Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Söýýäñmi ❤️ Elbetde söýýän ? kimi ? Ak süýt beren Ejemi ?? Xiçkimden kem etmedik Kakamy ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Goshgularymm
 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 26.07.2024 / 21:28

Ýylgyrmagym öñküden seýrekledi
Oñ deregine gaýgy gussa basylýan
Sensizlige sabrym güýjim ýetmedi
Eje ýoklugyñda kalbym gysylýar
2
Iñ mähriban bolan "EJE"sözüni
Indi diñe goşgulamda ulanýan
Ömrümiñ iñ hezil senli günlerine
Diñe gijelerine düýşde dolanýan
3
Bilýän indi ol hezil gün dolanmaz
Dolanardan indi ara has uzak
Özümi iñ bagtly adam saýardym
Mährem didaryñy gorsem bir gezek
4

...Bäşimow Toýly...
865424319


205

19

4

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 26.07.2024 / 21:41

+0

Sen gamlanma kynçylygyna durmuşyñ
Omurlik dal gecer gider barysy
Esasy janyñ sag dik bolsa başyñ
Galan zadyñ tapylar bir çäresi
2
Hemme zadam bolar öz nobatynda
Büdresin diýip daş zyñjagam tapylar
Çykalgasyz galyp kömek sorañda
Göz açylar ýapylanda gapylar
...Bäşimow Toýly...
865424319

 Täzeje
 Bashimow_Toyly [off]
 26.07.2024 / 21:43

+0

Bir sen bardyñ başgalara bakmadym
Sen bolsa sebäpsiz döndüñ ýoluñdan
Soñra bolsa öz içimden çakladym
Belki bagt tapandyr özgäñ ýanyndan
2
Günde şol bir gaýgy günde şol gussa
Her dürli pikirler aýlap dur seri
Sen derman bolardyñ ýüregim gyssa
Ýatladyp bagdaky elwan gülleri
3
Indi hiç wagt elwan güller ýatlanmaz
Sebäp indi başga onuñ bagbany
Ýalan söýgä göwün uzak şatlanmaz
Çyn söýýänler nurlandyrar dünýäñi
4
Belki senem ýatlaýansyñ geçeni
Iñ bolmanda aýda ýylda bir gezek
Puç ekeni göwnüm bagtdan uçany
Señ söýgiñ bagt dälde gurulan duzak
5
Arzuw hyýallarym gumda garyldy
Soñra ýitip gitdi tozany bilen
Indi men bir zady has gowy bildim
Bagtyñ däldir söýýän diýip her gelen
...Bäşimow Toýly...
865424319

 Täzeje
 Agzamen [off]
 26.07.2024 / 22:07

+0

2 3 4 5 bular näme?


Täzeje
Bashimow_Toyly  (27.07.2024 / 00:20) 

Agzamen bentlerida,


Täzeje
Bashimow_Toyly  (27.07.2024 / 00:21) 

Agzamen bentlerida,


Täzeje
 (27.07.2024 / 17:15) 

Bashimow_Toyly, nämä gerek eýdip bentlerini sanamak? Okaýan adamyň özi düşünýärä şolary birinjisi haýsy ikinjisi haýsy

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 27.07.2024 / 08:53

+0

Gowy bolupdyr mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика