Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Relax : Durmuşda hemişe özümize degişli bolan zady biziň özümize satýarlar.#setdars

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Üýtgeýär
 Gytyndan
 yurekdes [off]
 31.07.2024 / 14:15
 "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"

"Üýtgemezmiş" diýme ynsan ogluna,
Aylar, günler geçip ýyllar üýtgeýär.
Zat görmedik gözi düşende pula,
Nebsinden daş düşüp, gullar üýtgeýär.

Her kim yaşap bilmez bir erki bilen,
Durmuş bizi oynar mün görki bilen.
Garybyn serpaýy şol durky bilen,
Baylara gowşurlan güller üýtgeýär.

Barlyk, baylyk näme?

Dünye bize yat...
Bilini berk guşap, yaşa adamzat,
Şan-şöhrat, wezipe geldi-geçer zat,
Kagyza goyulan gollar üytgeýär.

"Serçäni hem gassap soysa yagsydyr",
Sesi gaynap, bişen adam bagsydyr.
Kärinin ussady ömrün nagsydyr,
Cyn dayhana duşsa çöller uytgeýär.

Höwürtgä dönýändir guş nirä uçsa,
Öz düýbüne gaçýar, dagdan daş gaçsa. Emma ikije gün serhetden geçse,
Edep-ekram, ene diller üýtgeýär.

Indi adam azmak bilen meşguldyr,
Kim syrtyn bulasa, şolam meşhurdyr.
Cyn zehinler sönmeklige mejburdyr,
Yüreklere barýan ýollar üýtgeýär.

Ya Allam! Dolýança ömrün depderi,
Pälimi, dinimi üýtgetmäweri!
Gepimin in kelte, in agyr yeri,
Üýtgemäge mejbur däller üýtgeýär.


139

6

2

1

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 02.08.2024 / 08:57

+0

Munda-da şeýle, laýk hem ýok teswirem.


Gytyndan
yurekdes  (02.08.2024 / 11:57) 

BAY-HAN, ay borla zyyany yok

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 02.08.2024 / 09:28

+0

üýtgäp gidip otyr....


Gytyndan
yurekdes  (02.08.2024 / 11:57) 

Aynabat, da?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика