Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bulvar : @Tiko- Ýürek ogrysy, agyz ýüregimi nädip ogurlap bilşiň hiçjime bermän ýördimä?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN...”
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 26.07.2024 / 19:54
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan käte başardygymdan,
Ýazmak, belki, ömre berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini
Ölemden soň maňa derek gepläre.


✏Sapa HOMMADOW


222

19

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 26.07.2024 / 20:18

+0

Ýa "edebiýat dälisimi" siz . Aýyplaşmaň welin tanasym gelip gitdidä. Köpçülikde bolmasa şahsylaşaýaly. Döredijilige hormatlaýanlary aýratyn hormatlaýan.


Gytyndan
yurekdes  (26.07.2024 / 20:19) 

Gerceknazar, ozim şygyryeti gowy goryan


Özümiziňki
Gerceknazar  (26.07.2024 / 20:21) 

yurekdes, meniň şygyrlarymam gowy görýäňizmi


Gytyndan
yurekdes  (26.07.2024 / 20:24) 

Gerceknazar, howa okayan onimden cyksalar hokman kabirini skrinşok edyan ona imoda kan gabat gelyadiniz hazir girmamson kan gabat gelemok


Özümiziňki
Gerceknazar  (26.07.2024 / 20:40) 

yurekdes, menem imo giremok. Özüňüzem gowy goşgular ýazýan ekeniňiz. Täze ýazan goşgularňyzy paýlaşaýyň.


Gytyndan
yurekdes  (26.07.2024 / 20:40) 

Gerceknazar,men yazan gowgylarmymy


Özümiziňki
Gerceknazar  (26.07.2024 / 20:42) 

yurekdes, howwa sizi eýýäm yzarlap , kitapçy we islendäki goşgularňyzy okadym.


Gytyndan
yurekdes  (26.07.2024 / 20:44) 

Gerceknazar, wiiiiy. Hokman paylasaryn kan ozime gownim yetmanson paylasamok


Özümiziňki
Gerceknazar  (26.07.2024 / 20:47) 

yurekdes, gysgadan manyly ýazýan ekeniňiz . Özüňe ynam döredijilikde esasy şert.


Gytyndan
yurekdes  (26.07.2024 / 20:47) 

Gerceknazar, ola seyle. Men uzak yazsam bir pikirden basga pikire gecip gidyan

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 27.07.2024 / 08:53

+0

Gowy eken mlds


Gytyndan
yurekdes  (28.07.2024 / 19:10) 

BAYOGUL, spasibo

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика