Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
King-official : Sen bir öksüz ben bir garip alayım seni #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Nedir şa)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 03.07.2024 / 22:59

NEDIR ŞA

18-nji asyrda Eýranda şalyk süren Nedir 1688-nji ýylda dünýä inýär. Ol gelip çykyşy boýunça türkmenleriň awşar taýpasynyň garakly tiresindendir. Nediriň ýaşlygy Abywert – Deregöz (häzirki Kaka etrabynyň territoriýasyndaky serhet ýakasy) etraplarynda geçýär. 1711-nji ýylda kakasy Ymamguly han ýogalandan soň, Nedir kerwenleri talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar, şeýle hem ol Abywerdiň häkimi Babaly begiň hyzmatynda bolup, türkmenleri hem-de kürtleri özüne tabyn etmek üçin birnäçe harby ýörişler geçiripdir. Şeýlelik-de, Nediriň şan-şöhraty kem-kemden giň gerim alyp ugraýar. 1723-nji ýylda Maşadyň häkimi Mälik Mahmydyň goşun serkerdesi bolansoň, Nediriň şöhraty has-da artyp, onuň ady bütin Horasana ýaýraýar. Nedir 1726-njy ýylda Tahmasp şanyň goşun serkerdesi hökmünde gulluga başlaýar. Ol öz bäsdeşlerini kemkemden ýok edip, iň ynamdar, esasy serkerde öwrülýär. 1732-nji ýylda Tahmasp şany tagtdan agdaryp, häkimligi öz eline alýar. Şondan soň 1736-njy ýylda Mugan çöllüginde Nediri dabaraly ýagdaýda şa diýip yglan edip, başyna täç geýdirýärler. Şeýlelikde, Nedir şa zalymlygyny has-da güýçlendirip başlaýar. Sähel göwnüne ýaramadyk adamlary ýok etdirýär, hatda öz uly ogly Ryzaguly hanyň hem gözlerini oýdurýar. Nedir şa Kawkaza, Dagystana, Bagdada, Hyrada, Gandagara, Hindistana, Buhara, Hywa harby ýörişler geçirip, ägirt uly imperiýa döredýär. Nedir şanyň asly türkmen bolsa-da onuň türkmenler barada ýöreden syýasaty Eýranyň öňki şalarynyňkydan tapawutlanmandyr. Ol türkmenleri boýun egdirmek üçin olara örän rehimsizlik we zalymlyk bilen darapdyr. Şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly Eýran taryhçysy Mürze Mehdi han Astrabady özüniň «Taryh-i-Nadiri» («Nediriň taryhy») atly kitabynda türkmenlere dogabitdi, tebigy pitneçi, gozgalaňçy adamlar hökmünde n1dogry baha beripdir. Nedir şa Horasan we Hywa türkmenleriniň üstüne telim gezek gandöküşikli harby ýörişleri geçiripdir. Ol ilkibada Abywert töwereklerindäki galalary basyp alýar. Ondan soň Nedir Mara tarap ugraýar, ýöne Tejen derýasyndan geçip bilmän, Sarahsa tarap sowulýar we ony eýeleýär. Sarahsy alandan soň, Duruna gelip, gozgalaň eden türkmenleri gyrgyna berýär. Soňra ýene-de Mara ýöriş edip, ol ýerdäki «tatarlaryň» (türkmenleriň bir tiresi) üstüne hüjüm edip, şäheri basyp alýar. Nedir şa Amyderýa boýunda ýaşaýan türkmenlerede gün bermeddir. Onuň Marydaky goşunlary Kalbaly hanyň baştutanlygynda Çärjew, Kerki türkmenleriniň üstüne çozup, gyryp, mal-garalaryny talapdyr. Şeýlede bolsa, türkmenler Nedire boýun egmändirler, yzygiderli gozgalaň turzup durupdyrlar, salgydy hem doly tölemändirler. Halk arasynda ýaýran gürrüňlere görä, dag etek türkmenleriniň Nedir şanyň zulumyna garşy hereketlerine Keýmir kör ýolbaşçylyk edipdir. Keýmir kör özüniň örän akyllylygy, ugurtapyjylygy, batyrlygy, dilewarlygy bilen tapawutlanypdyr. Ol akylpaýhasy bilen öz halkyny köp sanly pajygaly wakalardan, gyrgynçylykdan aman saklamagy başarypdyr. Şoňa görä-de, Keýmir kör hakyndaky rowaýatlar, gürrüňler halk arasynda biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär. Nedir şa Hytaýy basyp almak üçin ýörişe taýýarlanyp ýörkä, dildüwşük netijesinde öz awşar garyndaşlary tarapyndan 1747-nji ýylyň iýun aýynda Maşadyň golaýynda öldürilýär. Netijede, Nedir şanyň şeýle gysga möhletde, çaltlyk bilen guran imperiýasy özi öldürilensoň, öňküsi ýaly çaltlyk bilen hem dargaýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


150

5

1

1

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Soragnama logiki


Eshiden den bolmaz goren goz bilen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
rexha (Şugün, 15:57)

Soragnama logiki


Eyesiz soz gybardyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki
rexha (Şugün, 15:55)

)😁Degisme


Öňem bir daşary ýurt degişmesi bara... Bir döwletde syýasy gapma-garşylyklaryň güýçlenen günlerinde bir edara işgäri ikiýüzlilik edip kommunistle...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Kesxa (Şugün, 12:26)

Doganyňdyr


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Doganyňdyr
BAYOGUL (Şugün, 12:07)

Atamyň


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Atamyň
BAYOGUL (Şugün, 12:06)

Ykbal Bolmady


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Bolmady
BAYOGUL (Şugün, 12:05)

Ýazga geçirilen ýűrek gűrrűñi


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýazga geçirilen ýűrek gűrrűñi
BAYOGUL (Şugün, 12:05)

Güljan.


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Güljan.
BAYOGUL (Şugün, 12:04)

Şu gun sana kop zat aydasym geldi


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gun sana kop zat aydasym geldi
BAYOGUL (Şugün, 12:03)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Dun berdi daminsuny tm kanallaryn hemmesinden berdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
BAYOGUL (Şugün, 12:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика