Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Aypipijik : Kabir adamlar seyle bir suyji edip yalan gurleyaler, hatda olary dinlap cayy sekersiz hem icsen bolyar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adaty bir gün
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 19.07.2024 / 13:07
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Adaty bir gün

Bu gün ir oýandym ertekilerden,
Arzuwda alaşdym, kakyldy gapy.
Ýene adaty Gün dogdy säherden,
Doýdummy ýa doýmadymmy nahardan?
Ýüzüm gülýär,içim doly gahardan,
Hem-de masgarabaz masgasyn geýip,
Mydam adamlara gülüp bakardym.
Tomsa ýetdim, täsirlenmän bahardan.
Ahyrynda erkin ganatyn ýaýyp,
Ylham perim uçup geldi ýokardan.
Alyp ýetişmeseň günlerem geçýär ,
Ondan soňra ömre diýýäs bimany.
Atyp ýetişmeseň ylhamam gaçýar,
Garaşanok ol geýýänçäň kepkaňy.
Soň-soňlaram söýlüp okalarmyka,
Bir güniň içinde ýazan şygyrlam.
Maňa ýolum salgy berse Remezan,
Erkinligi özleşdirsem Laçyndan.
Ýol ugruna Kelejara sowulup,
Karz berse goşgy aljak Mahymdan.
Gözleriňi ýumsaň başlanýar düýşler,
Gözleriňi açsaň gutararmyka?
Gözleriňi açsaň başlanýar işler,
Gözleriňi ýumsaň gutararmyka?
Pikirlem-uruşda , umutlam-sürgün,
Hyýallam-huruçda , goşgulam-gurgun.
Sowgadym iň arzan ,iň ullakan tort,
Sowgadym iň arzan , iň ullakan bagt,
Sowgadym iň arzan , iň ullakan wagt...
Bu gün doglan günüm,adaty bir gün .

(19.07.2024)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

Çeşme: https://yazyjy.ucoz.net


242

13

4

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Anomalia [off]
  Hemme zady soňa goýmak ömrüň manysyny gaçyrýar.
 19.07.2024 / 13:36

+1

Tüweleme,gowy eken
Ýetirip duruñ


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 16:32) 

Anomalia, sag boluň , okalyp dursaňyz , ýetirip duraryn.


Premium
Anomalia  (19.07.2024 / 16:36) 

Gerceknazar,
Bolya

 Premium
 Belki [off]
  Söýenler terk edýär, a söýgi baky!
 19.07.2024 / 15:20

+1

Ýol ugruna Kelejara sowulup,
Karz berse goşgy aljak Mahymdan.

Gelay agam, karz bereris
Doglan gununizem gutly bolsun, uzak yasan!


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 16:34) 

Belki, äý näbileýindä , "özümem zooo rdan tapýan goşgyny" diýjek ýaly bolup dur. Baranyma görä boş gaýtarmasaňyz bolýar. Gutlaglaryňyz üçinem sag boluň .


Premium
Belki  (19.07.2024 / 16:36) 

Gerceknazar, zordan tapyanym-a yalan dal yone doglan gununiz bolany ucin ecilayin diydim


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 16:43) 

Belki, meň adyma bäş sany goşgy belläp goýaýyň


Premium
Belki  (19.07.2024 / 16:44) 

Gerceknazar, isdanizem yok eken


Premium
Belki  (19.07.2024 / 16:45) 

Gerceknazar, Bayram Bejitden on sorasanyzam berermika diyyan


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 16:57) 

Belki, howwa işdäm gaty gowy Hudaýa şükür ,iň gowylaryndan saýlap alyp gaýdaryn. Baýramyň özem bizden soraýmasa


Premium
Belki  (19.07.2024 / 16:59) 

Gerceknazar, ay 2000 sany gosgym bar dip yordi arada


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 17:16) 

Belki, onda ha alaýsaňam boljak eken , häzir jaň edip göreýin

 Täzeje
 Мерет [off]
 19.07.2024 / 15:52

+0

Galamyn yiti bolsyn..!


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 16:35) 

Мерет, minnetdar .

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 19.07.2024 / 15:57

+0

Gutlayan uzak yaşan


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.07.2024 / 16:36) 

Aynabat,köp-köp sag boluň .

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика