Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Futbolist gyz (bolan waka) 3- nji bölümi
Premium
 BAYOGUL [off]
 30.07.2024 / 13:30
 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary

Köýnegim işin gördi diýsem, aglasym gelýalaý, şu wagt nebir telefonjygym işin gördä, däli diýsanim
- sen natdiň gyzyň joralarnyň ýanda senem onyň nebir köýnegine kolany düňderdiňä
- senem şonyňkylykmaý
- ýoklohow, ýöne bolşyňyza men haýranlaý, her hili söýgi bar eken "giňdir dünýa, geňdir dünýa "
Aradan bir hepde on gün geçdi
Ataş gyzy naçe ýadyndan çykarjak bolsada bolanokdy.
Daşary ýurda gitmeli wagty welin ýene bir ýarym aý galypdy .Ejesi bolsa daýzasynyň gyzyn alyp berjek bolýardy.
Öýde maňa ýoldaş bolar, şu ýyl öýlendirmän goýjak däl, diýip Ataşy otyrsa dursa Iňirdap gulak kamatyny getirýardi
Bir gün Ataş seýilgahiň deňinden gelýarka 11-12 ýaşyndaky oglanjyk otyrgyçda otyran ekeni .
Ol onyň ýanyna ýetiberende oglanjyk birden otyran ýerinden titrap başlady, agzyn köpürjekledip gidip barýar .
Ataş derrew onyň dilini barlady we taksi tutyp golaýdaky hassahana äkitdi.
Hassahana eltip barlatdy we ony tanamaýandygny, ýolda gabat gelendigni aýdyp,ýene hawar tutyp duraryn diýip hassahanadan öýlerine gaýdy
Ertesi ejesine bolan wakany aýdyp öýden ony muny alyp kiçijek dostynyň ýanyna gitdi
Hassahana baranda ol gözlerine ynanmady.
Ol oglanjyk ony görenden
- anha meniň halaskärim diýip gygyrdy
Oglanjygyň ejesi kakasy Ataşa minnetdarlyk bildirdi.
Ol barmana ynha menem geldim diýip eli sokly,alma,narly futbalist gyzy görüp aňkarlyp durdy,we ondan
- sen barde näme işleýäň diýip sorady
- o soragy men saňa bermeli dami, diýip gyz Ataşa ýüzlendi
- bu meniň jigim, seniň bilen nä dahyly bar
- bu oglanjyk meniň dostym, men ony düýn hassahana getirip ýerleşdirdim
- seniň gürrüň beren ýigdiň şumy diýip jigsinden sorady
Jigsi:
- hawa meni halas eden şu
Gyz bolsa,çalaja ýylgyryp
- minnetdar: - diýdi
Ataş
- men Ataş, tomus kanikula geldim Belorusýada okaýan, ýene bir ýylym bar dynýan
- men Aýşat, sport toplymda mugallyma bolup işleýän, çagalara futbol öwretýan
- beletle pökgi depişiňden- de
Bular ýylgyrdylar. Bu ýylgyryş söýgi ýylgyrşy, bir birine umutly serediş bulary söýgi kenaryna çagyrdy
Ol günden soň Ataş göýä ýerde dälde howada pelpeldeýän ýaly, uçup ýördi.
Günde ejesine her dürlije nahar bişirdip, hassahana iki gezek gidip gelýardi.
Ol Aýşady günde görýardi, onyň bilen öýe ýöräp gaýtýardy, ýolda dürli dürli gürrüňler bilen ony güýmäp, onyň bilen doly öwrenişdi
Aýşat hem söýgi odyna tutaşdy, ol ýuwaşady, Ataş wagtynda gelmese gelýanja garaşyp soň bile jigsiniň yzyndan gitýardi
Aradan 12 gün geçdi.
Erte Aýşadyň jigsi hassahandan çykmalydy
Ataş Aýşada
- Aýym, men saňa bir zat aýtmalyda
- Aýdyber name boldy
- meni ejem günüme goýanok, sen göwneseň ejemi ugradaýyn, bir ýarym aýym bar, toý edip okuwyňa ýöremeli, sen ejeme seret, işiňe gidip gel, men gunde hawarlaşyp duraryn, iň soňky ýylym, bir ýyl okasam dynýan
- Ataş, toý meseläni täze ýyla goýaýaly, men sensiz nädeýin, okuwyň gutar, men garaşaryn, sen gaýgy etme, men seni indi hiç kime bermen
- beý diýmesene enem atamyň ýagdaýyna senem düşün
- bor hany ugradyp gör, biziňkiler näme diýerkaler
- bolýa: - diýse diýdäm welin garaşylmadyk jogaba uçaýjak boldy
Wagtyň azlygy sebäpli bularyň toý sähedi uzaklaşdyrylman boldy.
Toýdada Aýşat bir hokgajyk çykaryp aldy.
Gyz ýeriň toý güni salondan toý mekana gaýtmaly bolanda, salondan çykan dessine Ataşyň aýagyn basdy
Ataşyň
- wägäý ,waý aýak basmaly däldirä, şu wagt
- basmalymyş, gelnejem aýtdy, nikäm gyýylmaňka barjak ýigdiň aýagyn basyp ýetişseň, soň ýoldaşyň ömür boýy diňe sen diýip ýörermiş!?
- aý senem ynanyp ýören zadyňy, ömür menem goşgylar diýip ylgasym ýok
- borla bagyşla
Ertesi gelinalyjy güni Aýşada atyp bilen ýaglyklarny atyp onyň üstunede agyr kürte atylansoň, ýöreýan ýolynyň diňe aýagynyň uçjagazyn görüp,ýöräp barýan Aýşady, tä ýadygärlikden öýlerine çenli, her ädiminde Ataşyň azajyk aýagyň galdyr çükür bar diýip, düýnkide aýagyn basylmagynyň aryny alyp geldi
Toýdan soň toýyň diskin görende Aýşadyň haýaljak ýöräp barýan ýerinde, aralygynda aýagyn galdyprak ýöreýäni bildirip durdy
Aýşat
- Ataş, nämeüçin beýdiň
- maňada gelnejem nikaň gyýylmaňka gyza aýdanyň etdirip bilseň, ömur seniň söziň ýörär durar diýdi
- beýtmäňde-de, goňşylaryň diýeni ýöräsi ýokdy: - diýip öz gaýtalaýan sözin özine aýtdy
Bir ýarym aý hem geçdi.
Ataş okuwyna gitdi
Aýşat gözjagazyn ýaşlap galdy
Ataş gidensoň, gaýyn enesi bilen gaýyn atasynyň aladasy Aýşada galdy
Olary öz ene atasyndan kem görmedi.
Işine gidip gelip öýiň işi bilen gumra bolup ýördi.
Ataşyň özinden uly bir gyz dogany bardy, oda durmyşa çykandy, ol iki çagasy bilen öýe gezmage gelse ony öýlerine ugradasam gelenokdy.
Tiz tizden gelip duraýda diýip, her gezek ugradanda aýdyp galýady
Aý gün geçip durdy
Aýşat Ataş bilen gunde jaňlaşyp gunde linede gepleşýardi.
Ataş ony ýekesiredenokdy. Ilkinji tanyşlygyn ýatlap, her gün güldurip alýardy. Kakowyň el çek şu gyzdan menä gorkýanlaý şu gyzdan diýen gurruňini ýatlaýardy.
Aýşat toýdan soň kän wagt geçirman hamyla boldy.
Bu hawary eşden Ataş uçaýjak boldy
Aýşadyň çagasy bolmaly wagty ýakynlaşýardy, ýöne Ataşyň gelmegine ýene bir aý töwerek wagt bardy
Şu aýyň 11.06.2016 ýyl güni ,aldym berdime salyp barýan Aýşady çaga dogulýan bölüme getirdiler.
Birinji göwrellik bolansoň Aýşat gorkman hem duranokdy.
Çaga dogmaly wagty bir iki gün geçipdir eken, togy tutmansoň hassahana barladaly diýip getirlende USB - gynyň netijesi boýunça wagtyndan giçki dogruma gabat gelýardi
Derrew lukmanlar emeli togy tutar ýaly sweçka goýdular,aňyrsy 15-20 minudyň içinde ýer bagyrlap çawalanýan Aýşady aldym berdime salyberdi, näme-de bolsa dogrum kadaly ýagdaýda geçdi
Aýyň 11.06.2016ý oguljygy dünýa indi.
Aýşat ene boldy
Gelnine dogrymdan soň gan gerek bolanda Ataşyň dosty Kakow ýetişdi we gerek bolan gany berdi
Kakowdan Aýşatda Ataşda 100 mertebe razydy, kyn günde ,ýeke goýmadygy üçin
Ataş dostyna Aýşat öýe barýanja günde bejeriş lukmanyndan hawar tutyp durmagyny,oguljygyna seretmegi, Aýşada göz gulak bolmagyny tabşyrdy...
Bu bagtly maşgalaň begenje güniniň şatlygyny paýlaşmak üçin, maňa ruhsat beren söýgi wakasyn kagyz ýüzine geçirmek bagty meniň paýyma düşdi
Ataş aýyň 15.07 2016ý doly okuwyn dynyp eli diplomly gelmeli, heniz oguljygyn görenok, diňe suratda gördi
Şu ýerde hekaýajym tamamlaýan we
Ataş+ Aýşat
Oguljygyňyzyň ýaşy uzun bolsun, eliňizde dursyn, goç ýigit bolup ýetişsin, enesine atasyna rakyply ýigit bolyp maňlaýňyzdan diresin, size söýeg bolup ýetişsin!
Ýene bir gezek ýaşy uzyn bolsun, jany sag bolsun!?
Nowça


96

12

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Wrestling [off]
  Peýdaňa ýok, azaryň bir degmesin)
 30.07.2024 / 13:45

+0

Tüweleme, illeňkä şeýdip bolaýýa))
Gowy eken


Täzeje
 (30.07.2024 / 14:10) 

Wrestling, doymadnymy garyzdan

 Täzeje
 Maxrim_mv [off]
  Iki gozum yolda (Elvinim'm💂‍♂️💋)
 30.07.2024 / 18:34

+0

gouu eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика