Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Nesibelini suwa gark etsen agzy balykly cykarmys#yurekdes

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Serbetli keksiñ tayyarlanyş usuly (islak keks)
 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 15.07.2024 / 08:22

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Türk aşhanasynyň ýüz öwrüp bolmajak şerbetli süýjüliginiň taýýarlanyşy barada gyzyklanýan bolsaňyz gerek. Bu tagamyň taýýarlanyşy barada size gysgaça maglumat bermegi makul bildik.

Ilki bilen gerek bolan önümlerimizi taýýarlamaly.
Gerekli önümler:

1.)4 sany ýumurtga
2.) bulgur şeker
3.)1bulgur süýt
4.)1 bulgur günebakar ýagy
5.)1 bulgur un
6.)3 nahar çemçesi kakao
Şerbeti üçin:

1)1bulgur süýt
2)1bulgurdan azrak 4/3 bölek şeker (3 ýa 4 st däl)
3)Ýarym bulgur günebakar ýag
4)2 nahar çemçesi kakao
5)Üstüni öz islegiňize göra bezap bilersiňiz (kakos, maňyz, pisse)
Ilki bilen 4 sany ýumurtgany bir gaba çakyp, 1 bulgur şeker bilen garyjy (mikser) enjamynyň kömegi bilen agarýança garmaly. Agaryp, şekeri eräberende beýleki önümlerini yzygiderlikde seresaplyk bilen goşup garmaga dowam etmeli. Ilki bilen 1 bulgur süýdümizi soňra bolsa, 1 bulgur ýagymyzy goşup, garmaly. Biraz salymdan 1 bulgur unumyzy we hamyr tozudyr ys berijimizi(wanilin) goşmaly we ilki garyjyny (mikseri) işletmegimizden öň, çemçe bilen azrak garmaly. Soňra garyjy enjam bilen garmaga ýene dowam etmeli. Indiki ädimimiz bolsa, çemçe bilen barlamak. Emele gelen garyndymyzyň içindäkileri doly eräp alyşmaly. Ony alyp, islendik şekildäki galyba (ýörite tort bişirmek ün niýetlenen gap) guýmaly.
Soňra gyzyp duran howurpeçde 180°dereje gyzgynlykda 45 minut goýmaly.

■ Bellik: Hamyry öz mukdaryndan köpeltmeli däl! Akyp duran, suwuk garyndy emele gelmeli.

Üstüniň şerbetini (suwuk garyndy) ýarym sagat soň taýýarlasak has gowy. Sebäbi adyndan belli bolşy ýaly, şerbet bolmagy üçin süýjüligimiziň bişmegine 10 minut galanda taýýarlamaly. Onuň üçin bolsa, 1bulgur süýdi bir (çukur) gaba guýup, yzyndan başdaky ýazan önümlerimizi yzygiderlikde guýmaly we gazda beýik ot bilen eretmeli. Bir gezek gowy gaýnansoň almaly. Onýança süýjüligimiz hem taýýar bolýar. Taýýar bolan süýjüligimizi owadanlap dörtburç şekilde kesmeli we şerbetimizi sowamanka gyzgynlygyna guýmaly. Iň soňky ãdimimiz bolsa, üstüne islendik halaýan bezegiňiz hökmünde owadanlap bilersiňiz.

Ine, mähriban okyjylar şeýlelik bilen şerbetli süýjüligimiz hem taýýar boldy.


177

15

15

2

1

0

3
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 15.07.2024 / 08:46

+0

Ozun tayyarlap gordunmi


Özümiziňki
Jasmin  (15.07.2024 / 09:46) 

BAYOGUL, gowy bolanoga menki

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 15.07.2024 / 10:25

+0

Hmmm tanyş mowzuk.


Özümiziňki
Jasmin  (15.07.2024 / 10:31) 

Aynabat, ????☺☺☺☺


Özümiziňki
Jasmin  (15.07.2024 / 10:31) 

Aynabat, ????☺☺☺☺

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 15.07.2024 / 10:34

+0

yumurtga bamyka gidip goreyyin hany nähili bolarka


Täzeje
 (15.07.2024 / 10:37) 

Aynabat, galan zatlarmy barmy


Özümiziňki
Aynabat  (15.07.2024 / 10:38) 

Agzamen, galan zat tapylar

 Täzeje
 Mahri [off]
  Öÿümiziñ Jynjagazy
 15.07.2024 / 12:27

+0

Kop adam yumurtga bn sheker garanson, suydi goshyara ana shony sherbedi edip goshyan eken. Chig yumurtga bolyara ol diysenem, shon uchin suyjida diyyaler


Täzeje
 (15.07.2024 / 13:19) 

Mahri, ýymyrtgany çigligine içmeli diýýe obamyzyň tebibi.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:07

+0

....
........

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:08

+0

..
.
.
.


Özümiziňki
Jasmin  (15.07.2024 / 15:09) 

Agzamen, iyesin gelyami

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:11

+0

..
.
.
.

.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:12

+0

.
.
.
.
.
.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:13

+0

.tekst
.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:14

+0

..
.
.

.
.
.


.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:14

+0

Bähh

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:15

+0

Hümm

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:16

+0

Boldaý ahyry


Täzeje
Mahri  (15.07.2024 / 18:38) 

Agzamen, hakukykykyky ny ayyrdynmy


Täzeje
 (15.07.2024 / 18:40) 

Mahri, howwa. Aýyrmasam sahypany ýokary aşak süýşürseň sag tarapa süýşüp gidip ýatyra

 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 16.07.2024 / 15:56

+0

biax suyji bolar


Özümiziňki
Jasmin  (19.07.2024 / 17:04) 

Aixcam_nx, ??

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика