Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Jüneýit han)
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
 01.07.2024 / 20:25
 ☪️🇹🇲

JÜNEÝIT HAN

Jüneýit hanyň hakyky ady Gurbanmämmet serdar bolup, ol 1862-nji ýylda Tagta (häzirki Görogly etraby) etrabynyň Bedirkent obasynda dogulýar. Onuň kakasynyň ady – Hajybaý. Jüneýit han ýomutlaryň orsukçy urugynyň Jüneýit tiresindendir. Onuň ogullary Eşşi bilen Eýmir hem örän edermen ýigitler bolupdyr. Jüneýit han birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolup işläpdir. 20-nji asyryň başlarynda Hywa hany patyşa hökümetiniň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän ýer-suw we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsuz hem patyşa hökümetiniň kolonial syýasaty zerarly horluk baryny gören türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar. Türkmeniň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýit hany orta çykarýar. Ilkibada ol özüniň gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp, serdar adyna mynasyp bolýar. Soňra ownugrak galtamanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini özüne tabyn edýär, hat-da, adalatyň hatyrasy üçin özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady bilen baglanyşykly ony Jüneýit han diýip atlandyryp başlaýarlar. Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyň garyp ýada baý bolmagyna garamazdan, olaryň ar-namysyny, hak-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýit hanyň adalatly taraplary barada ilat arasynda aýdylýan gürrüňler köp. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: «Bir gün Jüneýit hanyň ýanyna ýomutlaryň uşak urugyndan bir pukara gelipdir. Ol:
– Alty ýyllap baýyň dowaryny bakdym, keýwanym hem şolaryň gapysynda hyzmat etdi, indem dogmamyz ýetişdi, öýli-işikli etmek üçin mal-teňňe gerek diýsem, ýeňsesi bilen gepleşýär – diýip, hana arz edipdir. Onda Jüneýit han:
– Näme üçin öňräk gelmediň? – diýipdir. Ol:
– Hudaýlygymy sözlesem, şol baý siziň bilen gatnaşykly bolansoň çekindim – diýip jogap berýär. Onda Jüneýit han:
– Özünden ejizi ynjydýan bolsa, iki gözümiň birem bolsa, menden şoňa eglişik bolmaz. Onda şeýdýäs, alty ýyllyk hakyň üçin baý gyzyny seniň ogluňa berer. Häzir men seniň üçin birküç adamy sawçylyga iberjek. Aýalyň hyzmatynam öýüňe ýetip ýetmänkäň üzülişer ýaly ederin.
Bu gürrüňe agzy uçuklan pukara zordan gürrüňini düşündiripdir. Ýöne han gürrüňi çagalatmandyr:
– Bar-da toý gamyň bilen boluber, saňa, täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga milt etse, men şol baýa ärmemmet diýerin – diýipdir».
1912-13-nji ýyllarda Hywa hany patyşa hökümetiniň kömek bermegi netijesinde türkmen obalaryndaky gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär. Jüneýit han bolsa türkmenleri töweregine jemläp, olara garşylyk gerkezýär. Indi Jüneýit hany diňe türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan syýasatyndan nägile bolan özbekler, garagalpaklar, gazaklar hem işjeň goldapdyrlar. Ol halkyň bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr. 1913-nji ýylda türkmenleriň ýaraglanan topary 15 müňe ýetipdir. Türküstandan patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit hanyň uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri hem oňat düşünipdirler. Şoňa görä-de 1914-nji ýyldan başlap Jüneýit hanyň ähli alyp baran işlerine ilki german-türk, soňra bolsa iňlis-türk razwedkasy goldaw berýär. 1916-njy ýylda Hywa hanynyň eden-etdiligi, patyşa Russiýasynyň kolonial sütemi diňe bir türkmenleriň däl, eýsem özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki halklaryň hem halys degnasyna degýär. Hywa hany ýerli halkyň namysyna degip, hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen alyp, öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär. Şonuň üçin Jüneýit han Türkmeniň ar-namysy üçin ykjam aýaga galýar. Ony goldaýan toparlar has köpelýär. Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr. Jüneýit han gerek ýerinde näçe gazaply bolan-da bolsa, yslam dininiň we şerigatyň düzgünini dogry hem berk ýöredipdir. Bu meselede ol Han işan bilen bilelikde hereket edip, Hywa hanlygyny, başarsa, bütin Türküstany rus basybalyjylaryndan azat etmäge synanyşýar. Ýöne bu meselede Hywa hany Isfendiýar belli bir derejede päsgel berýärdi. Onuň etmişlerl zerarly, özbekler, garagalpaklar häli-şindi Jüneýit handan kömek sorap, arz edip gelýär eken. 1916-njy ýylyň ýanwarylda Hojailidäki özbekler özleriniň nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende, Isfendiýar han olary tussag edýär. Hojailiniň ýaşululary kömek sorap, Jüneýit hana ýüz tutýarlar. Ol hem 3 müň atly nöker bilen Hywa galasynyň sebitine gelip, tussag edilenler bir gije-gündiziň dowamynda boşadylmasa, paýtagta girip, ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendiýar hana duýdurýar. Gepleşik netije bermänsoň Jüneýit han diýenini hem edýär. Isfendiýar hany bolsa tagtdan düşürýär. Emma patyşa administrasiýasynyň bu işe goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär. Jüneýit han bolsa ondan 60 müň manat hun alyp, ýene-de yzyna dolanýar. Ýöne ýurtda halk gozgalaňy barha möwç alýar. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Galkiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji otrýad türkmen obalarynyň içinden ot we gylyç bilen geçýär. Bu gyrgynçylyk ilat arasynda häli-şindilerem «Galkin ýyly» diýip ýigrenç bilen ýatlanylýar. 1916-njy ýylyň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň, Jüneýit han Owganystana gidýär. 1917-nji ýylyň sentýabrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp gelende, ýurtda ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi. Hywada wagtlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde halkyň rewolýusion hereketine garşy aýgytly göreş alyp barýardy. Jüneýit hanyň ozalky alyp baran ähli göreşi rus kolonizatorlaryna we Isfendiýar hanyň eden etdiligine garşy gönükdirilen bolsa, indi wagtlaýynça olar bilen umumy ylalaşyga gelip, Sowet häkimiýetine garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendiýar han hem Juiýeýit hanyň güýjüne daýanmasa, ýurdy özbaşdak dolandyryp biljek däldi. Hywa tagtynda başga bir han otursa-da, hakykatda 1918-20-nji ýyllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýit hanyň özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar. Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara dözümli darapdyr. Hut şonuň üçin Jüneýit hanyň ýurdy dolandyran döwründe ogurlyk, talaňçylyk, günäsiz adamy öldürmek, esassyz nika bozmak ýaly türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr. Şol döwri gören ýaşulularyň aýtmagyna görä, hemme zat ýatan-ýatan ýerinde, hiç kim kişiniň zadyna birugsat el degirmändir. 1918-nji ýylyň baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrostansiýanyň gurluşygy soňy bilen hanyň raýatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken. Ol özüniň manatlyk teňňe puluny çykardýar we salgyt sistemasyny girizýär. Bu, elbetde, özbaşdak türkmen döwletini döretmäge bolan synanyşygyň alamatydyr. Hywa hany Isfendiýar eden-etdilige ýüz urup, halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýit hanyň geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmege synanyşýar. Şonuň üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ol Jüneýit hanyň görkezmesi boýunça özüniň «Nurullabaý» köşgünde öldürilýär. Onuň ýerine Isfendiýaryň kiçi dogany Seýit Abdylla töräni tagta çykarýar. Emma ähli häkimiýet Jüneýit hanyň elinde jemlenýär: Ol Angliýa, Türkiýe, Owganystan, Eýran, Buhara we Türküstanyň ähli künjekleri bilen aragatnaşyk saklaýar. 1918-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Jüneýit hanyň Dörtgülde Sowet häkimiýetini agdarmak üçin eden hüjümi şowsuz gutarýar. Ol 1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde Tagta (Görogly) etrabynda Sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak baradaky ylalaşyga gol çekýär. Gol çekişligiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp, Zakaspi frontunyň ştaby front üçin 700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär. Emma Jüneýit han bu haýyşy kanagatlandyrmak islemändir. Eger kömege iberäýende-de, köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir. Üstesine-de, kömege iberiljek atlylary musulmanlaryň, aýratynam Oraz serdaryň we Eziz hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdurýar (ol Eziz han bilen ýakyn aragatnaşykda eken). Sowet häkimiýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär. 1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl Goşun bilen bolan aýgytly söweşden soň, Jüneýit hanyň atlylary öz maşgalalary bilen guma – Akjaguýy diýen ýere çekilýär. 1921-nji ýylyň aprelinde Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganystandan, Şyhym Sülgüniň ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3 müň tüpeň, 54 müň ok, birnäçe pulemýot we başga-da dürli harytlar ýüklenen kerwen gelýär. 1924-nji ýylda Garagumda Palçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýit hana Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri, ýarag we başga harytlar gelýär. Şol ýylyň ýanwarynda ol Daşhowuz (Daşoguz) Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar. Emma Gyzyl Goşunyň jemlenen uly otrýady Jüneýit hanyň toparyna güýçli zarba urandan soň, ol ýene-de guma çekilmäge mejbur bolýar. Sowet häkimiýetiniň wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýit han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler geçirýär. Oňa G. Atabaýew, N. Aýtakow dagy hem uly sarpa goýupdyrlar. Halk Komissarlar Soweti 1925-nji ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň we graždan hukugynyň eldegrilmesizdigini ykrar edýär. Jüneýit hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5 müň gektar ýer bolup berip, olary üç ýyllap salgytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňünde tutulýar. Emma Jüneýit han ylalaşyga girmändir. Ylalaşyga gelmän akylly iş edipdir. Jüneýit hanyň mamladygyny soňky wakalar görkezdi. Sebäbi Gaýgysyz Atabaýewiň özi hem totalitar düzgüniň pidasy boldy. 1927-nji ýylda Jüneýit hanyň Sowet häkimiýetine garşy Ýylanlynyň töwereklerinde alyp baran birnäçe söweş hereketleri şowsuz gutarýar. Şondan soň, 1928-nji ýylyň iýun aýynyň aýagynda az sanly nökerleri bilep Eýrana geçýär. Soňra 1929-njy ýylda Owganystana göçüp, Hyrat welaýatynyň obalarynda türkmenleriň arasynda mekan tutýar we 1938-nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.
Eşşiniň iki ogly Elem serdar bilen Saýer Hyrat şäherinde ýaşaýar. Eşşiniň uly ogly Taýça soň Ekrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdyr. Taýçanyň 4 ogly häzir Eýranda ýaşaýar.
Jüneýit han käbir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de bolsa, umuman, onuň alyp baran işleri adalatly we külli türkmeni birikdirip, bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanyşyk bolupdyr. Ol daşary ýurtlarda bolanda-da öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir, türkmen adyny belent tutupdyr.


Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


81

6

3

1

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 01.07.2024 / 20:31

+0

Kitaby elektrona geçiren kimem bolsa ýalňyşlyk baryny goýberipdiraý. Kitapdan şol durşuna kopýalasaň düşünip boljak dälem

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 02.07.2024 / 10:02

+0

Bu mowzuga acypdym men yone hanlar barada yazanson bolya


Özümiziňki
Agzamen  (02.07.2024 / 11:44) 

BAYOGUL, bilemokdym. Seň açanyň bilen ikisi bir zat kopýamy? Eger meňzeş ikisi bir zat bolsa aýyrjak men muny


Premium
BAYOGUL  (02.07.2024 / 12:20) 

Agzamen, howwa ozunem goray

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 02.07.2024 / 10:11

+0

Şamyrat Taganow Juneyit han powesti.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Hezil gitýämi???...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 21:19)

Konfrensiya gijesi 6


Men baryan. Gelin sizem...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 21:15)

Konfrensiya gijesi 6


Goşulýalarmy onsaň?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 21:13)

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Şugün, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика