Owazadar bolup älem-jahana,
Öz ilinde hökmi ýerän rowana,
Eýýamynda ganym geldi amana,
Keýmir atly sahypkyran geçipdir. (Zenuby).
Türkmen taýpalarynyň biri bolan tekeler hem beýleki kowumdaş taýpalar ýaly agyr günleri başyndan geçirýär. Halk arasynda:
Gökdere, Çagyldyr tekäniň jaýy,
Oýukly, Sopuda köp gezer baýy,
Bir Torgaýyň çömmügi, Süntüň süýrüsi,
Bezirgen jülgesi, ýeriň niresi.
Çardagly-Çandybil – Kämil ýaýlasy,
Balkan dag, Garagum – sansyz galasy
—diýlip, tekeleriň gadymy kül döken mekanlary barada söhbet açylýar. Bu şygryň «Çardagly-Çandybil – Kämil ýaýlasy» diýen setirlerinde agzalýan ýerler Balkan daglarynyň demirgazyk-gündogar taraplary, ýagny Çarwa we Kämil atly otluk hem-de suwluk ýaýlalar bolmaly. Legendar gahryman Görogly begiň mekany hem şu ýerler bolupdyr. Teke türkmenleriniň elmydama diýen ýaly baş hanlary (ýöne olar serdar ornunda) we hanlyklary bolupdyr. Horezm şalary wagtynda-da, ondan öň hem, soň hem tekeler Garagumy talaňçylardan, gelmişeklerden gorapdyrlar, özleri hem Gökdepe (Ahal), Tejen, Mary, Balkan, Sarygamyş we Was sebitlerinde ýaşapdyrlar. Horezm şalary, Hywa hanlary bilen hem Merkezi Garagumuň üstünden Eýran tarapdan hiç hili ýagy goýbermezlik şertnamasy esasynda ýaşaşypdyrlar. Bu ýagdaý tä Hywa hany Mädemin syndyrylýança (1855) saklanypdyr. Musulmanlara Çingizden (Temuçin, Žeňgiz) hem on esse zyýat zowal ýetiren patyşa Teýmirleň (Teýmir agsak – ölmeziniň öňüsyralarynda musulmançylygy kabul edýär) Garagumuň üsti bilen Köneürgenje we Bedirkende göçmekçi bolanda, Aman han Döwletýar beg oglunyň, baştutanlygyndaky teke türkmenleri uly uruş edýärler, edil Gökdepe (gala) urşundaky ýaly söweşip gyrylýarlar. Soňra Teýmirleň ol ýerleri basyp alansoň, külli tekäni tüketmek maksady bilen olary Hytaý serhedindäki ot-çöp bitmeýän, tozanly, ýel öwsüp ýatan şor ýere – Taklamekana sürgün edýär. Tekeler bu kapyryň gazabyna griftar bolup, Taklamekanda, Nurgarabaýyr dagynda, Kermenede, Kelif-Uzboýuň ýakasynda, Antguýuda (Owganystanda), umuman, dört asyra golaý ýurdundan aýraçylykda ýaşaýarlar. Olar Antguýudakalar 1712-nji ýylda Hojanepes batyryň maşgalasynda bir dogma dünýä inýär. Oňa Keýmir (aňladýan manysy gaýtmaz, dönmez, göni, sowulmaz) diýip at goýýarlar. Döwletmämmet Düýegöz Orazmämmet ogly şol wagt tekeleriň ýaşulusy bolupdyr. Keýmir onuň terbiýesinde kämilleşýär. Şirgazy hanyň söwer dosty Döwletmämmet Düýegöz aga Şirgazy handan ygtyýar alyp, 1719-njy ýylda külli tekäni Wasa göçürip getirýär. Şonda Keýmir ilki öz tireleriniň, soň utamyş urugynyň serdary, soňam Döwletmämmet Düýegöz aganyň baş serdary, orunbasary ýaly wezipelerde halkyna hyzmat edýär. Şirgazy hanyň ölüminden (1728) soň kada-kanunlaryň üýtgänligi, şertnamalaryň bozulanlygy, Wasa çekilen aryk-ýaplaryň gömlüp, suwunyň kesilendigi hem-de özüniň gaty garrandygy sebäpli, Döwletmämmet Düýegöz aga "Öli diýerler ol kişä, ýaş togsandan aşansoň» diýen halk pähimine eýerip, ýaşululygy Keýmire tabşyrýar. Ol Wasda durarlyk galmandygy üçin gadymy mekana – Ahal we Merkezi Garaguma dolanmagy maslahat berýär, özi bolsa köp wagt geçmänkä şol ýerde aradan çykýar. Emma Ahala gelseler, baryp Horezmiň paýtagty Köneürgençden Hywa geçmezinden 40-50 ýyl öň Ýemreli oýundan ýemreliler, Alili oýundan bolsa alililer Horezm şalary bilen tersleşip, bu ýere gelipdirler we Eýrana raýat bolupdyrlar. Tekeler bolsa Tejen – Üçburç, Ýolbarsly sebitlerinde mesgen tutunyp, Damla, Ýerbent, Kyrkguýy, Mamur, Garryçyrla, Kurtuş sebitlerinden tä Balkan ýakalaryna çenli ýaýraýarlar. Emma Eýranyň dikmeleri – Etek galalarynyň baş hany Ugurly gazak (ýemreliniň gazak tiresinden), Mary welaýatynyň baş hany Baýramaly han (şyga, gajarlaryň hany) we Eýran hanlyklary birleşip, tekeleri ýene-de sürgünde bolan ýerlerine kowmak isleýärler. Olar Eýran goşunlary bilen goşulyşyp, çarwa tekelere gün bermeýärler. Ýogsam, şol garyndaş taýpalara Ahal, Tejen, Balkan, Was sebitlerine çenli müňlerçe ýyllykdaky gadymy gonamçylyklarynyň ýatandyklary-da aýdylýar. Emma olar eýranly zalymlaryň penjesinde bolandyklary üçin öz garyndaşlarynyň üstüne ýykgynçylykly çozuşlar edýärler. Keýmir öz orunbasary Annaseýit wekili (çeltekýagly), Amandöş, Esenoglan ýaly serdarlary, Annaöwez (gyzylgöz – ýalyňaýak) işabaşyny (goşun serenjamçysy), onbegileri, atalyklary, ynaklary (geňeşçilerini) çagyryp maslahat geçirýär. Görogly soltandan (8-9-njy asyr) tä Şirgazy han zamanyna çenli 18 sany baş hanlygyň gowgaly günlerini, Teýmirleň bilen bolan çaknyşykda «Biz diňe Hakdan gorkýarys. Horezm şalary bilen ähtimiz bar, «Ähtinden dänen nembez (nesilsiz) bolar» diýipdirler. Şonuň üçinem sizi Garagumuň üsti bilen goýbermeris...» diýip, uruşdan öň gepleşik geçiren teke begi Aman hanyň sözlerini, özüniň atasy hasabynda, uly iliň hem sahaba hökmünde garan, hormatlan ýaşulusy Döwletmemmet Düýegöz aganyň «Biz hiç haçan, hiç kime degmedik, degendenem gaçdyk, ýöne ýaý boýy gaçdyk»... diýip, aýdan nesihatlaryny ýatlan Keýmir geçmişini, häzirki we geljekki ýagdaýlaryny paýhas eleginden geçirýär. Baryp, Wasda oturýarkalar ençeme gezek gaça uruşlar eden duşmany Nedirguly awşaryň 1736-njy ýyllarda Hywa hanynyňkyda tussagdaka özi bilen dostlaşyşy (şol wagtlar Keýmir utamyş urugynyň serdary), onuň özüni boşatdyrmak üçin özelenip ýalbaryşy, Döwletmemmet Düýegöz aganyň üsti bilen Nedirguly awşary tussaglykdan boşadyşy, onuň Keýmir bilen eden ähtnamalary, emma Eýrana şa bolansoň, biwepalyk edip, häli-şindi çapawulçylykly çozuşlar edip durmagy maslahata ýygnananlary oýa batyrdy. Emma olar hiç haçan Eýrana tabyn bolmandyklary we geljekde-de bolmajakdyklary barada bir çukura tüýkürip, pikirlerini çugdamlaýarlar. Tekeler Balkan eteginde oturanlarynda Eýran leşgerleri ençeme çozuşlar edýär. Olaryň geljegini aňyp, çagalaryny, aýal-gyzlary, garrylary Kurtuşbaba eltip, yzlaryna dolanyp gelip eden söweşlerinden soň köp heläkçilik çekip, ýeňlen duşmanlaryň Garagum çölüne çozuşlary azalýar. Emma şol wagt Büjnürt hanynyň baştutanlygynda öz raýaty bolan Ahal arkajyndaky we Etek galalaryndaky türkmen taýpalarynyň mejlis-maslahatlary köpräk çagyrylypdyr. Olar tekeleri Garagumdan kowup çykarmagyň kül-külüne düşýärler. Keýmir kör Garagum çölünde ahyrky gaçybatalga diýip, deňziň demirgazyk gaýrasynda Ajykölüň töwereginde bir goluň daşyna ojar-gum aralaşdyryp berkitme-gala hem gurýar. Soň-soňlar onuň ojarlary çüýräp, guma garylyp gidipdir. Olar köp ýerlerde şeýle berkitmeleri gurýarlar. Büjnürt hany Kesearkajyň, Ahal we Etek galalarynyň hanlyklary bilen geçirmekçi bolýan uly maslahatyna Garagumda mesgen tutan teke türkmenleriniň serdary Keýmiri-de çagyrýar. «Çagyrylan ýere irinme...» diýen nakyla eýerip, Keýmir hem maslahata barýar. Ýygnakda ençeme düşündiriş we guramaçylyk işleri hakynda gürrüň edilýär. Soňra gala hanlary öz ýagdaýlary barada aýdýarlar. Ahyrsoňy Büjnürt hany Keýmire ýüzlenýär:
– Keýmir teke, siziň watanyňyz – ýurduňyz nire?
– Han hezretleri, biziň mekanymyz-ýurdumyz Garagum çölüdir.
– Onuň belli orunlary-şäherleri haýsylar?
– Belli orunlarymyz – şäherlerimiz: Kurtuş, Zäkli, Üňüz, Ýerbent, Garryçyrla, Üçburç, Ýolbarsly, Damla hem beýleki ownuk şäherlerdir.
– Galalaryňyz haýsylar bolar?
– Galalarymyzam Hatapgala, Galtakgala, Akjagala, Gyzyljagala, Çeltekgala, Şeýtangala hem başgalar, han aga! Keýmir sözüniň üstüni ýetirip, Garagum çölüniň giňdigi, onuň bir ýanynyň Hywa, ýene bir ýanynyň Buhara emirligi, beýleki bir tarapynyň Maňgyşlak bolup, tä Gazak ýurduna çenlidigi, uzyn tarapynyňam Eýran şalarynyň ýurdudygy hakynda aýdýar — şol aralykda biziň ilimiz çarwaçylyk-maldarçylyk bilen meşgullanyp, mallarymyzy, mal önümlerimizi goňşy welaýatlara eltip, galla hem beýleki harytlara çalyşýarys. Biz hiç bir şalyga, hanlyga – häkimiýete garaşly däl, öz ygtyýarymyzda, özümizi özümiz dolandyrýarys. Hiç kime zyýan bermeýäris, gaýtam ýagşylyk edýäris, ýalançylyk, erbetçilik bolsa iň ýigrenýän zadymyzdyr, han aga! – diýýär. Keýmiriň batyrgaý sözlerini diňläp, Ugurly gazak äsgermezlik etjek bolýar:
– Keýmir kör, bize argyşa gelen tekeleriňizden habaryňyz barmy? Biz olary horlap, aýallaryny-da basgylapdyk diýende, Keýmir kör tarsa ýerinden turup, gazap bilen Ugurly gazaga (hana) ýiti nazaryny dikýär-de, başyndaky telpegini ýere patladyp urup, onuň üstünde lampa oturýar. Onuň bu hereketini synlan Büjnürt hany Ugurly hana garap: «Kör tekäniň telpeginiň üstünde oturmagynda bir gep bar» diýen. Soňra ol Keýmire garap:
– Seniň näme aýtjak zadyň bar, belki ýatdan çykaransyň, ýene-de aýtjak zadyň bolsa aýt? – diýýär. Ol bolsa:
– Meniň aýtjak sözüm ýok, maňa söz galmady – diýýär. Eýran şasynyň zor salmagy bilen Pendi, ŞeýhiJüneýdi (Guşgy) giňişliklerinde ýaşaýan türkmenler kem-kemden gysylyp, Mara göçürilip getirilýär. Şol ýyllarda Murgap derýasynyň ýakalary Eýrana garaşly bolan. Hemişe-de teke türkmenlerini halamadyk Baýramaly han tekeleri gelen ýerlerine kowmak üçin her hili pyssy-pyjurlyklar edýär. Marynyň aýagynda oturan teke çarwalaryny talap, azar ýamanyny berýärler, hatda oglan okadýan mollany-da, okaýan oglan-gyzlary-da horlap, olaryň namyslaryna degýärler. Oglanjyklaryň ujydyny kesmek ýaly ynsanlykdan çykmalardanam gaýtmaýarlar. Bu ýagdaýdan soň Garaguma ýaýrap oturan tekeleriň ähli aksakgallaryny we serdarlaryny ýygnap, Keýmir uly mejlis-maslahat geçirýär. Şonda Baýramaly şyganyň öz edişindenem beter etmeli, olary talamaly diýip çykyş edenler-de bolýar. Birnäçesi bolsa gyssanmazlygy, öz wagty, ýeri gelende ar almagy, halkda günä ýokdugyny, eger häzir uruş edilse, ýene-de halka uly zyýan ýetmeginiň mümkindigini maslahat berýärler. Keýmir bolsa teke türkmenleriniň hiç haçan alamançylyk etmändigini, diňe öwezine alamançylyk edendigini, onda-da aýal-gyzlary ýesir almandygyny düşündirýär. Ol onsoň Amandöş (öz baş serdary) serdaryň, Annaseýit wekiliň (orunbasary) we beýleki akyldarlaryň çykyşlaryny diňläp, kömek sorap Hywa hanyna ýüz tutmagy makullaýar. Muny hemmeler goldaýarlar. Annaseýit wekiliň baştutanlygynda bäş sany adam Hywa hanynyňka we Hywa hanynyň teklibi boýunça soňra Buhara emiriniňkä baryp, Keýmiriň haýyş-towakgalaryny ýetirýärler.
– Horasan welaýatlary Jengiz hanyň ýörişlerinden öňem türkmen taýpalarynyň ýurdudy, hatda ondan aňyrdaky zamanlarda-da olaryň ýaşan watanydyr – diýip, Buhara emiri Şamyrat Welnamy maslahatda aýdýar. Olar ýene-de bir aýyň dowamynda sähetli güni duşuşmagy karar edýärler. Garagum sährasyna goşun çekip ugraýarlar. Amandöş serdaryň baştutanlygyndaky Keýmir körüň goşuny-da ýola düşüp, olar Dänew bilen Baýramalynyň ortalaryndaky gadymy Uzboýuň akgyt ugrunda ojar tokaýlarynyň arasyndaky Köpguýy diýen oýda duşuşýarlar. Dem-dynç alansoňlar salkyn bilen Baýramala ugraýarlar. Baýramala menzil ýarym galanda düşläp, gijöýlän ýene ýola düşýärler. Gije il ýatyp, it uklanda Baýramalynyň 10-11 çakyrym (1,06 km-e deň) golaýynda düşleýärler. Amatly ýerde jaýlaşansoňlar dessine işe girişýärler. Hywa hanynyň, Buhara emiriniň hem Keýmir körüň her biriniň saýlama nökerlerinden 200 (jemi 600) atlyny jemläp, Baýramaly hanyň üstüne hut şol gije ugradýarlar. Olaryň gijäniň bir wagty duýdansyz dökülmegi Baýramaly hanyň gahar-gazabyny ýetjek derejesine ýetirýär. Çapawul atlylar aldym-gaç urşuny edip, käte yzlaryna serpigip, gaça uruş edýärler. Çapawullar şol gidişlerine bellenen ýere daňdanlar – namaz wagty gelýärler. Keýmiriň we Hywa hanynyň goşunlary ertir namazyny okap ýetişip, öz orunlarynda taýýarlykly duran bolsalar, Buhara emiriniň goşuny namaz okap ýetişmändir. Şonda Welnamy ymamyna garap: «Gysga süre saňa ne kyldy..?» – diýip käýýäpdir. Şunlukda, hersi bir gapdaldan, Keýmir bolsa çat garşysyndan çykyp, Baýramalynyň goşunlaryny dargadýarlar we köpüsini ýesir alýarlar. Baýramaly han ahyrsoňy ýaraglaryny taşlap, nökerleri bilen tabyn bolýar. Olar ýesirleri bilen bilelikde Baýramaly şygany öňlerine salyp, şäheriň çetinden baranlarynda ilat ýaşulularyň baştutanlygynda olary duz-çörekli garşylap, Baýramalydan dynanlaryna begenýärler. Baýramalynyň özüni bolsa bütin şähere aýlaýarlar. Keýmir kör şonda burkaz, aýmak, owgan, haryn, salyr, saryk, soltanyz ýaly ençeme ýerli türkmen taýpa-tireleri bilen hiç hili öjüniň ýokdugyny, emma Baýramaly şyga bilen öçlüdiklerini, bu betbagtçylygyň esasy günäkäriniňem hut Eýran dikmesi Baýramaly şygadygyny aýdýar. Olar Baýramalydan dynansoňlar Maryda türkmen begligini döredip, ony Hywa – Buhara tabyn edýärler. Alnan baýlyklary, oljalary, hatda eýer-esbapdyr ot-iýmlere çenli täze döredilen beglige tabşyrýarlar. Baýramaly hanyň hanlygyna degişli baýlyklaryň ählisini hasaplaýarlar, eýranly baý şygalaryň artyk baýlyklaryny-da döwlet haýryna alýarlar. Şygalary hem birnäçe kakabaşlary maşgalasy, mal-garasy bilen Buhara, ýagny Amyderýa bilen Syrderýa aralygyna sürgün edýärler. Myhmanlary ugradyp, Keýmirem gaýdansoň, Annaseýit wekil 100 atly nöker bilen bir aýlyk galýar we täze begligi tertip-düzgüne salmaga kömek edýär. Bu waka 1785-nji ýylda bolýar. Şol guralan türkmen begligi 1785-nji ýyldan tä 1855-nji ýyla, Hywa hany Mädeminiň Sarahs urşundaky ölümine çenli dowam edýär. Bu ýerde türkmen begliginiň döredilenini eşiden Büjnürt, Maşat hanlary öz janlaryny saklap bilseler razy bolupdyrlar. Baýramaly han ölensoň, ol hakda her hili masgaralaýjy goşgular düzülipdir. Şolaryň biri-de şol döwürlerde ýaşan Gara şahyryň Maru-şahu-jahan hakyndaky «Seniň üstüňde» atly şygrydyr. Baýramaly han tutulyp, ýoklanandan soňra Annaseýit wekil «Garagum çarwalarynyň guşluk tarapy Owganystana barýança giňän ýaly bolaýdy» diýipdir. Şol ýylyň tomsunyň ahyrlarynda Ugurly han üç günlük uly toý tutjakdygy hakynda çar tarapa habar ýollaýar. Ol obadan ep-esli açyklykdaky toýhanasynda iki sany örügöý (ak öý) tutup, olaryň içinde gelin-gyzlary oturdýar. Toý habaryny eşiden Keýmir bolsa ähli ýaşululary ýygnap (Büjnürt hanynyňkyda bolan maslahatda Ugurly hanyň aýdan sözlerini ýatlap), indi ar-namysdan çykmaga wagtyň gelendigi hakynda maslahat edýär. «Arym köýenden, imanym köýsün» diýipdirler, arnamysyň astyndan çykalyň!» diýip sözüni jemleýär. Soňra Keýmir serdarlaryny çagyrýar, olaryň her haýsyna gerekli nökerleriň, azyk-suwluklary ýüklär ýaly düýeleriň sanyna çenli aýdýar. Olar şondan soň 25 güni geçirip, 26-njy gün jemlenip, öýle namazyny okap, güni gijikdirip ýola düşýärler. Ýolbelet diýip üç adamy getirýärler. Keýmir olary synlap, sözleşip, olaryň birine ýüzlenip: «Taňňym (Taňňy Göbe – amaşa), sen taparsyň, öňe düş!» diýipdir. Keýmir dagy Ahalata (Ahalbaba, Akhalata, Akhalbaba) gonamçylygynyň bir menzil ýeňsesinde Düňölen guýusyna barýarlar. Gijäniň ýarymynda 100 atlyny eýýäm toýunyň bir güni geçen Ugurly gazagyň üstüne çapawulçylyga ugradýar we olara Ugurly hanyň gelnini hem gyzyny alyp gelmegi buýurýar. Özleri-de Düňölenden atlaryny, düýelerini suwa ýakyp, çeleklerini, meşiklerini doldurýarlar. Guýynyň agzyna gyzgan-ýylgyn, ojar-çerkez ýaly çöp basyp, üstüne-de keçe ýapyp, mazaly örtüp, gum bilen gömýärler. Özleri-de guýynyň demirgazyk, gündogar, günbatar taraplaryny gurşap ýatýarlar. Daňdanlar baran atlylar Ugurly hanyň gelni bilen gyzyny alyp, gün doganda Düňölene gaýdyp gelýär. Ugurly gazagyň kowgy atlylary guşlukdan günorta çenli ýol geçýär. Olaryň gözi guýynyň agzyna düşende guýy gömlüpdir diýip düşünýärler. Şol ýerde bolan çarwa urşunda (taýakly, gamçyly uruş, eger gylyçly garaw gaýtarsa, ýarag ulanmaly) olar aman diläp, ellerini galdyrýarlar, käbirleri bolsa gaçýarlar. Ýesirleriniň at-ýaraglaryny alyp, ýaralylarynyň ikisini bir ýaba mündürip, şol gije obalaryna ugradýarlar we olara ilgün bilen işleriniň ýokdugy, Ugurly hanyň gedemligi barada aýtmaklaryny pugta tabşyrýarlar. Keýmiriň atlylary şol gije Düňöleniň agzyny açyp, mallaryny suwa ýakyp, gaplaryny suwdan dolduryp, ertesi irden yzlaryna tarap ýola düşýärler. Iki menzil ýöränsoň, Ugurly hanyň iberen töwellaçy ýaşululary yzlaryndan ýetýär. Keýmir aga olaryň töwellalaryny kabul edip, gelni bilen gyzyny gaýtaryp berýär. Soňra olara:
– Biziň ýemreli garyndaşlar bilen hiç hili adawatymyz (duşmançylygymyz) ýok, emma Ugurly gazak bilen öçli bolduk, ýagny Ugurly gazagyň özüniň sözi bilen şeýle bolduk. Şoňa görä-de «Deňleşen depe aşmaz» diýlişi ýaly, onuň özi bilen deň boljak däl, siziň töwellaňyzy il-günüň hatyrasyna kabul edýäris – diýipdir. Keýmir kör şol wagtlar 73 ýaşlaryndaky garry, sagdyn ýaşuly eken. Soňabaka tekeleriň mallary köpelýär. Olar Balkan daglarynyň demirgazyk-gündogar taraplaryna – Çarwa we Kämil ýaýlalary ýaly otluk, suwluk ýerlere ýaýraýar. Keýmir agany külli türkmen özleriniň aksakgaly, howandary hasaplapdyr. Ol bir ýany Balkan, beýleki bir ýany Sarygamyş çöketligine, Was sebitlerine çenli göçüp-gonup ýören, şeýle hem oturymly taýpalara janpena bolýar. Onuň özi-de, nökerleri-de çarwa durmuş obrazynda ýaşapdyr. 1788-nji ýylda 76-77 ýaşynda Keýmir serdar ýaşululygy öz oruntutary Annaseýit wekile tabşyrýar. Elbetde, onuň ornundan aýrylmagyna razylyk bermeýärler. Emma Keýmir şol mejlis-maslahat toýunda dirilikde öz ornuny laýyk adama tabşyrmagyň miýesser etmeginiň uly bagtdygyny, bu zeýilli ýagdaýyň aňsat-aňsat ýetdirmeýändigi özüniň hem gaty garrandygy, 80 ýaşyna golaýlandygy gaýtam, muňa begenip, has tutumly toý tutmalydygy baradaky çykyşyndan soňra Annaseýit hem başgalar-da muňa razy bolýarlar. Keýmir bolsa 1790-njy ýyllarda kowum-garyndaşlary we beýleki çarwalar bilen Maňgyşlagyň Hook diýen etrabyna barýar, şol ýerde 1800-nji ýylda aradan çykýar. Keýmir oglanka tyg degmegi zerarly onuň bir gözüne şikes ýeten eken. Emma ol soň-soňlar gutulyp gitse-de, yz galanlygy sebäpli onuň oglanlykdaky Keýmir kör lakamy galyberýär. Aslynda onuň gözi kör bolmandyr. Keýmir aksowult at ýüzlüräk, göz damarlary çylgym-çylgym gyzgylt, goýungöz, ýiti nazarly, uzyndan ýogyn boýunly, uly süýri kelleli, erinlek, eginlek, iri süňkbaşly, at ýeňseli, demirbeden, şir ýürekli, akyl-paýhasly, mylakatly, at üstündekä aýaklaryny üzeňňiden aýranynda ýere ýeteňkirleýän, päk ýürekli, ynanç-ygtykatly, namazly-täretli, syratly, pespäl, şahyrana, dilewar kethudadyr. Onuň ýedi ogly, bir gyzy bolan. Olar Annameňli serdar, Çarykly batyr, Bilek batyr, Çary batyr, Penjeli (Ata) pälwan, Garagol serdar, Aýnazar han, Aýlar (il içinde tutulýan ýörgünli ady Hakylly) dagydyr. Annameňliniň edermenligi hakynda «Ýusup-Ahmet», «Döwletýar beg» ýaly dessanlarda waspnamalar bar. Aýnazar handan üç ogul: Batyr, Orazguly, Taňryguly önüpdir. Orazgulydanam üç ogul: Gul çonak, Geldi çonak, Çepbe; Geldiden bolsa bir ogul: Bäbek; ondan hem Hojamuhammet dünýä inipdir. Keýmiriň tiresi: teke – utamyş – bagşy – daşaýak – akdaşaýak – gyzyl. Keýmir Maňgyşlagyň Hook diýen ýerinde jaýlanýar. Ol ölensoň nebereleri Hookdan ýurduna gaýdyp geleni üçin olara hooklar hem diýlipdir. Keýmiriň nesilleri, garyndaş-kowumdaşlary Aşgabat etrabynyň «Akdaşaýak» kolhozynyň Keýmir kör koçesinde, Arçmanda, Tejende, Maryda we başga ýerlerde ýaşaýarlar. Onuň örän dilewardygyny tassyklaýan ençeme rowaýatlar hem bar. Şol rowaýatlaryň birinde Büjnürt hany Keýmirden:
– Näçe nupusyň (ilatyň) bar? – diýip sorapdyr. Ol:
– Ýetişmedi, baryp ibererin – diýen. (Soňra Keýmir ýurduna gelip, 20 düýe gurt iberýär. Iş edinip sanasalar 40 müň gurt eken. Keýmir iberen adamyna özüniň her hojalykdan bir gurt ýygnap iberendigini hana aýtmagyny tabşyrýar. Häli-häzire çenli 40 müň öýli teke türkmenleri diýlip ýörülmegi-de şondan galypdyr).
Han:
– Keýmir, siz göçeniňizde näme üçin çalt göçýärsiňiz? – diýip soraýar. Keýmir:
– Gazaklar habara görä göçermiş. Bizem habara görä göçýäris, şonuň üçinem göçenimizi ýel biler, gonanymyzy gol biler – diýip jogap berýär. Han:
– Keýmir, galalaryňyz örän az-la?
– Bizde gala ornuny gollarymyz tutýar.
Han:
– Keýmir, sen nähili ata-eneden bolan adam?
– Meniň enem bir gär gol, atam bolsa degdi boran. Degdi boran gär goly alan, menem şondan bolupdyryn.
Han:
– Keýmir, adamyň, malyň, agajyň, ýoluň erbedi nähili?
– Kötelli dagdan igde ýükli, agzy gara eşekli, keçe telpekli bir adam geçip barýar eken – diýip, Keýmir oňa jogap beren.
Bir gezek Keýmir aga atly barýarka, öňünden çykan bir adam onuň bilen salam-helik edýär. Ol atyň syrtynda oturan 6-7 ýaşly gyzjagazy görüp:
– Keýmir aga, ýogsa-da, bu gyzjagaz seniň nämäň? – diýip soraýar. Emma gyzjagaz Keýmirden öňürti:
– Büý-ä meniň janym, men munuň jananasy, muň ejesi meň ejemiň gaýynenesi – diýip, özüniň Keýmiriň gyzydygyny aýdypdyr. Şonda ol adam oňa garap:
– Berekella, sen-ä gaty hakyllyja ekeniň, ömrüň uzak bolsun, hakyllym! – diýipdir. Şondan soň onuň ýörgünli ady Hakylly bolup galyberipdir.
Türkmen halkynyň gaýduwsyz gerçegi, Keýmir baba Azady, Zenuby, Magtymguly ýaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşan, pikir alşan, ähli türkmen taýpalaryny birleşdirmekde, olaryň arasynda gatnaşygy ösdürmekde ullakan işleri amala aşyran serdardyr.
Keýmir kör baradaky şu maglumatlaryň süňňi kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglundan alyndy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...