjnürde alamana gitmeýän eken. Ýöne bir gezek Dykma serdar Hywa gidende, Haýdarguly han Börmä çozupdyr. Obany alyp bilmese-de, köp mal olja äkidipdir, alty sany adamyny hem ýesir alypdyr. 1867-nji ýylda Dykma serdar bu alamana jogap edip, Haýdarabadyň üstüne şowly çozuş edipdir. Säher bilen ýekeje ok atman, gala duýdansyz giripdirler, ähli erkek göbeklini gyryp, aýallary, oglan-uşaklary ýesir alypdyrlar. Şonda Dykma serdaryň ýanynda 450 atly bar eken. Haýdarguly han Haýdarabada gelende, ýekeje adamam tapmandyr, ýöne Dykma serdaryň yzyndap kowmaga-da gaýraty çatmandyr. Bir ýyldan soň Haýdarguly han Dykma serdara jogap edip, Bama çozupdyr. Alty ýüz adamy ýesir äkidipdir, köp mal sürüpdir. N. I. Grodekow Gökdepe alnandan soňam şol ýesir äkidilen adamlaryň 150-siniň Eýranda bardygyny ýazýar. Spolatbog bolsa şol 150 ýesiriň aýal-gyzlardygyny belleýär. Dykma serdar ýanyna müň atly alyp, Büjnürde Haýdarguly hanyň üstüne ugraýar. Ýöne han gaty ägä bolup, Büjnürde barýan ýollara garawullar goýan eken. Şonuň üçinem Dykma serdar Goçanda sowulýar. Merdiwanlarys kömegi bilen Piri hem Halwaçeşme galalaryny alýar, diri galanlaryň baryny ýesir sürüp gaýdýar. 1870-nji ýylda Haýdarguly han ölüp, onuň ýerine ýaşajyk ogly han bolýar. Dykma serdar ýanyna alty ýüz atly alyp, Isfaraýna şowly alaman edýär. Köp ýesir, olja alýar. Ol Çilgüzer jülgesi bilen gelýärkä, Similgan atly goşunynyň serdary Ýarmuhammet han duýdansyz onuň üstüne çozupdyr. Ýüz ýigrimi tekäniň kellesini alypdyrlar, ýüz segsen teke hem ýesir düşüpdir. Munuň üçin Nasretdin şa Ýarmuhammet hany Haýdarguly hanyň ýaş oglunyň deregine Büjnürde han belläpdir. Şondan soň Dykma serdar dolanyp Büjnürde alaman etmejekdigine kasam edipdir, ölýänçä-de şol sözünde durupdyr. 1874-nji ýylda Tähran hökümeti Şuja ed-Döwläni tussag edip, ýerine täze hökümdar iberende, onuň ogly Abdylhasan tekelere gelip kömek soraýar. Gorjawda maslahat geçirilýär. Goçanda alamana gitmäge bir müň iki ýüz atly ýygnanýar. Saýyk galasyna ýetenlerinde Goçandyň naýyby Gahryman han Dykmanyň üstüne çozýar. Söweş birnäçe sagada çekýär. Gahryman han ýeňilýär. Dykma serdar dagy bir müň bäş ýüz ýaby olja alypdyr. Abdylhasanam wagtlaýynça Keletä – Nurberdi hanyň ýanyna göçüp gelipdir. Ruslar 1869-njy ýylda Krasnowodskini eýelän wagtlaryndan beýläk Dykma serdaryň adyny eşidip başlapdyrlar. 1870-nji ýylda tekeler Mihaýlow aýlagyna çozanlarynda, oňa Dykma serdar hem gatnaşypdyr. M. D. Skobelew Türkmenistana gelende bolsa Dykma serdaryň ady şeýle bir meşhur eken welin, M. D. Skobelew munuň soldatlaryna erbet täsir etmeginden gorkup, goşunda Dykma serdaryň adyny tutmazlyk barada ýörite buýruk çykarmaga mejbur bolupdyr. 1879-njy ýylda Lazarew Türkmenistana gelende, Çekişlerde Dykma serdaryň ýesir çalyşmaga baran ogly Akberdi han bilen duşuşýar. Teke ýesirlerini boşadýar. Akberdi handan Dykma serdara hat iberýär. Metal pul bilen Dykma serdaryň özüne ýüz manat, Akberdi hana hem elli manat aýlyk belleýär. Lazarewiň haty Aşgabatda bolan maslahatda okalýar. Tekeler uruşmaly diýen karara gelýärler. Lazarew 1879-njy ýylyň awgustynda ölýär we onuň ýerine general Lomakin bellenýär. Dykma serdar Gyzylarbadyň hany Sopy han bilen ilat Gökdepe galasyna ýygnanýança ruslary saklamak maksady bilen, olaryň arasyna barýar. Ruslar Dykma serdary göz tussagy edip saklapdyrlar. N. I. Grodekowyň tassyklamagyna görä, Dykma serdar ruslara peýdaly maslahatlar beripdir. Gökdepe galasy boýun egmänsoň, ruslar galany topa tutup başlapdyrlar. Şonda Dykma serdar özüniň gala iberilmegini haýyş edipdir, galadakylara uruşmaň diýip töwella etmekçidigini aýdypdyr. Emma ruslar onuň ýaragyny hem elinden alyp, tussag edipdirler. Galany alyp bilmän, yzlaryna barýarkalar bolsa Ýakubow diýen dagystanly bir dilmaç Dykma serdaryň sakgalyndan tutup silkipdir. Öň ruslar bilen uruşmazlygyň, parahatçylykly gatnaşyk etmegiň tarapynda bolan Dykma serdar şondan soň olaryň ganym duşmanyna öwrülipdir. Ruslar Bendesene ýetenlerinde ol ýanynyň adamlary bilen ruslaryň arasyndan gaçypdyr. Dykma serdaryň ruslaryň arasynda bolmagy ony ynamdan gaçyrypdyr. Oňa dönük hökmünde garap, obasyny talapdyrlar, Dykma serdar aman sorap, Nurberdi hanyň ýanyna barypdyr. Nurberdi han Garaganda maslahat geçirip, Dtkma serdary dönük hasaplamaly däl diýen karara gelýär. Oňa ruslaryň üstüne çozup, ynjalyk bermezlik tabşyrylypdyr. Dykma serdar ruslaryň üstüne telim gezek şowly çozuşlar edipdir, olara köp maddy zyýanlar ýetiripdir, ençeme soldatlaryny ýok edipdir. Nurberdi han ölenden soň, Dykma serdaryň täsiri has güýçlenýär. M. D. Skobelewiň 1880-81-nji ýyllardaky ikinji Ahalteke ekspedisiýasy döwründe tekelere, esasan, Dykma serdar ýolbaşçylyk edipdir. Resmi taýdan şeýle diýlip yglan edilmedigem bolsa, hakykat ýüzünde Dykma serdar tekeleriň baş komanduýuşisi bolupdyr. Maslahatlara köplenç Dykma serdar ýolbaşçylyk edipdir we esasan, onuň pikirine gulak asypdyrlar. Ähli söweş hereketlerine hem şol ýolbaşçylyk edipdir. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepe galasy alnandan soňam Dykma serdar esli wagtlap ruslara boýun egmän gezipdir. Diňe rus goşunlary Kaka etraplaryna barandan soň, M. D. Skobelewiň ýanyna baryp, atyny-ýaragyny tabşyrypdyr. Dykma serdar tekeleriň şol ýyl Peterburga giden ilkinji wekillerine (deputasiýasyna) ýolbaşçylyk edipdir. Dykma serdar iň batyr, iş edenli serdar hasaplanypdyr. Ýöne juda öz diýenlidigi, käte adyllygy goldan berýändigi üçin ony beýle bir halamandyrlar. Dykma serdar gaty uly hem çylşyrymly şahsyýet bolupdyr. Onuň taryhy roluna birtaraply baha bermek mümkin däl. Häzir taryhçylaryň hem edebiýatçylaryň arasynda Dykma serdaryň dönüklik edendigi ýa-da etmändigi hakda jedel dowam edýär. Käbiri onuň ruslaryň arasyna barmagyny dönüklik hasaplaýar, käbiri bolsa ol öz ygtyýaryna barmandyr, ony ruslar tussag edip äkidipdir diýýär. Dykma serdaryň bu hereketine hatda onuň öz döwründe hem şunuň ýaly gapmagarşylykly garapdyrlar. Ýöne bir zat aýdyň. Birinji rus ekspedisiýasy döwründe Dykma serdaryň hereketine birmanyly baha bermek mümkin bolmasa-da, M. D. Skobelewiň ekspedisiýasy döwründe onuň uruşmagyň tarapdary bolup çykyş edendigine, tä iň soňuna çenli söweşendigine şübhe ýok. Her niçigem bolsa, Dykma serdaryň şahsyýetine her taraplaýyn, adalatly baha bermek, onuň terjimehalyndaky ähli pursatlary nazarda tutmak gerek.


Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


96

5

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 01.07.2024 / 09:28

+0

Aşgabatda Dykma Serdar koçesem bardy oytyan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Deneşdirme


*ýöne goşguçy diýjek boldum...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Düýn, 21:39)

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Düýn, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Düýn, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Düýn, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Düýn, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Düýn, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Düýn, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Düýn, 12:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика