Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Zehin : Adamlara peydan degenokmy Zyyanyn bir degmesin

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýürek awusy
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 29.07.2024 / 22:45
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

Ýürek awusy



Ýene maňa hemra boldy gussalar,

Gussalardan bu ömrümem gysgalar.



Tur ylham!

Biziňem geplemek wagtymyz geldi,

Dökübergin ýürekdäki awyňy.

Şonsuzam diňleýän ýok,

Oturlar irkilşip.

Gara köňülleri agartmak üçin,

Akja kagyzlary garalaýarys.

Atomdan agyr söz diýip bilýäris.

Söýýän zadymyzy ýigrenip munda,

Ýigrenýän zadymyz söýüp bilýäris.

Hakykaty aýtsaň Annasoltan deý,

Düşnüp bormy gargalaryň diline.

Bogzyňy ýyrtyp gygyrsaň eger,

"Ýasamadan ymaratlar ýasalýar"

Diňlenermi heý?!



Gürle galam zat galmasyn içiňde,

Göz ýaşlaryň dökülmesin düşniksiz.

Gark boldukmy galdyk umman içinde,

Nirelere düşdük biz?

Hiç kimse bilmez.

Şahyryň boýnuna gandallap goýlan,

Sözdenem ýokarda söz tapyp bilmek.



Indi ynanamok ertekilere,

Ýigrim bäş ýaşymda saçym agardy.

Müň bendiňe berilmese bir manat,

Onsoň nüçin ýazjak kelle agyrdyp.



Ýene maňa hemra boldy gussalar,

Gussalardan bu ömrümem gysgalar...



© Gerçeknazar AMANNAZAROW.

Çeşme : https://yazyjy.ucoz.net


173

5

3

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 29.07.2024 / 22:46

+0

Hickim yazmandyr teswi gowy bolupdyrBirinji lik menden


Özümiziňki
Gerceknazar  (29.07.2024 / 22:50) 

BAYOGUL, aldaýyz like basmadyňyz


Premium
BAYOGUL [1s] (29.07.2024 / 22:50) 

Gerceknazar, wiiiii hazir

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 29.07.2024 / 22:52

+1

Dos gowy hekeyalar yazyp gelyadiney agzalaryn adyny goyup ynansan gunde goyaryna garasyp otyryadym yene yazayda hays agzalaryn adyny goyup


Özümiziňki
Gerceknazar  (29.07.2024 / 22:58) 

BAYOGUL, şu günler Ylham aga gelenok. Ylham aga gelmesede hiç zat ýazyp bilemok . Başgada siz ýaly haýyş bilen ýüz tutanlaryň islegleri kanagatlandyryp ýene-de hekaýalar ýazaryn nesip bolsa .


Özümiziňki
Gerceknazar  (29.07.2024 / 22:59) 

BAYOGUL, näme üçin Aýnabadyň zadyny ogurlaýaň , ogry.


Premium
BAYOGUL [1s] (29.07.2024 / 23:02) 

Gerceknazar, bolya minetdar


Premium
BAYOGUL [1s] (29.07.2024 / 23:02) 

Gerceknazar, ozi rugsat berdi

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 30.07.2024 / 01:58

+0

mowzuk gowy ekeni howa Ylham agaň haçan gelerkä?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика