Ýürekdeş sözler!
Betow : Durmuşda dine ulunjak zadyny ulanmaly.........Betow
Biwepa köp eken (5-nji bölüm)
Özümiziňki Gerceknazar [off] 24.07.2024 / 18:20 Kanagatly bende baýdyr soltandan
Biwepa köp eken (5-nji bölüm)
Her bir gül hem güldir welin,
Bägül gülçe bolmaýar.
Her bir ýylam ýyldyr welin ,
Mekdep ýylça bolmaýar .
Gyş pasly dowam edýärdi. Asmandan bolsa göýä ýelek ýaly akja garlar iki ýana gaýmalap ,ýeriň ýüzüne syrygyp gidýärdi. Meret penjireden tebigaty synlaýar. Hanha şadyýan çagajyklar "Gar ýagýar-a,gar ýagýar" diýişip , begenşip ,daşaryk oýnamaga çykdylar. Olar eýýäm üýşüp ýoluň ugrunda tyýpançak ýasap ýetişdiler. Olaryň aňry ýanynda garlaşyp ýören çagajyklary göreniňde , göwnüň göýä şol çagalaryň näzijek ýüregi ýaly açylyp gidýär.
Howwa bu ajaýyp tebigatyň görküni näçe taryp etseň , şonça-da az görünýär. Meret hem bu gözel tebigaty barada şu goşguny bagş etdi.
Çagajyklar oýnamaga çykdylar,
Çykdylar "Hezillik , gar ýagýar "diýip .
Şatlandylar, oýnadylar , bökdüler,
"Asmandan zemine nur ýagýar " diýip .
Saňa ýüregimde gyzgyn söýgi bar,
Ak gar adamlara paýlaýar bagty.
Ýagsana , ýagsana , ýagsana ak gar ,
Ýagsana ýene-de ýagmaly wagty.
Akja ýelek kimin akja tozgalar,
Gaýmalap-gaýmalap gaçýar zemine .
Kalbyň joşa gelip, göwnüň gozgalar,
Ak nur ýagýar , şatlyk paýlap her ile.
Asmandan nur ýagýar , dünýe agarýar,
Ak gar ýagan wagty , ýollaryň ýagty.
Ýagsana , ýagsana , ýagsana ak gar ,
Ýagsana ýene-de ýagmaly wagty .
Indi bolsa sözi kän uzaltman mekdep ýyllarda bolup geçen bir wakany gürrüň bereýin.
Ol gün ilkinji sapakda , synp ýoşbaşçysy Karol08 mugallym , klasdaşy Ýegen bilen Meret, okuwdan gelmedik BAÝOGULUŇ öýlerine gidip , ony mekdebe alyp gelmegini tabşyrdy. Ýegen bu tabşyrygy uly höwes bilen kabul edip Meredi hem ýanyna alyp Baýolullara ýola düşdüler.Olar Baýoguly baranymyzda , ol iýip-içip otyrdy. Soňra olar Baýoguly bilen salamlaşyp , esasy gürrüňe geçdiler:
- Baýoguly saňa Karol mugallym okuwa gel diýýär
-Karol mugallyma aýt "Baýogulyň gelnejesi ýaranok welin kakasy Abdy07 bilen uýasy Wrestling şoň ýanynda bolýar . A men bolsa öýe garawul bolýan. Karol mugallyma şeýle diýde aýdaý.
Soňra gürrüňe Meredem goşuldy:
-Baýoguly saňa Zehinli mollum taryh kitabyny getir diýýär.
-Zehinli mollum maňa kitap berenok
-Bermezmow bize samsykdyr öýdýäňmi
-Ýok samsykdyr öýdemok
-Hany onda ýalan sözlemede kitaby ber
-Dogrym-how ol maňa kitap berenok
Olar köp wagtlap Baýoguly bilen ýaňkalaşyp oturdylar. Ahyry Baýogul Zehinli mugallymdan kitap alandygyny , ýöne kitaby ýitirip , gözläp ýörendigini boýnuna aldy. Olar Baýoguldan şeýle jogaby alyp mekdebe tarap ýörediler. Soňra mekdebe baranlaryndan Zehinli mugallym mekdep müdiri Belkiniň ýanynda , bize garaşyp oturan eken . Olar ilki Zehinli mugallym bilen salamlaşyp , söhbetdeşlige başladylar. Gürrüňe ilki Ýegen başlady.
-Mollum Baýogula kitabymy ýitirdim , gözläp ýörün " diýýär.
-Perhat Sabirowdan habar barmy?
-Bilemok mollum . Şu gün-ä okuwda görmedik
-Inhä olam taryh kitabyny berenokda.
Zehinli mugallym şeýle diýdi-de aladaly ýagdaýda aşak seredip oturdy. Az wagtdan soň , Perhat Sabirow eli taryh kitaply olaryň ýanyna geldi. Şol wagt Zehinli mugallym Perhat Sabirowy görüp ýüzi ýagtylyp gitdi. Howwa, hemme waka gowluk bilen gutarsa örän gowy bolýar.
(5-nji bölümiň soňy, dowamy bar )
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
Teswirler:
Özümiziňki Jasmin [off] 24.07.2024 / 19:30+0Mlds gowy bolupdyr menem Anomaliyanka gosulyan
Özümiziňki Aynabat [off] Слава Аллаху. 24.07.2024 / 20:22+0dowamyna garaşyas menä yogam ekenim welin hiçle :/
ÖzümiziňkiJasmin (24.07.2024 / 20:57) Aynabat, menem yoga
Täzeje Agzamen [off] 24.07.2024 / 20:26+0Hümm...
Boş durmasyn 
Özümiziňki Perhat_Sabirovv [off] Men hiçkim birazajyk pikirlen...! 25.07.2024 / 01:06+0Tüweleme
Täzeje Kadir [off] Geyani jinsi belli dal jynsy 25.07.2024 / 01:37+0das bolupdyr agam tuwelleme. Menem bar ekenima
Özümiziňki Diamante_08 [off] Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi... 25.07.2024 / 02:55+0Başrola aňarda dursyn bizi hekayada saljak bolmannyrlar
Täzeje BiReYsEl [off] Only forward to my dreams 25.07.2024 / 11:35+0Malades bet
Ýone bu sanynda men ýok ekenim 
ÖzümiziňkiJasmin (25.07.2024 / 11:38) BiReYsEl, kopimiz yoga
TäzejeBiReYsEl (25.07.2024 / 11:40) Jasmin, Hm bolýadeý indikide goşar bolmasa durubersin
ÖzümiziňkiJasmin (25.07.2024 / 11:40) BiReYsEl, hawola
Premium
Didar8001656 [off] 06.08.2024 / 09:59+0Mlds
Soňky teswirler
Yone gyzyklanyan
Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...
dowamy...Yone gyzyklanyan
Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...
dowamy...
Ýokaryk