Türkmen hanlary we serdarlary (Nurberdi han)
Özümiziňki Agzamen [off] 03.07.2024 / 23:01 ☪️🇹🇲
NURBERDI HAN
Nurberdi han 1820-nji ýylda Gökdepede dogulýar. 1880-nji ýylyň ortalarynda hem şol ýerde aradan çykýar. «Nurberdi han 1850-nji ýyllaryň aýagyndan 1880-nji ýyla çenli Ahalyň hany bolupdyr we ömrüniň ahyrynda Ahalyň we Marynyň hany bolupdyr» (TSSR taryhy, I t, 2 kitap, 47 sah., Aşg., 1960 ý.). 1850-nji ýylyň ahyrynda Ahalyň merkezi şäheri bolan Gökdepede uly maslahat bolýar. Oňa türkmen topragynyň dürli künjeginden hanlar, serdarlar, ýaşulular, aksakgallar we beýleki parasatly wekiller çagyrylýar. Maslahatda baryp, Görogly begden – soltandan (8-9-njy asyrdan) tä Şirgazy han zamanyna çenli teke türkmenleriniň 18 sany baş hanlygynyň bolandygy barada söhbet açylýar. Şirgazy han zamanynda tekeleriň baş ýaşulusy Orazmämmet ogly Döwletmämmet Düýegöz agadan baş hanlygyň Keýmir köre, ondan Annaseýit wekile, ondanam Myrat serdara geçip, 1819-njy ýylda Myrat serdar ölenden soňraky 30 ýyllykda bolsa tekelerde birnäçe gala hanlary bolup, baş hanlygyň bolmandygy hakda gürrüň edilýär. Uly söweşlerde baş han ornunda orta çykarylan gala hanlarynyň iň ekabyry Garaoglan hanyň (Nurberdiniň babadaşy, Baba onbeginiň ogly) 1819-20nji ýyllarda diýen wagty eken. Emma baş han bolmak üçin ýedi şertiň zerur bolanlygy sebäpli, ol baş hanlyga göterilmeýär. Umuman, şol mejlisde mongol talaňçylary we beýleki gaýry ýatlar tarapyndan uly zarbalar urlup, biribirinden çetleşdirilen türkmen taýpalarynyň ýagdaýy barada pikirler orta atylýar. Esasanam, eýranly, orsýetli we beýleki gelmişekleriň jansyzlarynyň, talaňçylarynyň derdinden çarwalara we beýlekilere rahatlygyň ýokdugy, hemmetaraplaýyn halka ýarajak, ortak, ekabyr ýolbaşçynyň örän zerurdygy ýaly ençeme meselelere garalýar. Şonda şeýle ýolbaşçylyga iki adam: Nurberdi Döwletýar baý ogly (ak wekilden) hem-de Hajygurbanyň ogly, Mämmetweli kazynyň agtygy, Ak kazynyň çowlugy Orazmämmet han (gara goňurdan) görkezilýär. Olaryň ikisi-de öz tire-uruglarynyň hany eken. Saýlaw mejlisi hakyky alnyp barylýar. Haçan-da sese goýlanda Orazmämmet han artygrak ses alýar (şol wagtlarda gol galdyrylman, ses sanalar eken). Emma örän paýhasly hem halatly batyr serdar Orazmämmet hanlygy öz üstünden aýyrmaklaryny haýyş edýär. Öz çykyşynyň ahyrynda şeýle diýýär:– Owaly Biribaryň güwäliginde men hanlyk ornuny Nurberdi Döwletýar baý ogluna bagyşlaýaryn, çünki ol gadymy Was eýýamynda ýaşululyk eden Keýmirden öňki teke türkmeileriň aksakgaly Döwletmämmet Düýegöz aganyň tälimini alan Anan onbeginiň yzydyr. Munuň atasy Mürrük baý, kakasy Döwletýar baý hem örän çörekli-çykymly adamlardyr. Onsoňam ynanç-yktykatda, adalat-päklikde, güýç-gaýratda hem akyl-paýhasda, sahawatlylyk-ynsapda, misginlikrehimdarlykda, dilewarlyk-herbaplykda, söweşsyýasatda Nurberdini biz tanaýarys. Agyr ile baş bolmakda rysgal-döwletliligem wajypdyr. Men öz rysgalymdan närazy däl, ýöne uly iliň öňüne düşerlik rysgalymyň ýokdugyna-da gözüm ýetýär. Bular bolsa ata-baba rysgally-çykymly, çörekli-hamyrhana ugurdyr.
Galyberse-de, onuň okap-ýazyp bilmegi, golunyň has giň bolmagy, menden artyk ýerleridir. Han bolmak üçin goly giňligem gerek ahyryn. Il-günden nökerlige çekmeli, olary at-ýarag bilenem üpjün etmeli. Tekeçilikde ilden algyt-salgyt ýygnamaklygyň ýokdugyny bilýänsisiz. Garaz, «Goly giňiň goly uzan ýerine ýeter, goly ýukanyň eli ýakasyna-hyrçyna ýeter» diýleni-dä. Şu nukdaýnazardaiam men hanlykýaşululyk mertebesine öz razylygym bilen sesimi Nurberdä bagyşlaýaryn... Başga-da ençeme çykyşlar bolýar. Maslahat-mejlisiň esasy guramaçy-kethudasy örän dilewar hem adalatly Atajyk molla (Nyýazdurdy mollanyň ogly) sözüni jemläp pata berensoň, «Hangöter» dabarasy başlanýar. Şeýlelikde, Nurberdi Döwletýar baý ogly hanlyga göterilýär. Nurberdi juda uzyn boýly, süňkbaşy iri, eginlek, süýrüräkden uly kelleli, tüňňüräk maňlaýy giňden ýaýbaň, gönüburunly, garasy köpräk goýun gözli, gaşlagrak, bugdaýreňk gyzgylt ýüzli, az-uz sözli, diňlemegi söýýän, synçy ýiti nazarly, ynanç-ygtykatly, nebsinden ynsaby ýokary, rehimli hem gazaply, ýürekli, gahar-gazabyna erk edip bilýän akyl-paýhasly, söweşsyýasatdan başy çykýan, berk bedenli, sabyr-kanagatly, türki sowatly sada adam bolupdyr.
Ol Anan onbeginiň ýuwlugy, Garry baýyň çowlugy, Mürrük baýyň agtygy, Döwletýar baýyň bolsa ogludyr. Nurberdiniň üç aýaly bolupdyr (Nurgözel, Rabygözel, Güljemal). Olardan önen ogullary: Berdimyrat batyr, Döwlet beg, Magtymguly han, Garry han, Ýusup beg. Magtymguly hanyň ogly Mürrük han, onuň ogullary Suhanguly, Ata we başgalar –- Ahalda; Ýusup begiň nesilleri hem Maryda. Anan onbeginiň doganynyň kowumlarynyň biri-de Baba onbeginiň ogly Garaoglan handyr. Ol Nurberdi bilen babadaş garyndaş. Nurberdi – teke – togtamyş – wekil – ak wekil – garaýörme – onbegidir. Ol 30 ýaşlarynda hanlyga göterilýär, Garaoglan hanyň terbiýesini alýar, emma esasy terbiýeçisi Däli tilkidir. Şol maslahat-mejlisde Börmäniň gala hany Öwezmyrat – Dykma serdar Mämmetnazar ogly baş serdarlyga göterilip, ol tä hanyň ölümine çenli onuň sag goly bolan. Onsoňam şonda kazylyk, wekillik, onbegilik, işabaşylyk (goşun serenjamçysy), ýüzbaşylyk ýaly ençeme wezipeler ýola goýulýar. Şol dabara mynasybetli tutulan uç günki toýdan soňra Döwletýar baý gylýal sürülerini ýataklara gabap, ulagsyz jigitlere at saýlap almagy yglan edýär. Özüniň ähli mal-dünýesini – baýlyk-mirasyny bolsa ogly Nurberdiniň hanlygyna, halkyna bagyşlaýar. Ahalda Nurberdiniň, 1853-nji ýylda Sarahsda Gowşudyň hanlyga göterilmegi, olaryň arasynda doganlyk-dostluk riştesiniň pugtalanmagy daşky hem içki duşmanlary agyr oýa batyrýar. Şonuň üçinem duşmanlar türkmen taýpalarynyň, tireleriniň, hanlyklarynyň, serdarlarynyň, din wekilleriniň agyzlaryny alartmak, esasanam, şol iki läheňiň – Nurberdi bilen Gowşudyň başyny iýmek ýaly hilegärliklere ýüz urýarlar. Patyşa Russiýasynyň Orta Aziýa, şol sanda, türkmen topragyna hem dört tarapdan: Orenburgdan, Gazagystandan, Maňgyşlakdan, Krasnowodskiden ýörişler etmek planyny amala aşyrmaga gyssanýandygyny bilýän tekelerem agzybirlige ünsi güýçlendirýärler. Nurberdi hanyň tagallasy bilen Orazmämmet han, Çopan kir, Gara batyr, Sopy han, Gulbatyr serdar, Amanaly garga, Myrat hüňkar, Gylyç batyr, Maňňyt batyr, Esenoglan han, Muham serdar, Garaýüz batyr, Garaoglan han, Öwez baý, Däli tilki, Polat han, Gara döw, Amangeldi we Emingeldi serdarlar, Berdi kazy, Hanmämmet atalyk, Durdy mugt, Öwezli tentek, Täçmämmet (Tünebeg), Anzar pälwan, Beşer pälwan, Öwezgeldi ussa, Gadam mergen, Amanguly han ýaly batyrlar; Atajyk molla, Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan, Mahmyt işan, Seýitmämmet hoja, Muzaffar işan, Nazaraly molla, Mollaker, Seýit işan, Ak işan, Muham sopy ýaly ençeme din hadymlary; Garasähet ýaly aýylganç sesli jarçylar; Mätäji, Kätibi, Misgingylyç, Guba ýaly şahyrlar; Gönübek, Orazmyrat topaz, Gulgeldi tümen, Hally şaýly ýaly bagşy-sazandalaryň onlarçasy bir çukura tüýkürýärler. Şeýlelikde, Nyýazdepe çapylyşyny, Hurmant çapylyşyny, Gireý gyrgynçylygyny (Gyzylarbat urşy), Şarlawuk urşuny, Welagyz urşuny, Goç-Zaw uruşlaryny, Sarahs we Garrygala söweşlerini, Çat we beýleki uruşlary başyndan geçiren serkerde Nurberdiniň ýolbaşçylygynda ýomut, gökleň, salyr, saryk, ärsary ýaly onlarça türkmen taýpalarynyň arasynda agzybirlik rowaçlanýar. Elbetde, munuň özi Nurberdiniň tagallasy bilen ýörite wagyz-nesihatçylar toparlarynyň döredilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Ýany goragçylar bilen üpjün edilen ylym agzamlary guma we beýleki ýerlere topar-topar bolup ugraýarlar. Olar türkmen taýpa-tireleriniň arasynda bolup, ilata daşky we beýleki gelmişek duşmanlaryň kimlerdigini düşündirýärler, öçlülerini ýaraşdyryp, ganlylaryny barlyşdyrýarlar. Çarwalaryň arasynda-da agzybirligi ýola goýup, ýerli halkdan 20-30, 40-50, 100 atlydan ybarat goraýjy toparlary, aňtaýjylary, ýolbeletleri, onbaşy, ýüzbaşylary döredýärler. Olary at-esbap, ýaraglar bilen üpjün edýärler, atlylar başylaryna çenli saýlaýarlar. Şondan soňra olar öz obalaryny duşmanlardan, alamançylardan gorapdyrlar, birek-birege kömege ýetişip, hemişe hüşgärligi, agzybirligi elden bermändirler. Beýleki taýpalar hem bu syýasaty ikelläp goldap, özaralarynda ýokary tertip-düzgünnamany ýola goýýarlar. Nurberdi han 1855-nji ýylda Sarahsda Hywa hany Mädemin bilen bolan çaknyşykda-da uly abraýa mynasyp bolýar. 1858-nji ýylda bolsa Eýran şasynyň goşuny Japarguly hanyň serkerdeliginde Garrygala -– ýomut-gökleňleriň üstüne ýöriş edýär. Şonda olardan Nurberdi hana dadygöý (gyssagly habar ýetirýän) habarçy gelýär. Nurberdi han 12 müň teke atlysyny, Mahmyt işanyň ýardamy bilen ýygnalan 6 müň ýomut (atabaý ýomutlaryndan) atlysyny toplap, Garrygala – söweşe ýöriş edýär. Ýerli halkyň ýaşululary hanyň özüniň goşuna esasy ýolbaşçylyk etmegini haýyş edýärler. Duşman bilen uruş bir hepdeläp dowam edýär. Emma Nurberdi 7-nji gün uly mejlis gurap, şonda ahyrky sözünde şeýle diýýär.– Ýaşulular, serdarlar, ýigitler! Siz maňa yzda bol diýmäň! Bizden öňki teke ýaşulularymyzyňky ýaly meniňem adym hanam bolsa, serdar ornundadyryn. Şonuň üçin siz meniň maslygymy ganhor Japarguly hanyň tugunyň astyndan başga ýerden gözlemäň! Batyrlar! Çozuň, azana musallat boluň! Ýa, Alla! – diýip, ol at salýar. Şol soňky zarbada Büjnürdiň hany Japargulynyň serkerdeliginde külli türkmeni bakna etmek üçin Eýranyň şasy Nasretdiniň «Ýeňilmez» atly toplytophanaly, kemsiz ýaraglanan serbazlardan düzülen san hem guýç taýdan birnäçe esse artyk goşuny çympytrak edilýär. Şonda Eýranyň haý-haýly sary topy-da olja alynýar. Aýagaldygyna gaçyp barýan Japarguly han gökdepeli teke jarçysy Garasähediň elhenç sesini eşidende zähresi ýarylan dek bolup, huşy başyndan uçýar. Uly ýeňşe garaşyp oturan Nasretdin şa «şum habary» eşidip özünden gidýär. Bu barada şol söweşi gören Abdysetdar Kazynyň «Jeňnama» poemasynda şeýle diýilýär:
Diýdiler: «Bu işler çyndyr, eý şa!
Ki ýagny leşgeriň öldi, bol ägä!»
Bolup beýhuş, ýykyldy jalkasyndan,
Rowan boldy niçe ýel arkasyndan.
Şondan soňra gökleň, ýomut we beýleki tiretaýpalaryň ýaşululary Nurberdi hana we ähli teke garyndaşlaryna alkyş baryny aýdýarlar, duşman kim, dost kim, ymykly göz ýetirýärler. Şeýdibem, Nurberdi hanyň tagallasy netijesinde türkmen tireleriniň arasynda duşmanlar tarapyndan düwlen düwünler çözlenip, agzybirlik dikelýär. Garrygaladan gelen dessine (1868-nji ýylda) Nurberdi han özüniň wekilleri, geňeşdarlary, serkerdeleri bilen Mara gidýär we teke-saryk dawasynyň çözülmegine uly kömek edýär. Ol 1861-nji ýylda Nasretdin şanyň Mara eden çozuşynda-da duşmany derbi-dagyn etmekde özüni tanadýar. Şondan soňra Gowşut hanyň teklibi boýunça Nurberdi Ahal – Marynyň hanlarynyň hany saýlanýar. 1862-nji ýylda bolsa hanlar hany Nurberdi han Mara gelende-de Ahaldakysy ýaly öz öýünden örsün diýen niýet bilen oňa abraýly ýeriň asylly maşgalasyny – Töre sokynyň gyzy, adamsy (Annaöwez) 1855-nji ýylda uruşda ýogalan Güljemaly nikalap alyp berýärler. Nurberdi salyr-saryk, ärsary ýaly beýleki taýpalaryňam arasynda uly hormata mynasyp-ortak ýaşululyk abraýyny saklanlygy; alagöz bilen seretmekden daşda duranlygy, hemişe halky öňe sürüp, il-gününe hormat goýmagy başaranlygy üçin onuň mülki Baýramalyda tutulýar. Nurberdiniň ölüminden soň onuň mülki Wekilbazara göçürilýär. Nurberdidir Gowşut hanyňkyda bolýan gizlin maslahatlaryň netijesini rus içalysy Aly mülhit (halk arasynda tutulýan ady) we başgalar öz baýarlaryna ýetirip durýarlar. Emma bu iki hanlygyň barha pugtalanmagy, halkyň olara şalaryň şasy ýaly ynamly garamaklary duşmanlary nogsana getirýer. Dogrusy, rus generallary, serkerdeleri olaryň birnäçesine halatserpaý, aýlyk-pul bermek ýaly hilelere-de ýüz urýarlar. Emma birnäçe gezek ýaraşyga barlanda kabul etmän, amatly pursatlary elden gideren zalymlaryň hilesi ýol almaýar. «Han aga, bularyň zat berip durmalary nämäniň alamatyka?» diýip soranlarynda Nurberdi han: «Aý, adamlar, «Doňuzdan tuý ýolmak ýolmakdyr» diýleni. Olar şu çalaran kelleler üçin berilýändir. Goý, bersinler bakaly. Berlen zady il bähbidine harçlaberiň, munuň astyndaky hileler ýol almaz. Ýylan egrem bolsa, hine girende gönelýändir, tiz gönelerler» diýip, başyny sypap, jogap berýär. 1878-nji ýylda Gowşut hanyň rus ofiseri – içalysy Aly mülhit tarapyndan awy berlip öldürilendigini eşidip, Nurberdi han «Sag omurdanym goparylan ýaly boldum...» diýýär. Onuň ýerine serkerde goýmak üçin näçe tagalla etse-de, gyssagarada başartmaýar. Çen edilýänler ýa garran, ýa Täçgök serdar ýaly adamçy iner häsiýetli, ýa söweş-syýasaty gowşak, ýa nebsi ynsabyndan güýçli, ýa-da gözsüz batyr... bolup çykýar. Şondan soňra Nurberdiniň özi-de syrkawlaýar. 1879nj.y ýylda rus goşunlarynyň Gökdepä çozjakdygy hakdaky habary eşidip, ol agyr halda bolsa-da Marydan Ahala gaýdýar. Emma barynça uruş tekeleriň ýeňşi bilen gutarýar. Ol şol söweşde ýolbaşçylyk eden ogly Berdimyrat batyryň ölümine şüküranalyk eden, emma Gara batyryň we beýlekileriň ölümine gaty gyýylýar. Ol gyssagly maslahatda gelnen netije boýunça Dykma serdaryň hem Öwez baýyň ýolbaşçylygynda 9 sany wekili (töwellaçyny) ýaraşyga ýollaýar. Emma olar kabul edilmän gaýtarylýar. Galanyň günbatar we gündogar taraplaryny berkidip, 22 müň goşuny jemläp, söweşe ykjamlanyp başlan Nurberdi hanyň derdi gozgap, gaýrüzülip, ýene-de syrkawlaýar. Şol başagaýlykda iki sany adam, biri pir, beýlekisem sopusy bolan bolup, haja zyýarata barýansumaklar hanyň halyny soramaga gelen bolup, onuň-da käsesine awy guýup, içirip, ölmegine sebäp bolýarlar. Ol şol wagtlarda 60-61 ýaşynda eken. Kakasynyň hatyrasyna 20-21 ýaşlaryndaky ogly Magtymgulyny wagtlaýyn han saýlaýarlar.
Nurberdiniň öz garamagyndaky hanlyklar bilen «ýedi ölçäp, bir kesip» hereket etmegi sebäpli ençeme ýerde ýoly baglanan rus goşunlary güýçli zarbalara, ýitgilere sezewar bolýarlar. Şonuň üçinem Zakaspi harby bölümi Kawkaz okrugyna tekeleriň hereketleri hakda şeýle maglumatlar berýär:
1. Tekeler Krasnowodskiden Hojagala barýan kerwenimize çozmak üçin otrýad ýolladylar.
2. Bendesende 4-nji sentýabrda biziň üstümize ok atdylar.
3. Hojagalada ýerleşen lagerimize gije çozdular.
4. Ertesi düýelerimizi elimizden aljak boldular we iki gün yzymyza düşüp, yzarlap heläklediler.
5. Ýaragsyz topçularymyzyň üstüne gapyllykda çozup aldylar.
6. Bizden gaçan dönük Nurowy tekeler öz arasynda saklaýarlar.
7. Çat berkitmesiniň ýylky sürüsine çozup, atabaý ýomutlary bilen goşulyşyp-birleşip, Çekişlerdäki deňiz ýakasyndaky postlarymyza çozýarlar.
8. Çatdaky we Çekişlerdäki 4-5 rotany alyp gitmeseň, hiç ýana çykyp bolmaýar. Olar bizi gabaw ýagdaýda saklaýarlar. Ruslar Nurberdi hanyň baryp, 1870-nji ýyllardaky maslahatyndan soňra rus goşunlarynyň ýollaryny baglamaga türkmen atly goşunlaryny ugradyşy, kenarýaka türkmenleriniňem ruslara mal we beýleki kömekleri bermekden ýüz dönderişi, rus goşunlarynyň 1872-nji ýylyň ahyrlarynda Etrek derýasynyň üsti bilen bärik aralaşyp, Aşgabat tarapa süýşmekleriniň serpikdirilişi, Nurberdi hanyň goşunlarynyň bir toparynyň Krasnowodskiden Hywa hanlygyna barýan rus goşunynyň azyk-suwluklaryny oljalaýşy we olary urşa ýetirmän, Balaişemden yzlaryna gaýtmaga mejbur edişi ýaly hereketler rus serkerdeleriniň göz öňünden geçýär. Şondan soňra ýokarky maglumatlary Kawkaza ýollaýarlar. General Lomakiniň ýolbaşçylygynda (1877-78) Aşgabat tarapa edilen synanyşyk şowsuz gutarýar, olar köp zyýan çekip, Gyzylarbatdan yzyna gaýdýarlar. Şondan soňra olar Gowşut bilen Nurberdini öldürmek baradaky maslahatlaryiy has-da çynyrgadyp, şol kelleler üçin goýlan baýraklary öňküden-de ýokarlandyrýarlar.
Erkin ýaşap ýören türkmenleriň üstüne esassyz hem-de agyr ýaraglar bilen ýaraglanan goşunly, hile ýüküni-de tutup gelen, türkmenleriň arasyna agzalalyk, bölünişiklik salmak ýaly adalatsyz hereketleri etmedik bolsa, gaýduwsyz gahrymanlarymyzyň serlerini topraga garan duşman, eger aç-açan urşa geçen bolsa (hilesiz), onda türkmenleri asla alyp bilmezdi. Ata-babalarymyzyň ömürboýy garaşan erkana zamany indi gelip ýetdi. Gökdepäniň günbatarynda Hankäriz gonamçylygynda jaýlanan Nurberdi hanyň we onuň sag-solunda ýatan ogullary Döwlet beg bilen Magtymguly hanyň – üçüsiniň mazarynyň ustune tejenli Orazgylyç molla ogly Hojaahmet ahunyň baş ussatlygynda äpet ýadygärlik gümmez galdyryldy. Ol indi uly iliň zyýarathanasyna öwrüldi.
Nurberdi han bilen baglanyşykly materiallar, esasan, tejenli kyssaçy merhum Suhanberdi Annagurban oglunyň (1898-1983) gürrüňlerinden alyndy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.
Teswirler:
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...