Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Bu gün pulsuz bolup ertir pully bolup bilersiň, ýöne bugün binamys bolup ertir namysly bolup bilmersiň (ýalňyşma) !
Dosta wepalylyk – asylly häsiýet
Öwreniji Madi [off] 17.07.2024 / 14:00 Hayat bir gun oda bu gun
Dostluk» düşünjesi irki wagtdan bäri jemgyýetçilik durmuşynda giň ýaýran düşünjeleriň biridir. Birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we berkitmegiň möhüm ýoly hem dosta wepalylykdyr. Dostlugy berkidýän zatlaryň biri-de onuň bilen gylyk-häsiýetiň deň gelmegidir. Eger dostuň bilen häsiýetiň gabat gelmese, onda beýle dostluk uzaga gitmeýär. Ynsan ogly gamgyn gününde, kyn pursada duçar bolanda dosta mätäç bolýar, onuň göwünlik beriji sözlerine garaşýar. Şeýle ýagdaýlarda «Dost başyňa kyn iş düşende tanalar» diýlen aýtgynyň asyl manysy örboýuna galýar. Çyn dost adama kyn gününde kömek-goltgy berip, onuň derdini deň çekişýär. Şonda dostuň hoşamaý hem göwünlik beriji sözleri derdi egisýär. Türkmen edebiýatynda ussat ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem dostluk babatda gymmatly pikirler, manyly jümleler, ajaýyp setirler giňişleýin berilýär. Ynsan özüni alyp barşyndaky, gylyk-häsiýetindäki kemter gaýdýan ýerlerini dostundan alýar. «Dost dostuň aýnasy» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.
Käte biz töweregimizdäki ýakyndan gatnaşyk edýän adamlarymyzyň ählisini öz dostudyr öýdýär. Aslynda tanyşlyk bilen dostluk diýen düşünjeler bir-birinden düýpgöter başgaça bolan düşünjelerdir. Türkmençilikde dosta wepaly bolmazlyk ýa-da onuň saňa ynam bildiren syryny paş etmeklik erbet häsiýetler hökmünde bilinýär. «Ýigidi dostundan tana» diýlişi ýaly, özüňe mynasyp, seniň özüňi alyp barşyňa, pikirleriňe düşünýän we hormat goýýan adamy dost tutunmagy başarmak möhümdir. Halkymyzda «Seni öwýänleriň hemmesi dostuň däldir, seni ýamanlanyň hemmesi duşmanyň däldir» diýen aýtgy hem bar. Çyn dost ähli döwürlerde hem tapylgysyz hazynadyr, şeýle dostlar ynsan ömrüniň bezegidir. Şonuň üçin bize dostlukly göz bilen garaýan adamlaryň gadyryny bilmek, olara hormat goýmak, kömek etmek, olar bilen mähriban bolmak asylly häsiýetler hasaplanylýar. Söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär:
Dost paýlansa, äber diýip gyssanma,
Alaňdan soň gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse, gözleriňem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git.
Ynsanperwerligiň, halallygyň, bagtyýarlygyň hem ruhubelentligiň durmuşymyza ýalkym saçýan döwründe dostluga wepaly, lebzine ygrarly, çyn dostlar ýar bolsun!
Azat AMANSÄHEDOW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler:
Özümiziňki Aynabat [off] Слава Аллаху. 17.07.2024 / 15:38+0menä dostlarymyň yalňyşlaryny yuzlerine basyp otyryn welin
gatnaşyanymam az 
ÖwrenijiMadi (17.07.2024 / 21:41) Aynabat, yalandan dost bolanlarynan hic bolmany gowy
Täzejebrauzer (19.07.2024 / 19:33) Madi, hakyky dost dostlar kyn gunuñde belli bolyar eken
ÖwrenijiMadi (19.07.2024 / 21:23) Aynabat, Dogry
Täzeje Мерет [off] 17.07.2024 / 22:54+0Наче якын достын бар ?
ÖwrenijiMadi (17.07.2024 / 22:57) Мерет, sanasan azalarmys
Täzeje (17.07.2024 / 23:01) Madi, cyn dostyn?
ÖwrenijiMadi (17.07.2024 / 23:09) Мерет, Sen bilip name etjek
Täzeje (17.07.2024 / 23:25) Madi, Aslynda bar bolsa bolyar cyn dp yorenlerin kopisi Ash dost cykayyandyr Mana bilmek gerek dal Size bilin dp aytyan
ÖwrenijiMadi (18.07.2024 / 12:58) Мерет, Çyn dost arkayyn bol sen
Täzeje (18.07.2024 / 12:59) Madi, Sen arkayn bol men ishim yok Towuk dost bn gezsenem, hakyky dostyn synagy barada eshitmansinow Sen?
ÖwrenijiMadi (18.07.2024 / 13:00) Мерет, Esitdir onda name ol
Täzeje BAY-HAN [off] 17.07.2024 / 23:08+0talyp diyyar
ÖwrenijiMadi (18.07.2024 / 13:01) BAY-HAN, Howwo
Özümiziňki Muawiye [off] 17.07.2024 / 23:29+0Şular ýaly zatlary nirde boş talyplar bar bolsa, şolar paýlaşýar.
Täzeje (17.07.2024 / 23:31) Muawiye,
bolsada Sendena akyly kop eken 
ÖwrenijiMadi (18.07.2024 / 12:59) Muawiye, Bosom bolsa yazypdyr sola
Täzeje brauzer [off] 19.07.2024 / 19:35+0Madi dost mlds hakyky dost yalan dostyñ yaly bolup syryñy alyp yone urusan wagtyñ ol syrryñy ile aydanda bet bolyarda
Täzeje brauzer [off] 19.07.2024 / 19:36+0Ursañam yerine dusmeyar son ucin mende yekeje dostymam yok bar biri yhlas ol cyn dost yone syrrymy aytmayan
Soňky teswirler
Yone gyzyklanyan
Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...
dowamy...
Ýokaryk