Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
imissyou : Dünýäde ondan başga hiç kim ýok ýaly hereket etýärsiň diýýäler.Dünýa hakda bilemok ýöne men dünýämde ondan başga hiç kim ýok! #imissyou

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Oýarmañ
 Täzeje
 Ahmet [off]
 12.08.2024 / 22:36

Oýarmaň

Ýene agyr degýär tapyp yitirmek,
Bu zatlaryň düýşdügini nä biljek.
Heý bolmasa oýanjakmy diýsene,
Şol bar ýerde gaflatda-da säginjek.

Uzakyly gün güňe dönüp gezilýär,
Aňlap ýene şol zatlaryň düýşdigin.
Şonsuz täleýimden gidesim gelýär,
Bilsem-de wah, çykmaz ýola düşdügim.

Mertligiň çäginden geçip bir pursat,
Möňňürip-möňňürip aglasym gelýär.
Ýatlamalaň alawyna kalbymy,
Ýaksam-da çoýunyp çaglasym gelýär.

Külüň sowrup ýatlajagmy bilsem-de,
Gaharyma hyýalymdan ýakýaryn.
Ukysyz gözlerme erkim ýöredip,
Ýene keşbiň görmek üçin ýatýaryn...

Çytyk gaşlam biraz gowşaşan bolsa,
Soluk ýüzüm oňküden has nurlansa.
Buýra saçlyň dergähinde şo mahal,
Bulaşyk ykbalym biraz durlansa.

Bolmajak arzuwyň wysal wagtynda,
Reňksiz ömrüm gül keşbine boýalman.
Men özüm bu düýşden oýanman asla,
Haýyş edýän sizem meni oýarmaň.

Ahmet Arazow


140

22

4

3

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
 13.08.2024 / 22:21

+0

Ahmet, salam. Seni bu yerlerde gormek gowy. Senem su bir gyza asyk bolsan bar gosgynda wasp edyandeyt. Öñ-ä garayagyz gyz is boldy, indem buyra sacly gyz


Täzeje
 (13.08.2024 / 22:24) 

Belki, bu nemä däldirdä ýazgyt bilen ýaka tutuşýan Ahmet akgama däldir hä?


Premium
Belki  (13.08.2024 / 22:27) 

Agzamen, yo oñ familiyasy basga. Bu meñ dasoguzly galamdas dostum.


Täzeje
 (13.08.2024 / 22:29) 

Belki, hümm.
Daşowuzzymy


Premium
Belki  (13.08.2024 / 22:50) 

Agzamen, yes?


Täzeje
Ahmet  (14.08.2024 / 09:19) 

Belki,


Täzeje
Ahmet  (14.08.2024 / 09:21) 

Belki, Salam. Gowymysyñyz. Aý, ýazmasam ylham goýanok diýeýin-le.?

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
 13.08.2024 / 22:44

+0

Salam mumkin bolsa gosgularnyzy yygy yygy paylasyp durayyn men sizin gosgylarnyzy soyup okayan


Täzeje
Ahmet  (14.08.2024 / 09:47) 

yurekdes, Salam, gowymysyñyz. Nesip bolsa.

 Gytyndan
 Baron [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 14.08.2024 / 06:36

+1

Ahmet mugallym Arazow, gowumy ýagdaýlar?


Täzeje
Ahmet  (14.08.2024 / 09:46) 

Baron, Gowy sen nahili


Gytyndan
Pegas  (14.08.2024 / 10:05) 

Ahmet,ajaýyp. Sapa Hommat men.

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 14.08.2024 / 06:53

+0

Munkin bolsa sahyrmy siz

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ömrüm hakda oýlanyp....


Özüň ýazdyňmy?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
Brend (Düýn, 23:38)

Ömrüm hakda oýlanyp....


Hay♀️ adymy yazmagyn deregine gowumy diyipdirna. Bagyshla♀️😁 Gulia men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
rexha (Düýn, 21:20)

Ömrüm hakda oýlanyp....


Gechip gidip barya bu omur.......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
rexha (Düýn, 21:16)

Ömrüm hakda oýlanyp....


Nachinji yyl sen...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
rexha (Düýn, 21:14)

Wah,biz esekler...


MMMbähhh, herhili zat okajagow diýänä....dowamy...
Degişmeler älemi | Wah,biz esekler...
Fantom (Düýn, 21:12)

Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri


Bah uytgesik eken bula...dowamy...
Erkin mowzuklar | Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri
Sebap (Düýn, 20:42)

Wah,biz esekler...


Awtory haýsy eşekkä diýesim gelipdur ,(kemsitmek üçin däl, edil eşek bolup ýazypdyr) ...dowamy...
Degişmeler älemi | Wah,biz esekler...
Brend (Düýn, 20:40)

Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri


Şuny nädip terjime edeniňizi aýdaýsaňyz? Näme programmany ulandyňyz?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri
Fantom (Düýn, 19:31)

Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam


Gülmek Ölümden...dowamy...
Degişmeler älemi | Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam:)
Madelyo (Düýn, 17:37)

Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)


Terjime edenlerinde azajyk säwlikler bar “Alla birdir, ol Biribardyr” şu terjime tersiräkdir, "Lä Ilaha Illallah" diýýär, ýagny beý diýilmek, "Al...dowamy...
Erkin mowzuklar | Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)
Brend (Düýn, 15:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика