Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
King-official : aşk gitme sev beni birakma vedalaşma demekdir #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Men üýtgemen
 Täzeje
 Soho [off]
 09.08.2024 / 13:08

Men üýtgemen...
Ýok, men üýtgemen
Aslynda hiç zadam bolmaz
Biraz üýtgesem.
Adamlar gaty görýär,
Hakykaty gürleseň.
Adamlar ýumşak görýär,
Aýalyňy diňleseň.
Adamlar gowşak görýär,
Sylag bilen ýüzlenseň.
Başymdan sowjak bolýan
Hemmesini.
Gizlensem -
Muň ýeke sebäbi şol.
Ýakynyma gelme,
Okalsada tebärek dost.
Dünýeden aýrylmak,
Meň üçin ýeke çäre dost.
Tapylar dost,
Atmana üstüme çäge dost.
Ýo ýalňyş pikir etme dost,
Biz entegem dost.
Dost sözüni adamlar,
Adyňy bilmese ýa
Nätanyş bolsaň ulanýar.
Bu sözüň hakyky manysy
Şo bolaýmasa diýýän men-ä.
Şo "dost" sözüne
Haas öwrenişdi gulagym eýýäm.
Bilýän belki döwür şeýle,
Belki höwür şeýle.
Dostluk ölüpdir,
Oňa indi dikmeli heýkel.
Dostluk näme eýsem!?
Doganlyk dälmi eýsem!?
Meňki ýalňyş näme diýsem,
Seňki dogry näme diýseň,
Dolanýançak bi:ze...

Ýok, men üýtgemen,
Aslynda hiç zadam bolmaz
biraz üýtgesem.
Başlasam surata düşüp,
Paýlaşyp günde hem.
Goý meň aýalyma-da
Baha bersin erkekler,
Beýlekiler edýär-ä.
Başlasam toýlara çykyp,
Çalt gazanjak bolup,
Başym aýlaýarmyka dünýä,
Sallançak bolup.
Çykarsam nädýä günde aýdym,
Halanjak bolup.
Sözlerimi üýtgedip,
Hemme kişä ýaranjak bolup hä?
Etsin daşymdakylar
Ýalançy gülküsin.
Goý, ýüzüme ýylgyransoň,
Arkamdan gürlesin,
Bulaňa köpüsi şonýaly.
Bular düşünenok,
Nädip bularsyz oňýanym.
Bular doňmasa,
Gürlemäne gepem tapanok.
Iki sözi baglamaga,
Sepem tapanok.
Bulaň bary bela,
Ýöne bulaň sapy ýok.
Bary kelläme girjek,
Gapysyny tapanok.
Seret ýakynyrak,
Bu suratlarda görýänleriňizem
Hakyky däl.
Bular diňe,
Surat alynanda ýylgyrýar.
Ýalançy gülküler,
Ýaşyl hem gülgüne.
Bulaň daşlary ak,
Içleri kirlenen.
Bulaň başlary gar,
Beýnisi ýellenen.
Köpsi aýda gazanýanyn,
Sowýa hepde-de,
Olam eşige.
Bulaňky diňe geplemek,
Meşhurlygyňy bir ýere sok -
Ik-ä eplede.

Syke Däli


146

15

4

2

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 10.08.2024 / 08:09

+0

Bravo!Haysy aydymy syke dali niñ?

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 10.08.2024 / 10:23

+0

Köne arhiw aýdymlarynyň biri Däli Dädäniň

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 11.08.2024 / 10:33

+0

Sozleri gowy ekeni ??

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 11.08.2024 / 10:52

+0

Haladm mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gülkünç wakajyklar


gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Brend (Şugün, 20:00)

Şu gün bagra bas ejeňi


Gosgy gaty ussatlyk bn yazylan! Tuweleme awtory!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Daniel (Şugün, 18:41)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Erbet däl gowy mysal, Hülle näme bilýäňizmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Brend (Şugün, 17:09)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Waýeý...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Dunyodagi (Şugün, 16:59)

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика