Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Perman : Sen beýik depeden bökeniñde yzyñdan böken çyn dost däl, aşakda seni gapyp alan çyn dostdyr !

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Abraýly söýgi 4) jemleyji bolum,? Hekaýa)
Premium
 BAYOGUL [on]
 16.07.2024 / 23:31
 Yurekdesh.ru

Şeýdip bu toý hem geçdi, gyşyň günleridi bir günü Yadigäriň öýüne bir aýal geldi ol aýal diýseň baý görünýärdi ýörüte sürüjüsi bardy, Ýadygäriň mamasy bu aýaly görenden tanady, oňa kän bir mähri bolmasada öňünde çaý çörek goýup, gürlemân ol aýalyň gepini diňlän bolup oturdy ol aýal bir mahal şu gyza öýlenseň sen gerekdäl, diýip ogluny öýünden kowan aýaldy, ol Ýadygäriň kakasynyň ejesidi oň ýekeje ogly bardy ol bolsa Yadygäriň kakasydy, ol Yadygäri görmek üçün uzak ýol söküp baş eğip gelipdi, Yadygär tanamaýady ol Ýadygâri görüp agysyny duruzup bilenokdy, ol edil oğluma meňzeş eken diýärdi men agyr kesel boldum baýlygymyň hemmesini Ýadygäriň adyna geçirjek diýip aýtmaga geldim diýdi, mamasy biziň baýlgymyz ýeterlik siz baýlygyňyzy garyp gasara beräýiň diýdi, Ýadygär mundan habarsyz daşarda işläp ýör Sülgün aýnadan Ýadygäre seretýädi, ejesi arkasyndan geldi sen kime seretýäň diýdi Sülgün " oýlanman jogap berdi seret goňşularmyza bir üýtgeşik maşyna geldi diýdi ejesi aýnadan seredip dogurdanam men bir zat soran bolup gidip anyklap geleýin diýip egnine ýeňsizini geýdide goňşularyna ylgady daşary palçyk bolansoň Bagtygül genlejäniň köwşüne suw girdi, ol of diýip gahar etsede olaryň öýüne baryp gapyny kakdy, gapyny açan mamasy ony içeri saldy, Yadygär Sülgüne seretdi Sülgün aýnaň içinden buguna ýürek çekdi, Yadygär gülüp kellesini çaýkady soňra ol çeperiden aşyp aýnaň ýanyna bardy Sülgün içini çekip git ağam geler diýsede aýnadan baryp seredip ýylgyryp soňam birden ýylgyrmasyny goýdy Sülgün bir zadyň barlygyny bilip gizlendi Yadygär hiçkim ýok
ýaly aýnany kakdy, dogurdanam tamyň aňry ýüzünden Mälik gelen eken, Mälik how Ýadygär diýdi Ýadygär, elindäki pili bilen baryp Mälik bilen elleşdi Mälik näme edip ýörsüň diýdi Ýadygär ejeň bize bardy ýaňy oň köwşüne laý girdi başga köwüş beriň diýdi Mälik sen şoň üçün geldiňmi diýdi Yadygär, howa uruş bolaýmasyn diýändä ol köwüş Aman agaňky eken diýip güldü, Mälik güldüde haý ejemeý bolýa häzir Sülgün diýip gygyrdy, Yadygär bolýa eltäýsin diýip yzyna gaýtdy, Bagtygül bolsa bu zatlardan habarsyz içerde gelen aýalyň kimdigini anyklaýardy, ol baý aýalyň ähli baýlygynyň Yadigäre galýanyny anyklap bir girip çykaýyn diýdim myhmanyňyzy sowyberiň men öýe gideýin diýip öýüne gaýtdy, ol köwşüniň çalşylanynam bilmän aýagyny geýip öýüne ylgap diýen ýaly gaýtdy, Sülgün kakasy görmänkä köwşini arassalap goýdy, Bagtygül bolsa gijesi bilen oýlanyp ertesi günü ir bilen gyzyny Yadygäre bermeli diýen karara geldi, ol nâme bişirse Ýadygäriň mamasyna eltip berýän boldy, gyzgyn gatnaşyp başlady mamasy bir günü çaý başynda otyrka Yadygäre seni öýlendirmägede çen boldy, diýip söz açdy Ýadygär gürlemän aşak bakyp oturdy babasy bu gepe goşulup, halaşýanyň barmy diýdi Yadygär hiç zat diýmän çaý içip otyr, Mamasy men bir gyzy oýlap goýdum şony alyp berjek diýdi, Babasy kim ol diýip Yadygärden öňürtü sorady, Mamasy goňşymyzyň gyzy Sülgün diýdi, Ýadygär içip oturan çaýyna gark bolup çaý başyndan üsgürüp turup gitdi, olar gülüşdüler, Babasy sen ony gyz ýaly utanjaň edip ýetişdiripsiň diýip gülüp otyr, şeýdip Ýadygäriň mamasy Sülgünlere sawçy bolup

bardy aşygy alçy gopan Bagtygül gyzynada

aýtman razylyk berdi Aman ağa ohow bir
oýlansaň bolmadymy menâ hiç gyzyňdan bir soramaly ekeniň diýse, Bagtygül nämesi bar gül ýaly oğlan gapdaljyk goňşymyz çyksaň görünüp dur, barman tansam eder ene öz gyzyna ýamanlyk etmezä diýdi, Sülgün aňyrda duran ýerinde diýseň bagtlydy, şeýdip Ýadygär hem toý etdi söýgülsiniň abraýy üçün her zada baş Uran Ýadygär ahyry öz bagtyna gowuşdy, bulary gören Seýran men hem söyüşmân öýlenjek şonda bagtly bolýan ekeniň diýen karara geldi, Yadygär iki ýyl hiçkime bildirmän söýgüsüni ýaman gözlerden gorap pynhan saklady, muňa bolsa abraýly söýgü diýäýmek galýa
Awtor, Jumayewa ogulgurban
Uns berip okanynyz ucin sagbolun,


213

10

7

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 17.07.2024 / 11:51

+0

menem like onda

 Täzeje
 Mahri [off]
  Öÿümiziñ Jynjagazy
 17.07.2024 / 17:02

+0

Awtora yuzlenesim gelyar. Wakalary birhili dushnuksiz beyan edyar eken. Ansatlyk bilen okalyp gitsede, dushunmesi uchin birhili agyrrak.
Ya yazysh stilde bir zatlar bar, garaz vayy pikirlenibem yadayan dp birgiden atdan son okamagymy goydum men-a.

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 17.07.2024 / 19:17

+0

Yadygär başga at yokmyka


Premium
BAYOGUL [1s] (17.07.2024 / 19:18) 

Aynabat, gowy ada


Özümiziňki
Aynabat  (17.07.2024 / 19:19) 

BAYOGUL, Halamadym menä


Premium
BAYOGUL [1s] (17.07.2024 / 19:19) 

Aynabat, mena haladym

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 07:16

+0

Bilysnizmi Shu hekayalary ozuniz duzup, Bir ayal mashgalan adyny goyyan oytyan.. Bilyanmi shu eserler Senin cata yany gelen dowurlerin yazyan mowzuklaryndaky Hekayalar bn Bir zat,, Oz yazan esernize gownuniz yetman bashga adamyn ondada Ayal mashgalan adyny goyyanyzmy??
Oz eserni oz adyny goyup yazmagy owreneweri drog..!

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 07:23

+0

Sen dialog yazmagyn edebi yazuwny ulananman Eser doretjek bolyan.. Ilki Turkmen dilini doly owrenmeli Eser doretjek bolsanyz..! gaty gowshak Yazyshyn kop yerinden yazyshyna gynanyanam welin yazyshyna gulkimem tutyar, Ustunden gulmwk dalde bir hili, etjek bolyan zadyna dushunman galyan belki shona gulyandirin.. Seret Senin hekaya yazjak bolshun.. Dutaryn namedigini bilmeyan adamyn saz caljsk bolshy yalyda. Sen kamil eser doretmegin un 1) Ilki Tkm dilini dolylygyna owrenmeli urc edip; 2) Son edebi dile gecirmegi owrenmeli; 3) edebi ceperleshdirmani owrenmel, 4) hakykaty yazmagy; garaz edebiyata ilkinji adimden bashlamaly..!


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 07:47) 

Мерет, men yazamok imoda kanaldan aldym.


Täzeje
 (18.07.2024 / 07:59) 

BAYOGUL, Goyayda aldamak gerek dal, bilyanmi Dost sen bir zad etsen boynuna almazlyga salyanyz Name un?
sizin boljak bolshunyzy sheylerak dushundirjek bolayn Meselem oylendiniz nesip edenden diyeli, bir oglunyz boldy diyeli oglynyz Mekdep yasha baranda oglynyz bir garagolluk edip mekdepde bir terslik edende Baryp oglynyz ucin bir topar adam sizi yazgarsa Sizem yok bu men oglum dal dp gaydyberjekmi? Oglun garshysyna tutush dunyan adamlary cyksada onun arkasynda durmajak bolsan, eden yaln


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:02) 

Мерет, birje gezek yazdym ondada so mahymyn adyny goydum yazdym boldy sondan son yazamok sonky goyanlarymyn baram imodan kanaldan aldym ynansanam ynanmasanam


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:05) 

BAYOGUL, Oglun garshysyna tutush dunyan adamlary cyksada onun arkasynda durmajak bolsan, eden yalnysh ishi un jogapkarcilik cekmejek bolsan Nahili kaka bolup bileris.. ?
Edil doredyan eserlerimizede ata mahri bn doretmeklik Zerur, Ona eye cykmak, eserlermizi terbiyelemek Zerur edil cagany terbiyelan yaly,


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:06) 

BAYOGUL, Men ony indiki okajak eserimde subut ederin


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:07) 

[b]Мерет[/bolya sagbol maslahatyna göz öňüne tutaryn


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:10) 

Мерет, subut ediber men serowno men yazamok indi dine copya etýän imodan beýlekilerden


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:13) 

BAYOGUL, Subut ediber Men serawno boynuma almaryn diyyanmi


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:15) 

Мерет, aý ony özüň bilyan mena yazamok şoňa bilyan


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:21) 

BAYOGUL, Sen yazmasan ozune menzesh eser goyman kamilrak goyda .. okanynda myrryhyn atlanman Dync alar yaly sheyle akmak bolmasan


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:23) 

Мерет, sen akylly adamlaryň goýýan zatlarny okaber dynç alyp okarayn şonda


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:26) 

BAYOGUL, Men barde goylan eserlerin hemmesinem okaryn, we hemmesinedecteswir yazaryn gowy bolsa gowy samsyk eser bolsa samsyk dp, Ona hak hukuk berilendir


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 09:01) 

Мерет, berlen bolsa yazyber garşylygyň yok

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 08:12

+0

Yone dushunemon yazysh ozinki, Harplar sozler ozinki Name un Boynuna alanok shona dushunemok? Name takytlardan gorkyanmy ? Tankytdan gorkup eserini gizlejek bolma, Men ozumden mysal aydayn belki dushunersin Arada saytlaryn birinde 3-nji klaskam yazan goshgymyn Ustinden Gulip tankyt yazdy.. Men Gacmadym hatda3-nji klasdakam yazdymam diymedim.. Jogap berdim gowshagam bolsa jogapkarciligini cekdim, gaytashol wagtky doreden esermin Arkasynda kop zad owrendim, Tankyt adamy basanok, tankyt adamy osduryar yalnyshlaryny duzedyar..!


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:13) 

Мерет, menem bilyan yone ozum yazmadyk zadymy yazmadyn diyerinda


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:18) 

BAYOGUL, Sheyle san eseri kopiya edenden gowy eseri kopiya edenin gowy dalmi, Herkim aklyna gora zad alar diyleni Senem has kanil eserleri kopiyalada onda Bolgusyz eseri kopiyalandan, Ha onada bar aklymyn yeten zady shony kopiyaladym diyjekmi


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:22) 

Мерет, ozum bilerin islesen oka islesen okama seni zorlayan ýoga şuwagt hökman şuny oka diyip men sen okasym diyip goyamok


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:24) 

BAYOGUL, Plany okasyn plany okamadyn dp goyyan dalsina, hemma okamak teswir yazmaga hukuk berlendira Ya eserlerinede teswir yazmak gadaganmy Bu eserin gowy bu eserin samsyk dp, eserin samsyk bolsa Samsyk diyler, eserin Gowy bolsa gowy diyler kimdigine garamazdan

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 18.07.2024 / 08:13

+0

Eser 100% diymayyin yone Bayoguldan beyle zat çykarmyka


Premium
BAYOGUL [1s] (18.07.2024 / 08:14) 

Aynabat, cykmaz dogry aytyan men yazamok dükan hicsimem imodan aldyk kanaldan


Özümiziňki
Aynabat  (18.07.2024 / 08:16) 

BAYOGUL, şony aytyanda


Täzeje
 (18.07.2024 / 08:22) 

Aynabat, Bah Senem dusunen ekeninou

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Düýn, 20:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика