“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

GYZ HEM KÖKE
 Täzeje
 Babaniyazow [off]
 17.07.2024 / 23:10

Bir gyz uly aeroportda öz reýsine garaşýar eken. Onuň reýsiniň wagty soňa süýşürilip, birnäçe sagatlap uçara garaşmaly bolupdyr. Ol kitap hem-de bir guty köke satyn alyp, wagt geçirmek üçin kürsüde ornaşypdyr. Onuň gapdalyndaky boş orunda bir guty köke bolup, ondan aňyrdaky kürsüde bir erkek kişi žurnal okap oturan eken. Gyz kökeden birini alypdyr, erkek kişi hem alypdyr. Bu ýagdaý gyzyň gürre gaharyny getiripdir, ýöne şonda-da sesini çykarman, okamagyny dowam edipdir. Gyz her gezek köke alan çagy erkek kişi hem onuň hereketini gaýtalap, bir köke alypdyr. Gyzyň gahar-gazaby gaýnapdyr, emma adamdan doly aeroportda jenjel etmegi gelşiksiz görüp, özüne basalyk beripdir.

Gutuda diňe ýekeje köke galanda gyz öz ýanyndan oýlanypdyr: «Ýeri, indi bu ýüzügalyň nadan näderkä, alarmyka şonam?!».

Edil gyzyň pikirini okaýan ýaly, erkek kişi kökäni alypdyr, deň-derman ikä bölübem, ýaryny başyny galdyrman, gyza uzadypdyr. Bu ýagdaý gyzyň sabyr käsesini çogdurypdyr. Ol tasanjyrap turupdyr-da, ol ýerden daşlaşmak bilen bolupdyr...

Soňra ol gyz uçardaka äýnegini almak üçin elini torbasyna sokanda eli kökeli guta galtaşypdyr... Öz kökesini torbasyna salanlygy diňe şondan soň gyzyň ýadyna düşüpdir. Ýüzügalyň nadan hasaplan kişisiniň jinnek ýalyjak hem gaharlanman, kökesini özi bilen deňje paýlaşanlygyna akyl ýetiripdir. Utanmakdan ýaňa gyzyň ýüzi lap-lap gyzypdyr, öz ýazygyny ýuwmak üçin bolsa indi mümkinçilik ýok eken.

Gaharlanmazdan öňinçä birsellem oýlanyň, belki, bimamla kişi hut özüňizsiňiz.

Terjime eden:

Orazmyrat MYRADOW.


232

25

9

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 17.07.2024 / 23:14

+1

örän dogry

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 17.07.2024 / 23:26

+0

şuňa meňzeş multigam bar


Täzeje
 (17.07.2024 / 23:32) 

BAY-HAN, howa

 Täzeje
 Мерет [off]
 17.07.2024 / 23:58

+1

Howlugyp netije cykarmak gaty erbet zad!

Täzeje
 boshver [off]
 27.07.2024 / 16:25

+1

Gyz giç bolsada dùşùnipdir ýalñyşyny

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Gaty gowy...dowamy...

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->