Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Biwepa köp eken (1-nji bölüm)
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 21.07.2024 / 16:49
 Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy

"Säher turup seretdim men jahana,
Duşman üçin bolupdum men bahana."

Meret agşamky duşuşykdan soň giç ýatyp , ir bilen turasy gelmedi . Onda-da ejesiniň zol zol gaýtalanýan :
-Tur oglum okuwdan gijä galaýma -diýen sözlerine zordan kellesini ýassykdan göterdi. Sagada seredip gaýtadan kellesini ýassyga goýdy. Ýene-de eýwandan ejesiniň sesi geldi .
-Tur oglum okuwdan gijä galýaň
-Okuwa entäk wagt bar-a eje
-Onda-da irräk baraý
-Günde şeýdip ir turuzýaňda
-Ýatma, tur perişdeleriň bereket paýlaýan wagty. Bu wagt ýatmak rysgalyňy kemelder oglum
Meret gözlerini açalak-ýumalak edip birsellem otyrdy. Soňra zor bilen ýerinden turup, agyr ädimler bilen hajathana ýöneldi. Öýden çykan badyna säheriň salkyn şemalyna ýüzüni ýelpäp birneme ukysyndan oýardy. Elini-ýüzüni ýuwup daňdandan bäri öý işlerine elewräp ýören ejesine gygyrdy:
-Eje saçagy ýazmadyňmaý?
Oglunyň eşiklerini ýuwup oturan ejesi, oturan ýerinden gygyrdy :
-Ýazdym oglum . Öz ýatýan jaýyňa baraý
Meret adatdakylary ýaly saçak başynda ýekedyz oturyp ilki bilen käselere çaý guýuşdyrdy. Ýumşajyk türkmen çöregini döwümläp üstüne mesge , onuň üstüne bal çalyp işdämenlik bilen garbandy. Ertirligini edineninden soň öý eşiklerini çykaryp ,ýuwup, ütüklenip goýulan akja köýnek bilen garaja balagyny geýdi. Boýunbagyny boýnuna ildirip aýnaň öňüne bardy. Aýnaň öňüne geçip boýunbagyny gowlady, saçyny darap, atyr sepindi. Tahýasyny emaý bilen kellesine goýup, üsti başyna serenjam berdi. Päkmesini açyp , gündeligini alyp bu günki geçiriljek sapaklar boýunça kitaplaryny , depderlerini alyşdyryp päkmesine saldy . Garaja köwşüni hasam garalap geýip, mekdebe ugrady. Ýola çykyp ilersine seredeninde agyr ädimler bilen ýöräp gelýän klasdaşy Orazjany görüp garaşdy. Soňra klasdaşlar özara gürrüňe başladylar.
-Meret gowymy dost?!
-Gowylaý, özüň gowumy ?!
-Aý bizdä gowluk ýokdyr
-Hä näme boldy ?
-Jasmin bilen sögüşdimä
-O näme üçin ?
-Aý doňdyrma alyp bermediň , telefonymyň puly gutardy , goşa çynar alyp beräýdä , halys ýürege düşdiläý. Düýn agşam gowy sögüşdimä .Agzymdan gelenini gargadym.
-Aý ýene-de ýaraşarsyňyzlaý . Öňelem näçe gezek öýkeleşip ýaraşdyňyz?
-Ýo ýaraşjak däl indi. Entek ojagaz gyzy edişime seret . Klasda masgara edeýinmi ?
- Ýoklaý gerek däl . Uruş barka sögüş nämä gerek ?
-Düýn Aýnabadam jaňyny almadyk bolýa-da
-Bäh, indi näme etmeli ?
-Häzir okuwa baraýyn . Egri otyryp , dogry gürleşerin onuň bilenem . Wi ýogsada nemeläý dost
-Näme ?
-Sende Mahymyň nomeri barmaý?
Dogrysy Meret daşyndan bildirmezlige çalyşsada Orazjanyň gyzçyl, ulumsy häsiýetini halamaýardy. Şonda-da söhbeti söhbetdeşiň özüne görä dowam etdirdi.
-Ýok. Gyzlaň nomeri sende bolmala
-Baýogulda  bar welin aýytmadyk bolýar...
Klasdaşlar şeýle gürrüňler bilen mekdebe ýetdiler. Mekdep şol adaty gözelligi, ezizligi, mähribanlygy bilen ýylgyryp durdy. Onuň töweregindäki gür baglykdan ýaňa içini görüp bolmaýardy. Emma onuň gapdalyndan geçen biparh seredip geçip gidibermeýärdi. Çünki onuň goýnunda gamsyz çagalyk, şadyýan ýaşlyk, iň ýakymly ýatlamalar ýatyrdy. Şool öňki köneje mekdebiň indi birneme durky täzelenipdi, baglary köpelip gitdigiçe boý alýardy. Ataş direktoryň özüniňim okap bilim alan oba mekdebine gowy seredýänligi daşyndan bildirýärdi. Ol mekdep bolany üçin onuň ilersinem , gaýrasyndanam , gündogarsyndanam girip bolýardy. Meret bilen Orazjan bolsa ilerden gelişlerini mekdebiň ilersinden girdiler. Klasdaşlaryň arasynda şol adaty gürrüňler dowam edýärdi.
-Meret  birinji sapak näme bolmaly dost bilýäňmi?!
-Türkmen dili
-Blää , ýene şol garry mollymmy?
-Başyndan synp ýolbaşçydan başlaýalarda
-Bedenterbiýe haçan?
-Aý , üçünji ýa-da dördünji sapak bolaýmasa
-Erkek , ine şol sapakdan gowysy ýoklaý
-Çyn bolsa dogrydyr...
Klasdaşlar gepleşip mekdebiň günbatarsyna geçenlerinde , Merediň gaýradan ýekeje özi ýuwaşjadan ýöräp gelýän Mährime gözi düşdi. Uzyn boýly, saryýagyz , dogumly gyzy Meret öňden bäri halaýardy. Emma şunça wagtlap , şol dogumly perizada içki harasatlaryny duýdyryp bilmeýärdi.Okuw köýnegi  hasam gowy gelişýärdi. Onuň kiçiräk goňur gözleri , inçeräk gaşlary, Güne çalym edýän ýüzleriň Merediň gözlerine diýseň gözel görünýärdi. Mährim sap-saryja çypar saçlaryny ikä bölüp örüpdirde arka taşlapdyr. Onuň saçlary beýlebir uzyn däldi. Aslynda Mährim  hemmelerden saýlanyp duran owadan däldi. Ol hemmelerden saýlanjagam bolmaýardy. Aram-aram ýakynlarynyň toýlarynda bolaýmasa ýüzüne-gözüne zadam çalyp baranokdy. Şol tebigy bolşy, şol tebigy häsiýetidi. Meret hem onuň şol tebigylyny söýýärdi. Ol Mährime ölemen , hiç hereketini sypdyrman synlajakdy welin ýanynda Orazjan bardy. Ol entäk ýürekdäki syryny hiç kime aýtmandy.
Ine-de jaň kakyldy. Okuwçylar ýerli ýerden hatara durulýan ýere gelip , hatar-hatar bolup durdylar. Her kim öz durmaly ýerini bilýärdi. Soňra okuw müdiri Merede golaýlap:
-On birinji be synp , türkmen dili - diýeninden soňra Meret we klasdaşlary synp ýolbaşçysy Karol09 mugallymyň klasyna bardylar. Klasyň gapysy açyk ýöne entek Karol mugallym gelmändi. Meret  ortaky setiriň iň soňky partasynda, dördinji synpdan bäri partadaşy Aýnabat bilen oturýardy...

(1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar )

© Gerçeknazar AMANNAZAROW


218

40

15

6

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
 21.07.2024 / 16:53

+0

Başgada hekaýa goşulmak isleýäniňiz bar bolsa hakyky adyňyz bilen özleri barada gysgaça maglumat ýazmaly. Tanamaýan adamyň barada ýazmak kyn hem howply.


Täzeje
 (21.07.2024 / 17:53) 

Gerceknazar, hàzirki şu ýazanyñyz bolan wakamy? Ÿagny birileriniñ durmuşyny hekaýa edip ÿazyp bereñizmi?


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 18:01) 

boshver, ýok-la bolan waka däl.

 Täzeje
 Sasiyona [off]
  Ask kadar etkili,sevgi kadar delici
 21.07.2024 / 17:54

+0

Men hem gosulmak isleyan


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 18:04) 

Sasiyona, bolýar, hekaýa goşulmak isleýänler ýene-de bir zady unutmaly däldirler. Hekaýada her dürli wakalar bolup biler, gatnaşyjylar hem her dürli wakalara duşup biler. Şular ýaly zatlaram öňünden ýatladaýyn. Soňundan öýkeleşmek ýok.


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 18:07) 

Sasiyona, özüňiz barada gysgaça maglumat ýazaýyň . Iň esasy sorag durmuşa çykdyňyzmy?


Täzeje
Sasiyona  (21.07.2024 / 18:28) 

Gerceknazar, Hmm bolya.


Täzeje
Sasiyona  (21.07.2024 / 18:30) 

Gerceknazar, Gozel.2001.Yok durmusa cykmadym.Yeterlikmi su maglumatlar


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 18:49) 

Sasiyona, ýeterlik

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 18:17

+0

meňä adymam bar ekeni goşulmak Islayan elbetde

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 18:19

+0

gowy aydym Biwepa kop eken.Durmuşa çykamok okuwçy klasdaşlarymam halap baramok

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 21.07.2024 / 18:54

+0

Meret bilen partadaş ekenim


Premium
BAYOGUL  (21.07.2024 / 22:14) 

Aynabat, sen bilen men otrayjakdym:

 Täzeje
 Arabchik [off]
  ⚜️Gorkýañmy etme,etdiñmi Gorkma⚜️
 21.07.2024 / 18:54

+0

Şu saytdaky atlara şulaň hemmesi.bayogul Jasmin meret......gowy eken mlds


Özümiziňki
Aynabat  (21.07.2024 / 18:55) 

Arabchik, Senem goşuljak diy


Täzeje
Arabchik  (21.07.2024 / 18:56) 

Aynabat, nama?


Özümiziňki
Aynabat  (21.07.2024 / 18:57) 

Arabchik, Hekaýa


Täzeje
Arabchik  (21.07.2024 / 18:57) 

Aynabat, bolya gosuljak


Özümiziňki
Aynabat  (21.07.2024 / 18:59) 

Arabchik, teswir yaz onda goşuljak diyip

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 21.07.2024 / 19:33

+0

Haladym!Su gune cenli sayt agzalarnyn gosulmagynda hicbiri hekaya ya wkaa yazmandy Minnetdar size!Yazyjy.


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 21:20) 

Dreamfull, sag boluň ýöne her agzanyň hakyky adyny goýasym gelýär. Şonuň üçin özüniň barada gysgaça maglumat (bolmanda adyňyzy) ýazsaňyz sizem hekaýa goşup bilerdim.


Premium
BAYOGUL  (21.07.2024 / 21:48) 

Dreamfull, dos hakyky adyny goyandan sunsaytdaky adyny goysan gyzykly bolar sebab kopimiz bir birlermizin adumyzy bilemzok has yakyn saytdaky adyny bilyas şonuň üçin saytdaky ady gowy bolarmyka diyyan mena ikincisinem cykarayda gaty gyzykly ýerinde galdy


Täzeje
 (21.07.2024 / 21:53) 

Gerceknazar, Dreamfull yyl 04 we Perki nklinam goshaysanda o yigidim)95 yyl


Premium
BAYOGUL  (21.07.2024 / 22:13) 

Gerceknazar, dos hakyky adyny goyandan sunsaytdaky adyny goysan gyzykly bolar sebab kopimiz bir birlermizin adumyzy bilemzok has yakyn saytdaky adyny bilyas şonuň üçin saytdaky ady gowy bolarmyka diyyan mena ikincisinem cykarayda gaty gyzykly ýerinde galdy


Premium
PeRMaN  (22.07.2024 / 08:36) 

Dreamfull, Netimi-ä bilen ekeniň


Täzeje
 (22.07.2024 / 17:35) 

PeRMaN,

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 21.07.2024 / 20:12

+0

Malades gowy bolupdyr sagbol menem adym bar ekeni yene goysan goyay dos minetdar bolardym


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 21:22) 

BAYOGUL, size gowy ýer bar eken hekaýada baýyň ogly. Baýogul bolup hekaýada yzygiderli gatnaşarsyňyz.


Premium
BAYOGUL  (21.07.2024 / 21:25) 

Gerceknazar, sagbol dos begendirenin minetdar


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 22:08) 

BAYOGUL, dowamyny ertir goýaýmasam bu gün goýup bilemok. Günde bir mowzuk goýup bilýän.


Premium
BAYOGUL  (21.07.2024 / 22:12) 

Gerceknazar, bolya dos ýaňy sana yazjak diyip dreamfula ýazylypdyr okadynmy Sony


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 22:16) 

BAYOGUL, howwa okadym. Onam göz öňünde tutaryn.


Premium
BAYOGUL  (21.07.2024 / 22:17) 

Gerceknazar, sagbol dos

 Täzeje
 Мерет [off]
 21.07.2024 / 21:14

+0

Gowy cykypdyr ozimi bibir rolda pynanyan yaly boldym Kom Minnetdar Gerceknazar aga


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 21:29) 

Мерет, siziňem janyňyz sag bolsun . Ýöne hekaýanyň soňy bulaşýandyr, gaty görmersiňizä!


Täzeje
 (21.07.2024 / 22:28) 

Gerceknazar, artist islendik rolda oynamaly bolyan yerleri kan bolyar sholar yalydyrda nicyo


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 22:40) 

Мерет, howwa şolar ýaly .


Täzeje
 (21.07.2024 / 22:41) 

Gerceknazar, ok gowluk bolsun easy Galamyn yiti bolsy . SIZ scenarios yazyp blersinizmi kino teatr?


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 22:53) 

Мерет, siziňem galamyňyz batly bolsun. Kino ýazmaga synanşamok. Ýöne teatr , drama ýazmagy örän gowy görýän . Esasy ugrum drama ýazmak has golaý dünýäme. Dartgynly wakalar we adamlary aňsatlyk bilen gürledip bilýän. Emma suratlandyrmagy kän halamok. Kino ýazyp , telewizora çykarasym gelýär elbetde . Ýazanym bilen telewizora çykjagy gümana . Onda-da täze ýyl kinosyny ýazyp görjek nesip bolsa .


Täzeje
 (21.07.2024 / 22:58) 

Gerceknazar, men oyun goyujy prodyuserler bn gatnashyanlarym bar teklip edip goreyin mumkin cilik bolsa men hodurlarin siz barada tayyarlap goya werin


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 23:03) 

Мерет, örän uly kömek etdigiňiz bolar galamdaş . Arasynda özüňüzdenem goşup meni öwüberiň Enşalla öwgüňize mynasyp bolarys, ýüzüňizi gara çykarmarys.


Täzeje
 (21.07.2024 / 23:09) 

Gerceknazar, nesip bolsa yazshynyz gowy ekeni Men biri yarymyny yrjak bolayn azajym aladalarymy dynanym son nesip bolsa Alla yol berse yone howlukdyrman


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 23:12) 

Мерет, ýok howlukdyrmaryn . Bolmasada zyýany ýok . Meniňem tanaýan birki sany tanşym bar . Täze ýyla çenli gowy kino ýazyp çykaryp bilsem bolýar . Kinony ýazan badyma şu saýtda-da paýlaşaryn Enşalla .

 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 22.07.2024 / 00:25

+0

Gaty gowy Karol09 mugallym bolan bolsa..

 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  Iki gozum yolda (Elvinim'm💂‍♂️💋)
 22.07.2024 / 01:31

+0

mnm gosulmak isleyan


Özümiziňki
Gerceknazar  (22.07.2024 / 05:54) 

Maxrim_mv, sen öňem bar-a hekaýada.


Täzeje
Maxrim_mv  (22.07.2024 / 15:20) 

Gerceknazar, saytda 2 maxrim bara

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 22.07.2024 / 08:39

+0

Gowy çykypdyr, kinoň ikinji seriasyna garaşýas:d

Mydamada şowlulyk ähli ugrlarņyzda hem


Özümiziňki
Gerceknazar  (22.07.2024 / 13:23) 

PeRMaN, sag boluň , dowamyny goýjak welin "Günlük limidiňiz doldy" diýip goýduranok

 Täzeje
 Мухадова [2m]
  Сессиздирин йоне кор дал!
 22.07.2024 / 21:59

+0

менам гошсана сельби 05

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 23.07.2024 / 15:52

+0

Menem goşuljakdym ýone gija galdym gerek eýýam ýazyp bolansynyz ony

 Täzeje
 Aydogdyyewa [off]
  Не волнуйся, у меня есть парень ❤️
 24.07.2024 / 23:54

+0

Hemme bar mn yok nm un seydip tiz yatdan Sewa


Özümiziňki
Jasmin  (24.07.2024 / 23:58) 

Aydogdyyewa, Jana hokman gosars


Täzeje
Aydogdyyewa  (25.07.2024 / 00:07) 

Jasmin, garasyan sayta girenok diyip ayyrmaly dala


Özümiziňki
Jasmin  (25.07.2024 / 00:09) 

Aydogdyyewa, bolya HEME zatda mydama yanmdasyn sen aklm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика