Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Biri bar... Ne söýmekden ýadadym, ne-de sabr edip garaşmakdan

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Aktrisa Anýa Teýlor-Joý dünýäde iň gözel zenan diýlip yglan edildi
Premium
 BAYOGUL [on]
 29.07.2024 / 09:05
 Yurekdesh.ru

Aktrisa Anýa Teýlor-Joý altyn kesgileme düzgünleri boýunça dünýäde iň owadan zenan diýlip yglan edildi. Britaniýaly plastiki hirurg Julian de Silwa şeýle netijä geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Anýa Teýlor-Joý ýüzüniň ähli bölekleri fiziki kämillik nukdaýnazaryndan ölçenende, ýeňiji boldy» diýip, lukman belledi.

De Silwa öz gelen netijesini matematiki hasaplamalar boýunça esaslandyrdy. Onuň sözlerine görä, aktrisanyň ýüzüniň deňölçeglili kämillik babatda 94,66 göterime golaýdyr. Onuň gözleri iň ýokary utuga (98,9 göterim), maňlaýy (98 göterim) we eňegi (97 göterim) eýe boldy. Emma aktrisanyň dodaklary bu babatda biraz yza galýar (92 göterim).

Ikinji orunda amerikan aktrisasy, aýdymçy, tansçy we model Zendeýa ýerleşdi, onuň dodaklaryna kämillik babatda 0,5 göterim ýetmezlik etdi. Üçünji orny ABŞ-dan 27 ýaşly supermodel Bella Hadid eýeledi, onuň eňegi 99,7 göterim gazandy diýip, «The Sun» britan gazeti ýazýar.

28 ýaşly Anýa Teýlor-Joý amerikaly-britan aktrisasy hem-de modeldir. Ol «Kiçi-serialda ýa-da telefilmde iň oňat aktrisa» ugry boýunça «Altyn globus» we Amerikan kinoaktýorlarynyň gildiýasynyň baýraklaryna mynasyp boldy. Ol «Şa aýalyň göçümi» we «Ýiti oýunlar» seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýar.



247

22

12

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 29.07.2024 / 09:12

+1

Gorelida Suraty yokmy?

 Täzeje
 Yegen [off]
 29.07.2024 / 09:18

+0

 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 29.07.2024 / 09:24

+0

Mlds.Gyzykly eken

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 29.07.2024 / 11:30

+0

Suratyna seretdim , men-ä beýle owadanlyk görmedim. Dünýäde mundan owadan zenanlar ýokmy? Kime , nämä esaslanyp "Iň owadan zenan" diýilýärkä ? Pula esaslanyp diýilen ýaly meniň üçin-ä. Içine gidip duran ýaňaklary , öňki neşekeşlere meňzeýär.


Premium
Belki  (29.07.2024 / 11:36) 

Gerceknazar, altyn kesgitleme düzgüni diyyar-a. Altın oran diyya turkler. Agzyny burnuny gozuni gasyny manlayyny olceyarler, olaryn arasyndaky aralygam olceyarler oydyan yalnysmasam. Soñ netijesinde kesgitleyarler. Google-a Altın oran nasıl hesaplanır diyseñ has anyk maglumat alarsyñ.
Diyjek bolyanym goze geluwlilik kan rol oynamayan bolmaly.


Özümiziňki
Gerceknazar  (29.07.2024 / 11:40) 

Belki, onda "altyn kesgitlemä" owadan bolaýmasa , men-ä "dünýäniň iň owadan zenany" diýip biljek däl şu zenana. Ondana senem owadan .


Özümiziňki
Gerceknazar  (29.07.2024 / 11:49) 

Belki, ony diýseň dodagyny, kirpigini, gaşyny, ýüzüni üýtgedibem ýörlerdä. Ýüzi üýtgedilenmi üýtgedilmedikmi ol barada maglumat barmy ?


Premium
Belki  (29.07.2024 / 11:58) 

Gerceknazar, bilmedim welin yanaklary estetikamyka diyyen

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 29.07.2024 / 11:37

+0

Habarda "matematiki hasaplamalar boýunça esaslandyrdy" ýazylan. Diýmek matematika üçin owadan eken, meniň üçinä owadan däl. Şu saýtdaky görýän köp zenanlaram şundan owadan.

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 29.07.2024 / 12:03

+0

Meñ uçin-a owadan dal, çekgeleri içine çoken, gözlerem uly

 Täzeje
 Мерет [off]
 29.07.2024 / 12:21

+0

Bolanyna gora Nomernem goymaly ekenda


Täzeje
 (29.07.2024 / 12:24) 

Мерет, gurlesekdinmi????


Täzeje
 (29.07.2024 / 12:25) 

Asal__M, Alayjakdymda In owadan Ayalyn ari ady bolayjqkdym


Täzeje
 (29.07.2024 / 12:26) 

Мерет, ?? ay ono senI tanar yaly bolmaz


Täzeje
 (29.07.2024 / 12:27) 

Asal__M, Howa


Täzeje
 (29.07.2024 / 12:28) 

Мерет, ???


Premium
BAYOGUL [1s] (29.07.2024 / 12:50) 

Мерет, nomry goyulmandyr


Täzeje
 (29.07.2024 / 12:51) 

BAYOGUL, Wah Jan edagede Tanysajqkdyk Gardash


Premium
BAYOGUL [1s] (29.07.2024 / 12:52) 

Мерет, gowsy gidaysebe ozun sonyn yanyna

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 29.07.2024 / 12:38

+1

owadanam däl,owadan dälem däl.BAY-HAN bilen Gerçeknazaryňa
göwni ýetmedi


Täzeje
 (29.07.2024 / 14:08) 

Aynabat,

 Täzeje
 Zehinli [off]
  Senin degerini bilmeyenler olur, Ama o sen olma !
 29.07.2024 / 13:03

+0

Agzy nämew jürdek ýaly.
şondana öýümdäki pişigem owodan

 Täzeje
 Wrestling [off]
  Peýdaňa ýok, azaryň bir degmesin)
 29.07.2024 / 13:08

+0

Tüweleme, göz degmesin

 Täzeje
 Asal__M [off]
 29.07.2024 / 13:09

+0

Owadanja ekeni

Täzeje
 boshver [off]
 29.07.2024 / 13:25

+0

Ýùziniñ owadandygna dàl-de jùbisiniñ owadanlygna seredendirler)


Täzeje
 (29.07.2024 / 13:51) 

boshver, seyle bolaymasa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика