Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Abraýly söýgi 2 bolum... Hekaýa
Premium
 BAYOGUL [off]
 16.07.2024 / 23:28
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Sülgün ylgap gitdide baryp agasyna sözünü zordan düşündürdü agasy ol ýere derrewjik ýetip bardy, görse owaň adamlary hem barypdyr, Yadigäriň babasy hem barypdyr Babasy baryp Yadygäriň elini gördü eli omzundan ozalam birki gezek çykypdy diýip ýanyna ulurak adamlardan birini alyp tutup elini jaýyna saldylar Yadygär bir hal bolup elleri agyran halda şüdügäriň üstünde yerinden galyp oturdy, onýança Aman ağa hany adamlar dagaşyň Gurban aga agtygyňy meň gyzym görüpdür gygyryp ýatanyny, belli däl haçan ýykylyp elini çykarany meň kän gulagym eşidenok gyzymyň ylgap bäri geçenini gördüm näme üçün geçdikä diýsem agtygyn ýerde ýatyr diyip bolan zady Ýadygâriň babasyna gürrüň berýârdi Sülgün agasynyň arkasyndan Yadygäre ýüregü awap gizlin seretýârdi Ýadygär olaryň ýanynda Sülgüne seretmedik bolup öz omzuna çalaja urup, Hemme zat gowylaý gaýgy etme diýip Sülgüne kakdyryp gürledi Sülgüniň agasy Mälik Yadygäri ýerinden turuzup Sülgüne bar öýe git diýdi Sülgün yzyna serede _ serede öýüne gaýtdy, agşam ara Sülgüniň ejesi Bagtygül iki bölek çörek alyp gyzyny oturdyp goýup daşyndan aýlap kakyp ýör Aman ağa näme edip ýörsüň diýse, gyzym bu gün gorkupdyr döw ýaly adam gygyryp ýatsa öldümika diýen bolmalda diýdi, Aman ağa kes sesiňi niyetiňi ýel uçursun heýde ölen adam gygyrarmy ölmediği bellä gygyrsa gorkybermelimi diýdi, Bagtygül daýza, diläp alan ýekeje gyzym düýnki

sapar gygyryp malyň pagtamy iydi pylan ýene bir gara

gör diýip gorkuzdy, bu gün gyzym janyny halas etdi

indâ gürläp bilmez, hm diýip gyzyny kakyp ýör daşyna

aýlanyp, Aman ağa govja kakmaly şonda boşanmaz
ýaly diýip başga otaga girip gitdi. Ertesi günü azanda Sülgün Yadygäriň işlâp ýören ýerine baryp çeperiniň aňyrsyndan Yadygär diýip pyşyrdady Ýadygär yzyna seredip ylgap geldide heý näme edip ýörsüň dâli diýip güldü Sülgün nâme üçün atyňy çapdyryp gitdiň münme indi şol aty diýip çağa ýaly gözünden ýaş dökdü Yadygär, goý ağlama bolan zat ýok agyranok seret gül ýaly men diýip ýylgyrdy gapydan ejesiniň çykanyny gören Yadygär mamasynyň sagyp häzir gelýän diýip goýup giden süýdünü çeperiden galdyryp Sülgüne uzadyp şuny al ejeň çykdy diýdi Sülgüniň ejesi anyklap seredip gaty ýöräp gaýtdy Sülgün süýdü alyp yzyna öwrülen wagty ejesi bu näme diýdi Ýadygär düýn meni halas etdi Sülgün şoňa mamam sagbolsun diýip süýt berdi diýdi, ejesi gyzynyň elindäki süýdü alyp yzyna çeperiden berip sagbolsun mamaň ýöne gerekdäl biz ýamanlyk etselerem ýagşylyk etýäs, senem biri bir zat berjek gel diýse gaýdybermeli däl, düş öňüme diýip gyzyny alyp gomporup gitdi Yadygâr, gülküsü gelip bedräni göterip ýerinde goýjak mahaly mamasy heyt oğlan ýene bir sygyr bar sagmaly goý ýerinde bardym ine diýip gygyrdy. Aradan bir aý geçdi pagtalar açylyp ýygym başlady Sülgün bilen gyzlar Gurban aganyň pagtasyny ýygmaga bardylar, Sülgün ýygymçy gyz bolansoň gyzlardan saýlanyp öňe gidip galýady, Yadygär ösgün pagtalaryň içinden oturup ýörâp Sülgüniň ýanyna bardy Sülgün içini çekdi Yadygär, barmagyny dodagyna diýrâp ýuwaş diýip ümläp Sülgüne pagta ýygyp uzatýardy, Sülgün gülüp
pagtany alyp partygyna salýardy, onýança bir ýerlerden Seýran gelip Sülgüne salam berdi Sülgün salam alyp gözlerini ulaldyp Yadygäre seretdi Yadygär" kellesini çaýkap bildirme diýen äheňde pagtaň arasyna gizlenip otyr, Seýran " Sülgün men saňa bir zat aýtjak diýip ýaňy gepe başlapdam weli Yadygär, görek ýolup Seýranyň kellesine atyp goýberdi Seýran kellesini tutup Sülgüne seredip aňyrrak süýşüp gaharyň gelmesin men erwet zat aýtjak bolamok diýip ýene gürlâp başlady, Seýran gürlän wagty kä aňyrdan gelýân gyzlara seredip gürleýärdi, Seýran aňyry sereden mahaly Yadygär, ýene bir körek ýolup gaty urdy, Seýran has aňyry süýşüp bu nâme etdigiň bolýa Sülgün seň utanjaňdygyňy bilýân ýöne beýtmedâ diýdi Sülgün pagta ýygmasyny goýup Seýrana seretdi Sülgün Yadygäriň urup duranyndan habarsyzdy,
Sülgün bagyşlaň siziň gepiňiz maňa gyzykly däl diýip ýene eňilip pagta ýygyp ugraberdi, Seýran aňyrsyna seredip gitmän dur ýene gürlemäge synanjak wagty aňyrdan Yadygär bir yerlerden çykyp Seýran diýip gygyrdy Seýran how diyip Yadygäriň ýanyna bardy, Yadygär näme edip ýörsüňaý diýip bilmediksredi, Seýran aý Sülgüne söýgümi aýdaýjakdym, ýaman birhili ekenaý gürlemänkäm körek bilen urup ýatyrow diýdi,
Yadygär gülküsü gelip gözü ýaşaryp barýady Seýran özündenem goşup gürleýä, Yadygär son çydap bilmän uludan gülüp goýberdi. Seýran meň aýtýanlaryma gülýändir öýdüp, yzyny üzmän gürleýärdi, Yadygär gülüp hezil etdi.
Dowamy bar...
Doly okañ agzalar gyzykly hekaya❤


110

9

2

1

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 17.07.2024 / 11:48

+0

Doly okañ agzalar gyzykly hekaya❤ REKLAMAjygam eden bolyanmy


Premium
BAYOGUL  (17.07.2024 / 11:49) 

Aynabat, kinodakydan azdyr men reklamam

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 07:40

+0

Bir hili dine samsyklyk Doredyaniz, Gowy eser yazyn gitdigice erbetleshya diyjek bolyan yazanyn asyl men onki yazanlaryna tarap Gidyan oytyan..
Seret sana maslahatym Prozadan gowy yazjak bolsan Nowca, ya shona menzeshlerin bosh eserlerini okamada 20-nji asyryn eserlerin owren bir gezek dal yuz gezek oka nahili yagdayda duygylandyryp bilipdir, nirede gynandyryp bilipdir bir birden owren onsan yaz .. ona cenli gaty ir sana yazmqk

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Şugün, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика