Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Mejnun bilen bile yşk sapagyny okaşdyk, ol dörtlük alýardy, meñki bäşlikdi #Oraz Ýagmyr

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Surat
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 18.07.2024 / 16:18

Kyssa

Dünýäniň işleri elmydama gyssanmaç. Adatdaky ýaly, dik duran ýerinden ertirlik edinýärdim. Ejemem adaty bolşy ýaly, gyssaýardy.
-- Otursana, balam. Birsellem otur ahyry.
-- Boldy, gitdim.
-- Howukma, balam! -- Ejemi gözüme adaty bolşundan başgaça, nähilidir bir gussa bilen dikanlap garady.
-- Gürrüň bar.
Aljyraňňy halda sagada seredim: maşyna benzin guýmaly, işe ýetişmeli, soň neşirýada gitmeli...
-- Näme gürrüň?
Ejem entegem gamgyn garap otyrdy.
-- Surata düşeli - diýdi, garaşylmadyk ýerden. Geň galdym.
-- Näme üçin?
-- Ýakynda men ölýän.
Ejem bu gürrüňi, hamala " Goňşulara gidip geljek" diýýän ýaly äheňde aýtdy. Gülüp goýberdim.
-- Goýsana, eje!
Şeý diýdim-de, çykyp gitdim.
Aradan iki hepde geçdi...
Gijelerine oýanyp, oýa batýan. Oýlanýan; sen namart, sen akmak, näme üçin, näme üçin sen şonda güldüň? Surata düşmäge wagtyň ýokmudy? Gerek bolsa, tapýaň ahyry. Kitap üçin, žurnal üçin, iş başynda, bag içinde, ýolda... Näme sen kino ýyldyzymy? Dünýä meşgur şahsyýetmi sen? Hana, bir desse suratyň ýatyr. Her hili. Her ýerde... Emma...
Ejem bilen düşen suratym ýok!

Orazmyrat Myradow


210

18

3

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 18.07.2024 / 16:32

+1

meňem ejem bilen 1je suratym bar yone hokman duşjek


Özümiziňki
Gulmahrem  (18.07.2024 / 16:38) 

Aynabat, hawa, ondada ata-enelermiz bilen köpüräk düşmeli surata

 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 18.07.2024 / 17:24

+1

Mlds.gowy eser eken

 Täzeje
 Мерет [off]
 18.07.2024 / 18:42

+1

Вагт гелер элиндаки задын узак болар вагты барка гадрыны билин

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика