182 |
29 |
14 |
6 |
0 |
1 |
2 |
Kadir diyip saytda gabat gelmedim yone ajayyp
Menem sasiyona diydimi sasyonaaaaaa
Berekella dos sagbol gowy çykypdyr mlds
BIWEPA KÖP EKEN (3-NJI BÖLÜM)
"Serpaý beriň ykbalymy ýakana,
Gözni açyp seretsin ol jahana."
Üçünji sapak beden terbiýe , Orazjanyň aýdyşy ýaly iň gowy sapak ýetip gelipdi. Eýýäm beden terbiýe sapagyna girilmänkä , arakesmede oglanlar bir ýerlerden topam tapdylar. Olar adatdakylar ýaly sport zala girip woleýbol oýnamak isläpdiler. Emma okuw müdiri sport zalyň açaryny alyp :
- Indi sport zala girmeli däl - diýipdi. Çünki okuwçylar oňa girseler beýleki sapaklara baraslary gelmeýärdi. Okuwçylar okuw müdiriniň ýanyna baryp näçe haýyş etselerde açary bermedi. Okuwçylar alaçsyz bu günki beden terbiýäni sport zalyň daşynda geçirmeli boldular. Kähalat ylgamak türnik çekmek ýaly gurnaýmasa Arzuw mugallymyň sapakda okuwçylar bilen kän işi bolmazdy. Gaýta ol ýaryşlar hem okuwçylar üçin örän gyzyklydy. Bu gün Arzuw mugallym okuwçylara aýratyn ýaryş gurnajak bolup durmady. Klasdaşlar tegelenşip eli bilen topy geçirip utylan çykdy oýnap başladylar. Ýogsa hersi topy eli bilen bir gezek degip ýoldaşlaryna geçirmelidi. Kim topy bir gezek eli bilen degip ýoldaşlaryna geçirip bilmese şol hem oýunçam çykýardy. Garagul oglanlar biri-birini çykarjak bolup her dürli hilelere ýüz urýardylar. Top kime degip ýere düşse şolam oýundan çykmalydy. Oýunda Merediň hiç garaşmaýan pursady bolup geçipdi. Ony Meret etjek bolsada edip bilmezdi. Ýagny Meret bilen Mährim iň soňunda oýundan çykman ikiçäk oýnamalydy. Oýunyň iň hezil ýerem şoldy. Beýleki ýoldaşlaryňy çykaryp ikiçäk galsaň arkaýyn iki bolup topy biri-biriňe geçirip oýnabermelidi . Kähalat iki bolup galanlara garaşyp-garaşyp ýadap, soňunda durup bilmän oýuny bozardylar. We hemmeler üýşüp oýun täzeden başlardylar. Emma Merediň arzuwlaýan pursady amala aşmady. Mährim Meret bilen ikiçäk galasy gelmän birinji gezekde topy eliniň tersine urup göýberdi. Mährimiň bu hereketi Merede agyr degdi.Mährim näme üçin Meret bilen ikiçäk oýnasy gelmeýärkä? Ol Mährimiň bu hereketini hiç ýadyndan çykaryp bilmän ýüreginiň jümmüşinde ömürlik gara tegmil bolup galdy .
Klasdaşlar şeýdip oýun oýnap ýörkäler , olardan bir ýyl kiçi bolan 10-njy "A" klasyň dogumly oglanlary gahrymanlyk görkezmäge geldiler. Olar 11-nji "B" klasyň oglanlaryna yrsarap , olaryň toplaryny alyp , gyz klasdaşlaryna top bilen urmaga başladylar. BAÝ HAN bu hereketlere tomaşaçy bolup seredip durup bilmedi. Ol 10-njy klasyň okuwçysy Akademik2 garşysyna geçip:
-Nä beýdýäňow , nä sen bizi äsgereňakmow?- diýip ýakasyndan tutup ýaňagyna bir ýumruk gönderdi. Ony Akademik ýoldaşlary Agzamen , Baýradot dostlary görüp bada-bat hüjüme geçdiler. BAÝ HAN ýoldaşlary Meret , Orazjan, BAÝOGUL, Arabchik , Kadir hem olardan kem galmadylar. Iki klasyň oglanlary talpa bolup uruşmaga başladylar . Kimiň kimi urýanlygyny daşyndan kän saýgaryp bolmasada Akademik2 ýoldaşlary az bolan soň birneme ejizläp başladylar . Gyzlar bu wakany ylgap baryp Arzuw mugallyma aýtdylar. Arzuw mugallym haýdaşlap gelip gygyran soň BAY HAN we ýoldaşlary uruşdan çekildiler. Akademik2 ýoldaşlary hem mazalyja temmilerini alansoňlar uruşdan çekilip , Arzuw mugallymdan gaçyp gitdiler. Elbetde bu ýerde günäkär Akademik2 ýoldaşlary bolanlygy üçin klasdaşlar üýşüp mugallyma düşündirmäge başladylar .
-Mollum ilki özleri başlady
-Howwa , biz oýun oýnap ýörkäk topymyzy alyp gyzlara urmaga başladylar
-Hana gyzlaram şaýat
Gyzlar hem oglanlardan kem galman klasdaş oglanlarnyň günäkär däldigini Arzuw mugallyma düşündirjek bolýardylar .
-Howwa mollum olar gele-gelmäne yrsarap başladylar
-Ýerçeken gelmän geçenler . Nirden çykanynam biz-ä bilmedik
Arzuw mugallym bulary diňläp hiç kime gaharlanmady. Gaýta ol şu meseläniň şu ýerde galmagyny isleýärdi.
-Bolýar oglanlar. Ýöne şu ýagdaý şu ýerde galsyn. Bolýamy ? Beýdip gören ýerňizde-de urşup ýörmäň
-Özleri yrsarap geldi-dä mollum
-Özleri yrsarasada gelip maňa aýtmaly
-Bolýar mollum
Ondan soňra Akademik2 ýoldaşlary bu klasa gelip yrsarap bilmediler . Emma özleriçe gahrymanlyk görkezendiklerini beýleki ýoldaşlarynyň ýanynda ýaltanman özleriçe ulaldyp gürrüň berýärdiler. Ýöne bu ýerde gahrymanlyk görkezen BAY HAN we klasdaş oglanlarydy. Gyz klasdaşlary olara daşyndan guwandylar. Ylaýtada Sasiyona BAY HAN-yň burnundan akýan ganlary görüp daşyndan gynanýardy. Ol BAÝ HANA halys dözmeýärdi hemem özüni goraýan şeýle dogunly klasdaşynyň bardygyna buýsanýardy
BAYOGUL, uruşly ýerini okap mekdebe gidesim geläýdi
Aynabat, menem gidesin geldi
BAYOGUL, akademik2
mugallym bolupdyrna
Arzuw, hut şeyle yoldash mugallym
Niräň bilen ýazdyňaý bulary?
Agzamen, elim bilen .
Gerceknazar, yzyny okap bolmazmyka
Gerceknazar, eliňi nirä çatyp ýazdyň
Jasmin, yzyny ertir goýjak nesip bolsa .
Agzamen, telefona .
Gerceknazar, belli
Gerceknazar, bolya
Gowy eken
Muňa ,,bagt" diýilýär, mollm geldi ana... Gerçek sagbol, mugallymy wagtynda klasa salanyň we gyzyklyja temanjyklaryň üçin
Gaty gyzykly gowy bolupdyr.Mlds
hakykysynam okapdym welin bu has hezil yaly
Gayrat et-de meñ adymy aýyrsana dosoglan, maña derek başga birini goyup goyber
BAY-HAN, gowy dami gayta adyñ bolsa
Jasmin, gowy dal
BAY-HAN, naçe kop agza gosulsa sonca gyzykly bolardy mowzyk