Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Hiç zat sebäpsiz däldir. Ykbal ikimizi sataşdyrdymy, diýmek, biri-birimizden öwrenjek zatlarymyz bardyr! #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Magtymguly han)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 02.07.2024 / 22:09

MAGTYMGULY HAN

Ahal tekeleriniň belli hanlarynyň biri Nurberdi hanyň ogly hem oruntutary. 1880-nji ýylda Nurberdi han aradan çykandan dört gün soň, Magtymguly han bütin Ahalyň hany diýlip yglan edilipdir. Han bellenen wagtynda Magtymguly han örän ýaş eken. Şoňa deňiç ol ylymdan, bilimden geregini edinen-de bolsa, heniz urşa, alamana gatnaşyp görmän eken. Şonuň üçin hem tejribeli Orazmämmet han onuň wezirligine, Gurbanmyrat işan bolsa tutuş Ahalyň kazylygyna bellenipdir. Şol wagt patyşa hökümeti Ahaly basyp almak üçin ikinji gezek harby ýörüşe taýýarlyk görýärdi. Müňlerçe adamy öz içinde toplan Gökdepe galasynyň bu gezekki goranyşyna meşhur Gurbanmyrat işandyr Dykma serdar bilen birlikde Magtymguly han hem ýolbaşçylyk edipdir. Şol döwürde ýaşap geçen Ilgeldi atly şahyr Magtgdmguly hanyň täze wezipä bellenmegini gutlap, onuň mertligini, şan-şöhratyny şeýle wasp edipdir:

Şükür, Alla, garry döwlet,
Nurberdi ogly hana döndi.
Gutluk bolsun gelen nobat
Magtymguly hana döndi.

Magtymguly şalyk etdi,
Yrak zemin ady gitdi,
Ýanaşgany weýran etdi,
Görüň, Rüstem Zala döndi.

Mälim bolşy ýaly, Gökdepe galasy 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ýarag güýji bilen syndyrylýar. Şondan soň, Magtymguly han takdyra ten berip, patyşa häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk etmeli bolýar. Aýratyn hem Tejeniň we Mary etraplarynyň Russiýanyň raýatlygyna uruşsyz geçmekleri ugrunda tagalla baryny edýär. Bu hyzmatlary üçin Zakaspidäki rus komandowaniýesi Magtymguly hanyň sylagyny ýetiripdir. 1884-90-njy ýyllarda oňa ilki maýor, soňra podpolkownik çini berilýär, şeýle hem Tejen okrugynyň naçalnigi wezipesine bellenilýär. Magtymguly han birnäçe gezek Peterburga baryp gelipdir, ikinji döwlet dumasynda Zakaspi türkmenleriniň adyndan wekilçilik edipdir. Patyşa hökümeti Magtymguly hanyň bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, oňa polkownik çinini berýär, ömürlik uly pensiýa belleýär hem-de ony ordendir medallaryň ençemesi bilen sylaglaýar. Türkmenistanyň geçmişini öwrenýän taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Magtymguly hanyň ömrüniň soňky döwrüne degişli ýazgy maglumatlary galmandyr. Diňe Graždanlyk urşy wagtynda, ýagny 1918nji ýylyň tomsunda Zakaspide kontrrewolýusion agdarylyşyk geçiren akgwardiýaçylaryň we pitneçileriň Magtymguly hany öz taraplaryna çekmek üçin eden synanyşyklarynyň hemmesiniň netijesiz bolandygy taryhy çeşmelerde bellenilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


155

3

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 03.07.2024 / 09:19

+1

Hanlar hany Nurberdi han ogly Magtymguly han

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика