Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
imissyou : Şeýle bir söýdüm ony, hatda janymdan geçip. Hiç zat bolmadyk ýaly gitdile menden geçip. #imissyou

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Gutlaglar we arzuwlar

Durmuş barada oýlanma
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 15.07.2024 / 10:48

Giň dünýäde göreşmeli hemişe,
Dostluk üçin, söygi üçin, il üçin.
Şemal deýin öwsüp gelip gidişe,
Baş egmezek, keçjal goja bil üçin.

Dünýäň gözelligi, görki görmegi,
Başyna bagt gonan ynsan bilendir.
Çünki ynsan dünye üçin döremän,
Dünye ynsan üçin döredilendir.

Näçe dik tutsam-da juwan serimi,
Keramat öňünde başymy egýän.
Sebäp keramatdan boljak zat bolup,
Bolmajagyň bolup biljegin bilýän.

Mähir bilen göreçlerňiz dolduryp,
Söyün siz hemişe birek biregi!
Dünye- ýaşaýyşyň gözbaşy bolsa,
Söýgi hem dünýäniň ýalňyz diregi.

Güýz ýetip gelende ýaşyl yapraklar,
Şahalarda Gün nuruna saralýar.
Yapraklar şahadan zemine gaçsa,
Şahalar hem yapragyndan ayrylýar.

Durmuş hatar tutan kerwene meňzäp,
Ençelere bagtdyr, ençä duzakdyr.
Dünyede ebedi bir hakykat bar:
Ömür gysga, durmuş bolsa uzakdyr.


236

26

9

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 10:50

+1

Awatary kim muň?


Özümiziňki
Gulmahrem  (15.07.2024 / 11:05) 

Agzamen, Maksat Seýitliýew bolaýmasa. Bellisini bilmedim.

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 15.07.2024 / 10:50

+1

Haladm mlds yyetrip dur

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 15.07.2024 / 10:54

+1

Ömür gysga, durmuş bolsa uzakdyr. DOGRY

 Täzeje
 Babaniyazow [off]
 15.07.2024 / 13:05

+1

 Täzeje
 KOROLEV [off]
  Krallarda Devrilir Aslan
 15.07.2024 / 13:35

-1

Hakykykykykyyyykyykykyykyykyyykykykykkykykyyykykykkykykyyykk!

 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.07.2024 / 15:07

+0

.....

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 09:04

+0

bah indi duzedipsin Gowy bolupdyr.. Gul dunyade sozuni Gin dunyade dp.duzedish beripsiniz gowy bolupdyr .. sheyle dowam edin.!

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 09:09

+0

Bah "Durmush uzak Omur bolsa gysgadyr"
Shu jumla dushundirish sorayan..? mumkin boldygyca..?


Özümiziňki
Gulmahrem  (18.07.2024 / 09:24) 

Мерет, göçürlende tehniki ýalňyş giden bolmagyda ahmal


Täzeje
 (18.07.2024 / 09:30) 

Gulmahrem, Nahili yalnyşlyk men many barada soradym..!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика