Ýürekdeş sözler!
Relax : Hiç zady unutmazlyk hemme zada düşünmekligi talap edýär.
Soygi gosgusy
Premium
BAYOGUL [on] 09.08.2024 / 13:10
Sen ýaşaýyş, sen meň dem alýan howam,
Sen zikrim - pikirim, dilimde dogam,
Ýurdym şäherim hem-de etrap obam,
Sen barkaň, ýaşaýşym edip dur dowam.
Sen päkize gözbaş, sen akar çeşme,
Sen söýgi, meň kalbym ugruňda teşne,
Meň başyma gelen iň gowy zat sen,
Bezeg berdiň, sensiň ömrüme keşde.
Sen dag-dere, köl-çöl, sen deňiz-umman,
Adyň tesbi deýin sanaýan durman,
Güýçli tüweleý sen, bilinmez duman,
Sen ýerdäki hüýr - perişdesi Allaň.
Sen hakykat, sen meň akylym - huşum,
Sen Sumrugym, Kaknusym, tawus guşum,
Sen bagt, hiç sensiz geçmez durmuşym,
Sen şugla, tümlükde meniň ýoldaşym.
Sen yşyk, aýdyňladýarsyň bu köşgi,
Sen melek, sendedir päkligiň keşbi,
Älem titrär duýsa sendäki yşky,
Sen aýdym, hoş owaz, sazsyň hem goşgy.
Sen başlangyç, dowamatym hem soňum,
Sen gije - gündüzim, şapagym-daňym,
Badalgamsyň, sen röwşen nurly ýaňym,
Sen şatlyk, çalýarsyň köňlümiň jaňyn.
Sen ähli ýyldyzlaň üýşen jemaly,
Sen säher wagtynyň sergin şemaly,
Seniň özüň aýratyn bir älemsiň,
Edil meniň üçin bar bolmuş ýaly.
Sen zöhre ýyldyzy, däl ömürzaýa,
Sen gün, meňzeýärsiň ýerdäki aýa,
Teşnedirin saňa, köňlüm guraklyk,
Sen bulut, gel haýyş sal maňa saýa.
Sen nur, ýagty jahan senden ybarat,
Sen iň gözel köşk, beýik ymarat,
Eger bu dünýäde gözellik bolsa,
Şoldur seniň barlygyňa yşarat.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk