Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Narkoza gerek yok, Sen bana seni seviyorum de. Ben ayakta uyurum zaten...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bizi ejeň aýyrdy "Söýenim " (Bolan waka
Premium
 BAYOGUL [on]
 18.07.2024 / 09:20
 Yurekdesh.ru

Tawus bilen Kemal ikisi 9-njy synpda okaýan wagtlary tanyşdylar.Tawus täze telefon alyndy we täze belgi açdyrdy we IMO programmasynada täze ulanyp başlady.We biri yzygiderli goýýan suratlaryna ugratyardy. Bu ýagdaý Tawusyň ünsüni çekmäge başlapdy we bir gün biz sapakda wagtymyz Tawusa jaň geldi. Okuwdan soň jaň eden belgä yzyna jaň etdi we imo-danugratýan oglan bn şol gün tanşdy.Ol hem Tawus bilen deň emma harby mekdepde okayan eken.Tawusyn täze belgisini öň Kemalyň özi ulanyp soň hem ýapdyrypdyr.We IMO profilde goýýan suratlaryny görendigini hem Tawusy sulhy alandygyny aýtdy.Tawus bilen Kemal dost ýaly gürleşýärdiler.Soň bu dostluk söýgä öwrülip gitdi.Tawus orta mekdebi tamamlap okuwa girmedi ol synanyşjagam bolup durmady. Kemal bolsa öz ugry boýunça harby akademiýa girdi. Akademiýa giren ýyly gowy kösenipdiler telefon ulanmak gadagan bolandygy sebäpli gürleşip bilmän. Şeýlelikde o günlerem bile geçdiler bir ýylyň dowamynda bary ýogy alty gezek telefonda gürleşdiler. Kemal 1-nji kursy tamamlap 2-nji kursa geçende Kemal hem telefon ulanmagyň ugruny tapypdyr. Kemal 2-nji kursuny gutaryp dynç alyşa gelende ejesine söýýän gyzynyň bardygyny şoňa öýlenmek isleýändigini. Diňe gudaçylyga gidip ýaglyk daňyp goýmagyny okuwyny tamamlanyndan soň bolsa toý edip bermegini ejesinden haýyş edipdir. Emma ejesi garşy çykypdyr. Entek ýaşynyň kiçi digini yene bir ýyldan gudaçylyga gitjekdigini aýdypdyr. Emma Kemal 3-nji kursa geçeninden Tawusyň ejesiniň jorasy öz ogly Maksat üçin guda geldi ejesi bilen kakasy hem garşy bolup durmadylar emma Tawus

ejesine söýýäniniň bardygyny duydurmaly
boldy. Ejesi bilen kakasy ýeke gyzynyň göwnüni ýykmady.Ýazgül daýzany (ejesiniň jorasy) gyzym ýaş diýip gaýtardylar. Bu wakany Kemal eşidenden ejesine jaň etdi we ýene gudaçylyga gitmegi üçin ýalbardy. Ejesi hem ogluna dözmedimi ya halys ýüregine düşdimi Kemalyň aýdyşy ýaly Çarşenbe güni gudaçylyga diýip öýünden çykdy emma Tawuslara gelmedi.Ol gün Tawus bilen ejesi uzak gün gapyň kakylaryna garaşdy ýöne o gapy kakylmady.Agşam Tawus Kemala jaň etdi.

-Face

-How Tawusym

-Sen ejeň bilen bile adam oýnaýaňmy biz siziň oýnatgyňyzmy

-Yok dursana näme boldy düşünmedim ejem ýakymsyz bir zat diýdimi

-Ejeň bize gelmedi

-O nähili gelmedi

- Gelmedi

Tawusyň damagy doldy soňky sözleri ol zordan aýtdy we telefony öçürdi.

Kemal ejesine jaň edip näme bolanyna düşünjek boldy. Ejesi oňa Tawuslaň goňşularyna baryp sorandygyny olardan Tawusyň kakasynyň 5ýyl tussaglykda bolup gelendigini eşidip yzyna gaýdandygyny şo gyza öýlense Kemalyň geljegi bulaşjagyny işinde isleýän derejesine ýetip bilmejegini aýtdy. Tawusyň kakasy Kemalyň gaýyny boljak bolsa geçmişiniň arassa bolmagy gerekdi. Kemalyň eşiden zatlaryna kellesi gyzyp gaharyna Tawusa jaň etdi

-Alo

-Hä näme

-Näme üçin maňa kakaň ogurlyk sebäpli bäş ýyl azatlykdan mahrum edilenni bendilikde bolup gelenni öň aýtmadyň

-Bu saňa näme üçin gerek sen kakam bilen ýaşamaly dälä durmuşda

-Utanmadynmy maňa yalan sözlände

-Men saña näme valan sözledim Kemal
Șo bolýa

-Maňa sesini gataltma

-Maňa sen ýaly ýalançy gerek däl gerek däl düşündinmi

diýdi we telefony Tawusyň ýüzüne öçürdi.

Bu ýagdaý Tawusa gaty agyr degdi ol näçe günler däli aklyndan azaşan adam ýaly bolup gezdi. Bu ýagdaýy ne ejesine aýdyp bildi ne-de kakasyna. Biz Tawus bilen çagalykdan bäri joradyk çagalar bagynda tanyşdyk. Mekdebi hem bileje tamamladyk. Birnäçe günläp men Tawusa jaň etdim emma onuň telefony öçürlendi.Ahyr okuwdan soň öýüne barmany makul bildim. Men şol gün öz joramy tanamadym.Ol okuwçy wagtymyz ýetmiş kilede daýaw owadan gyzdy men göremde bolsa öňümde bolsa kyrk kilede diňe süňk bilen ham bolup durdy. Hakykatdanam joramyň halyna dözmän agladym. Hemme bolan zatlary şol gün aýdyp berdi. Agzyndan düşürmän gaýtalaýan şol bir sözi men aklymda galypdyr "Bizi ejeň aýyrda Soýgulim ".Wagt hem giç bolupdyr men rugsat sorap öýe gaýtdym ýöne joramyň haly hiü ýadymdan çykmady.1hepde soň irden ajy habar bilen oýandym Tawus janyna kast edipdir. Mañada bu wakany Kemala aytmak galdy we o bigaýrat oglana jaň etdim -Hä joraň jaň etdirýämi aýt şoňa inni maňa onuň ýaly ýalançy gerek däl

-Yok maňa ol jaň etmezligi tabşyrypdyr ýöne saňa aýtmasam boljak däldi -Näme boldy durmuşa çykýamy aýt oňa bagtly bolsun tapdymy özi ýaly okuwsyzy -Bigaýrat namart görümsiz sen okuwlyda ine häsiýet bilen adamçylygyň bolda 0% -Hany boldy et gepi köpeltmäli näme aýtjak dyň -Tawus janyna kast etdi
-Hä

-Dogry eşitdiň Tawus janyna kast etdi.

diýdim Kemal agy gatyşykly ýalan ýalan diýip gygyrmana başlady. Soň bolsa sesli aglaýady ýaňy "bagtly bolsun"dýip pitçiňini atýan oglan häzir sesli aglaýady

-Ejeň bilen bileje hezil ediň inni inşallah geljekde diýän käriň eýesi bolarsyň diýdimde telefony öçürdim.

Tawusyň kakasy eden etmişi üçin bendilikde bolup günäsini ýuwupdy.Ol onuň ýaşlykdaky ýalňyşydy emma bu yalňyşyň bolgusyz adamlar sebäpli çagasynyň başyna ýeteninden olaryň habary ýok. Kemal maňa soň jaň edip Tawusyň haýsy gonamçylykda jaýlanandygyny guburyna baryp aýat töwir okamak ruhuna barsyn diýip sadaka bermek isleýändigini aýdyp jaň etdi. Men oňa joramyň ýatan ýerini aytmadym.Ony dirikä öldüren jenaýatçynyň baryp ony birahat etmäge haky ýokmyka diýip pikir etýän.

Bu waka Tawusyň ölüm sebäbi diňe maña we

Kemala aýandy. We bu syr gün günden içine

sygman has uly alada goýýa. Hiç kime aýdyp

bilnejegim sebäpli men hem şu Hazynam programmasyna ýazyp aýtmagy makul bildim.We ýene bir zady mälim edesim gelýä joramyň adyny gizledim başga at ulandym.

yigirmi ýaşly gyzy gara ýere berenimize ýakyn wagtda iki ýyl bolup geçdi. Howwa gargyş gowy zat däl emma seni şu ýagdaýa salan namardy seň ahyň

tutsyn.Ýatan ýeriň ýagty bolsun Joram...

Awtor: Çaryýewa
Uns berip okanynyz ucin sagbolun.


203

13

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 18.07.2024 / 09:29

+0

çyndanma bolan wakamy.Nomeri öz adyňa açdyran bolsa hiç zat bolmazdy internetde tanyşyp bagtly bolupdyrlar diyip eşitmedim şu wagta çenlä

 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 18.07.2024 / 09:35

+0

Soygi ucin oglan ucin ozuni helaklemek nahili zatkan-ay?! Men-a sun cyndygyna ynanamok.

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 09:52

+0

Bilyanmi bay ogul Senin goyan mowzuklaryna Name ün özin yazdyn diyyan?
Sebabi eserin başda 3-nji bir adam gürrün beryan yaly gidyar, eser hakyky waka öwrülyar, son yene biri gürrin beryar.. şeyle garym gatym yazyan.. Menem kop yerde yazylyan eserleri okayan yone senki yaly garym gatym janrda yazyana dushmadym, Eger imo kanaldan kopiyaladym diyyan bolsan, diymek olarada Caryyewa, Jumayewa atlar bn Senin ozun goyyansyn..
Nowca name un oz yuzuni acman gizlin saklayanyny bilyanmi Sebabi eserlerine ynamy yok we Ozine hnamy yok .. Yazyan zadyna gowni yetyan adam Oz eserine oz adyny goyyar..

Bolya kopiyaladym diyyansin, Bolya Mensana gowy eserler salgy bereyin.. sholary okada owren.. eseri nahili yazmaly,, Sen bolgysyz eserlere uns bermede gecen asyryn Agirtlerine yagny Ata gowshut, N.Saryhanow. Gara seyitli, Berdi kerbabayew yaly agirtlerine yuz tutdana sholaryn eserlerini oka
Bu samsyk eserleri gyra goyda


Premium
BAYOGUL [on] (18.07.2024 / 10:01) 

Мерет, ok

 Täzeje
 Мухадова [off]
  Сессиздирин йоне кор дал!
 22.07.2024 / 21:42

+0

гзн сойгусине мнасп дал екнри намарт

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)

Lolular


Gowy eken ýetirip duruň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Sebap (Düýn, 21:35)

Lolular


Su in sonky setirdaki kop nokadyn yerine gelyan soz Pyragydan okamda-da bimaza edipdi. Hazirem bimaza edye. Loly dal-da heley diyyes biz-a on ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Belki (Düýn, 21:28)

Lolular


Aşagynda awtory goýulmasa, şol goşgyny Puşkin ýazanam bolsa okasyň gelenok. Üstesine, awtoryň adyny goýmadyk adamy hem sowatsyz hasaplaýan....dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Pegas (Düýn, 20:57)

Lolular


Erkekler tarapdada ayallar tarapda da has juda gowylaram kopdir yone Loly erkekler diyipsin voli ozime cekdim ( Kabir erkeklere degisli ) Diyip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Bayradot (Düýn, 20:39)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика