Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
King-official : Sen bir öksüz ben bir garip alayım seni #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

???????? ??????? ?????
 Täzeje
 Arabchik [off]
 18.07.2024 / 00:43
 Ýagşylyk etseñ ynsana,Aýlanyp deper ýeñsäñe

Käbäñ ýatyr keselhanada dertli
Ýygýan döwri geçdi bugdaý hoşasyn
Lukman ömrün saklap biläýjek şertli
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

Bir ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly
Operassiýa talap edip dur jany
Gerek bolsa satyp bar dünýe maly
Pul ber oğlum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

5 müñ dollar bes yeke ýyl ömre
Pul baýlygy ejeñden eziz görme
Ýaýdanma perzendim boýnuñy burma
Pul ber oğlum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

Ulaldypdy seni yssy mähirläp
Beýgekdiñ han bolduñ şäherde ýerläp
Razowçylap käbäñ hor ýatyr derläp
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

10 ýyl ýygnasamam pensiýam ýetmez
Karz alsam üzmäge ömrim ilteltmez
Bir ýyl başyñ sypar hiç zyýan etmez
Pul ber oglum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

Ynha 30 ýyldyr öýden gaýdanyñ
Bizi ýeke goýduñ etmän aýdanym
Waah dert tapaýdyda ýaşar öýdenim
Pul ber oğlum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

30 ýylda soramadyk bir şaýlyk
Pensiýamyza iýdik ýyrtyjak geýnip
Geldim çäre tapman öñüñe eglip
Pul ber oğlum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

Diýdi ogul:Mende pul barmy näme!
Münýän mersedesi 60 müñ däne*
Maşyna dözenin dözmedi jana
Ýöne bir Janam däl "Eje" ol "Käbe"
Gynanýan pul söýmek öwrülýär däbe
Atañ bu haýyşy uçdy asmana
Pul ber oğlum ejeñ bir ýyl ýaşasyn

*Däne-Altyn dänesi


198

12

4

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 01:03

+0

Gowy Sps,yetrenne


Täzeje
Arabchik  (18.07.2024 / 01:04) 

Мерет, bolia

 Täzeje
 Agzamen [off]
 18.07.2024 / 03:18

+0

özbekleriň bir kinosy bar. Bu Kerim Hallyň goşgusy şol kino bilen birme bir kopýa

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 18.07.2024 / 08:09

+0

Kerim Hallynam halaman başladym

 Täzeje
 elza [off]
 19.07.2024 / 13:30

+0

gowy gosgy eken mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика