Çekinjeňlik (hekaýa)
Özümiziňki Gerceknazar [off] 30.07.2024 / 14:13 Haýat kisa , ani ýaşa.
Hanha Aýnabat gaýradan ýuwaş ädimler bilen gyssanman ýöräp gelýär. Egnindäki ýaşyl köýnegi oňa hasam gowy gelişýärdi. Şatlyk hasam onuň iki tarapyna örülip göýberilen garaja saçlaryny halaýardy. Aýnabat , Şatlygyň ýanyna barha golaýlaýardy özem ýeközi . Şatlyk aljyrady. Onuň ýanyna baryp içine sygmadyk duýgularyny aýtmak isledi, ýöne nädip aýtmaly ? Ol Aýnabadyň her bir hereketini sypdyrman synlaýardy. Onuň daşyndan bolup durşuny göreniňde kimdir birine garaşýana meňzeýärdi. Dogry , ol hakykatdanam garaşýardy. Ol öz bagtyna garaşýardy . Şool ýuwaşjadan ýöräp gelýän perizadyň öz bagty bolaryna garaşýardy . Ine-de ol geldi. Şatlyk zordan :
-Gowymy Aýnabat?! - diýdi. Aýnabat bir enaýy ýylgyryp:
-Ýagşy , Şatlyk özüň gowumy ? -diýdi . Şatlyk eşdiler eşdilmez:
-Ýagşy -diýip ýetişdi. Ilkinji söhbetdeşlik bary-ýogy şulardan ybarat boldy.Şatlyk ýene-de bir zatlar aýtjak bolanynda jaň kakyldy. Aýnabat jaň sesini eşidip okuwçylaryň hatara durýan ýerine ýöräp başlady. Şatlyk hem onuň yzyndan ýöredi. Okuwçylaryň hemmesem öz durmaly ýerinde hatara düzülişip başladylar.Şatlyk bilen Aýnabadyň ikisem bir klasda okaýardylar.Şatlyk bir zatlar ýadyna düşen ýaly birden yzyna seretdi. Aýnabat Aý ýaly bolup , beýliki gyz klasdaşlaryndan saýlanyp durdy. "Tüýs maňa mynasyp gyz eken-dä" diýip öz içinden oýlanyp, öz-özi ýylgyrdy."Boýymyzam laýjak" . Birinji sapak türkmen dili bolmalydy . Okuw müdiri Mahym , Şatlygyň ýanyna golaýlap:
-Ýedinji "B" klas, türkmen dili - diýeninden Şatlyk , Meret mugallymyň klasyna tarap ýöredi. Klas açyk , Meret mugallym hem öz ýerinde hat ýazyp otyrdy.Okuwçylaryň hersi öz partasyna geçip oturdylar. Şatlyk birinji klasdan bäri Aýnabat bilen bir partada oturýardy. Sapak başlansa başlandam welin bu gün Şatlygyň sapak bilen seri bolmady. Onuň bar arzuwy Aýnabat bilen gürleşmek, öz ýüregindäki duýgularyny aýtmak boldy. Nädip aýtmaly , nähili aýtmaly ? Şu sowallara jogap tapýança ol öz-özüni kän gynady. Ol Aýnabada bolan päk söýgüsini ýüreginde göterip kän gezdi. Gezdigiçe onuň ýygralygy artdy. Soňky döwürler ol Aýnabatdan hasam utanyp , çekinip başlady.Ýöne ony nähilem bolsa bir zat edip aýtmalydy. Şu wagta çenli ol Aýnabat başga biri bilen söýüşýär diýip eşitmändi.Şonda-da her niçigem bolsa söýýän gyzyňa söýgüňi duýdyrmalydy...
Şol günden soň birnäçe gün geçdi. Indi Şatlyk gursagyndaky duýgularyny hat üsti bilen Aýnabada beýan etmek isleýardi. Emma ol duýgylary nähili beýan etjegini bilmän ençe wagtlap oýlanyp , özbaşdak hyýal ýüwrip ýaşaýardy. Ahyry ol jana-jan dosty Ýegen bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwdi. Bir gün ol Ýegen bilen ikiçäp futbol oýnamaga barýarkalar , ýol ugryna dostuna içini dökdi.
-Dost hiç kime aýtmasaň saňa bir zat aýtmakçy.
Ýegen "Hiç kime aýtmasaň" sözlerine doly we dogry düşünip , göýä hiç açylmadyk açyşyň, heniz okalmadyk syrly kitabyň üstünden baran ýaly ýüzi ýagtylyp gitdi.
-Aýdyber dost,hiç kime aýtman
Şatlyk ýaýdana-ýaýdana ýürek syrlaryny çagalyk dostuna beýan etdi.
-Neme , bir gyza salam hat ýazjak bolýanda
-Kim o gyz ?- diýip Ýegen jikgerildi.
-Klasdaşymlaý, Aýnabat
- Hä şü orta boýly , gara saçly gyzmy ?
-Howwa şol
-Ýazarys dost , näme ýazman
-Men-ä näme ýazjagymam bilemok
-Hezilä dost- diýip Ýegen maslahatlaryna başlady .
-Gyzlar esasy dogumly oglanlary halaýarlar. Olaryň özlerem senden beter söýgä mätäç . Sen gowsy dost, ony ikiçäk duşuşyga çagyr, ine gyzlaň halaýan zady.
Ýegeniň maslahatlary Şatlygyň göwnüni galkyndyrdy. Ol edil şu pursat Aýnabadyň elinden tutup , gülüşip , gürleşip duranyny hyýalyna getirdi. Soňra ol Aýnabada täze ýazan goşgusyny okap berdi. Aýnabat goşguny diňläp , gyzaryp aşak seretdi. Şatlyk süýji-süýji hyýallara bir pursatlyk çümüp çykdy. Şol günüň özünde ol Aýnabada salam haty ýazyp başlady .
Salam haty
Salam Aýnabat , gowymy ýagdaýlaryň?! Dogrymy aýtsam men seni ençe wagtdan bäri gowy görýän . Ýöne şu wagta çenli çekinip söýgümi saňa aýdyp bilmän ýördüm. Aýnabat men seni söýýän .
Şatlyk salam hatynyň yzyny şu goşgular bilen dowam etdirdi.
Nagyşlap, nagyşlap ýazýaryn haty,
Çyzylmasyn , ýyrtylmasyn bir çeti,
Ezizim söýýärin , söýýärin gaty,
Söýýärin diýsemde öýkelemegin.
Ot bolup tutaşgyn, tüsselemegin,
Şat bolgun kalbyňy gussalamagyn,
Hiç haçan ýamanlyk desselemegin,
Söýýärin diýsemde öýkelemegin .
Soňra Şatlyk haty ikä epledide bukja saldy. Bu haty hökmany ýagdaýda öz eýesine gowşurmalydy. Ol Aýnabadyň jorasy Asaldan "Şu gün Aýnabadyň doglan güni " diýenini ýatlap , oňa sowgat bilen haty gowşurmagy ýüregine düwüpdi. Şol günüň özünde mekdepde arakesmede Şatlyk hut özi Aýnabadyň ýanyna gelip:
-Aýnabat doglan günüň gutly bolsun - diýip oňa sowgadyny we ýany bilen salam hatyny gowşurdy. Şol wagt Aýnabat şeýle bir begenip, Şatlygy gujaklasy geldi. Emma gyz haýasy ony bu hereketlerden saklady.
-Sag boluň Şatlyk. Sen-ä meni diýseň Şatlandyrdyň- diýip partadaşyna minnetdar bildirdi. Şatlyk şol wagt:
-Ýöne sowgady öýüňe baryp açmalydyr - diýip sowgadyň içindäki salam haty beýleki klasdaşlaryndan gizlemek isledi. Aýnabat :
-Bolýar - diýip ullakan sowgady partasynyň üstünde goýdy. Indi Şatlyga Aýnabatdan geljek jogaba garaşaýmak galdy.
(Soňy)
Aýnabat doglan günüň gutly bolsun ! Ýaşyň uzyn , janyň sag , maşgalaň abat bolsyn. Parahat , bagtyýar watanymyzda elmydama arkaýyn , bagtyýar ýaşa. Şu hekaýada doglan güniňe menden sowgat bolsun. Ýöne hekaýadaky hemme wakalar fantaziýadyr gaty görmersiňiz diýip umyt edýän.
Ömrüň süýji datly bolsun Aýnabat ,
Doglan günüň gutly bolsun Aýnabat.
© Gerçeknazar Amannazarow.
Teswirler:
Täzeje Yegen [off] 30.07.2024 / 15:21+0aynabatjan bagtly bol
Premium BAYOGUL [off] Aldamak aňsat biz ýaly sadalary 30.07.2024 / 17:05+1Oooo mlds gowy bolupdur ellerne saglyk seydip tazelikler cykaryp dur
Premium BAYOGUL [off] Aldamak aňsat biz ýaly sadalary 30.07.2024 / 17:22+0Kaska su hekaya yaly hemmezat cyn bolaysadyda
Premium BAYOGUL [off] Aldamak aňsat biz ýaly sadalary 30.07.2024 / 17:23+0Sagbol dos gowy bolupdyr ellerni saglyk minetdar men icki pikrimi okap bilipsin
Özümiziňki Arzuw [off] "Sen benim yoldaşım, mutluluğum, huzurumsun..." 30.07.2024 / 18:05+0hemme sözlemiň soňy dy, di bilen gutarýa aýtdy diýdi okyjyny ýadatýa
Aýnabat saýtdaş uzak ýaşa bagtly gyzlaň biri bol
ÖzümiziňkiGerceknazar (30.07.2024 / 18:17) Arzuw, gowy bellikleriňiz üçin minnetdar. Siz gyzmy ýa-da oglan ?
ÖzümiziňkiArzuw (30.07.2024 / 18:18) Gerceknazar, daşyndan seredeňizde haýsyna meňzeýän
ÖzümiziňkiGerceknazar (30.07.2024 / 20:54) Arzuw, awataryňdaky öz suratyňmy?
ÖzümiziňkiArzuw (31.07.2024 / 02:17) Gerceknazar, howwa
Özümiziňki Diamante_08 [off] Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım.... 30.07.2024 / 18:32+0okamana yaltanyan seryozno yöne okasym gelyä)
ÖzümiziňkiAynabat (31.07.2024 / 10:15) Diamante_08, gulip yykylyp ýatarsyň wara oka
ÖzümiziňkiDiamante (31.07.2024 / 16:39) Aynabat, ähä
Soňky teswirler
Ejeme hat.
Goşga gowy eken haladym
Ady ýaly gysgalybiýr, at çapar.
Şu setire düşünmejek boldym.
Awtora Ustünlik ýetirenler sagbolsun!...
dowamy...