Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Men şeýle adam saňa gereksiz, sen şeýle adam emma ýüreksiz!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bägülli ýigit
 Täzeje
 Luckyboy [off]
 12.08.2024 / 22:51
 Trust Yourself

Bazardan gelýärin. Elimde sebet,
Sebedimiň içi pomidor, kelem,
Kartoşka, badamjan...
Duralga çenli
Gurady aýaklam,
Guruşdy ellem.

Şonda-da dyrjaşyp bar güýjüm bilen
Bazardan çykýan-da duralga ýetýän.
Duralgaň öň ýanda – kiçijik dükan,
Kiçijigem bolsa – içinde et kän.

Ondanam bir budy sebede atýan...
Awtobusa münýän. Sagynýan sakga.
Keýwany «Bir düzüm gyzyl burç getir!»
Diýipdi ahbetin. – Haý, şofýor, sakla!
Awtobusy sakla! – Näme, ýaşuly?
– Aý, neme... gyzyl burç
çykypdyr ýatdan...
Näme diýýänimi aňşyrmasa-da,
Gowy ýigit eken. Geçdi-de ýapdan,
Maşyny togtatdy. Açyldy işik,
Menem derrew bökdüm. Aslyşdy sebet.
Bir aýal yzymdan gygyryp galdy:
«Bu şlýapaň bolup ýörşüne seret!
Bir gün unaşyňy burçsuz içeňde.
Geçmez öýtdüňmi sen
bokurdagyňdan?!»
Awtobusyň içi sarsdy-da gitdi.
Burç söýmez adamlaň pakyrdysyndan.

Menem hüňürdedim: «Gülüpler geçiň,
Öýe gyzyl burçsuz barmajagym hak.
Keýwanyň buýrugy – meň üçin kanun:
Burç getir diýdimi – burç alyp barjak,
Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak.
Ol meniň öz işim. Size bagly däl.
Onsoňam men siziň äriňiz ýaly,
Ýa ogluňyz ýaly ejemogly däl!..»

Şeýdip öz-özüme teselli berip,
Bazaryň çetinden ätledim ýene.
Şeýle bir burçlar bar, köz ýaly burçlar
– Essalawmaleýkim, burç satýan ene!
Burçuňyz ajymy?
– Datdajyk göräý.
Edil zirk ýalydyr.
– Sagja bol, mama.
Ozalam öt ýaly agzymyň içi.
Keýwanyňkam ýetik. Wah, seňki näme!

...Kelemli, käşirli, soganly, burçly
Bir putluk sebede kertdirip elim,
Bazardan saýlandym, giň köçä çykdym.
Köçe durşy bile gyz bilen gelin.

Garşymdan gyssanyp bir ýigit gelýär.
Garagyýçak ýigit, dogumly ýigit.
Bir maralyň ýanna howlugyp barýar
Gujagy bir harman bägülli ýigit.

Şeýle bir, şeýle bir gyssanýar ýigit,
Onda-da şeýle bir gyssanyp gelýär.
Göýä bägüline bakýanlardanam
Bägüliniň ysyn gysganyp gelýär.

Wah, nämä gyssanýaň, bägülli ýigit?
Wah, beýle gyssanmak nämäňe gerek?
Ýa-da eliňdäki bägüle derek
Sebediňi kartoşkadan dolduryp,
Gyzyl burçdan (we başgadan) dolduryp
Gitmeli günlerňe gyssanýarmyň sen?
Wah, nämä gyssanýaň,
Bägülli ýigit?
***
Kerim Gurbannepesow


152

16

1

3

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 brauzer_2008 [off]
  ?
 12.08.2024 / 22:54

+0

Gou kapyalapdyrlar


Täzeje
 (13.08.2024 / 18:57) 

brauzer_2008, kapýaň nänzatdygyn bilýäňmi?


Täzeje
brauzer_2008  (13.08.2024 / 20:16) 

Agzamen, ey gelisdirip aytmakmykayyn ;sen bilyañmi


Täzeje
 (13.08.2024 / 20:17) 

brauzer_2008, bilýänmikäk diýiba ýörüs

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ömrüm hakda oýlanyp....


Özüň ýazdyňmy?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
Brend (Düýn, 23:38)

Ömrüm hakda oýlanyp....


Hay♀️ adymy yazmagyn deregine gowumy diyipdirna. Bagyshla♀️😁 Gulia men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
rexha (Düýn, 21:20)

Ömrüm hakda oýlanyp....


Gechip gidip barya bu omur.......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
rexha (Düýn, 21:16)

Ömrüm hakda oýlanyp....


Nachinji yyl sen...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ömrüm hakda oýlanyp....
rexha (Düýn, 21:14)

Wah,biz esekler...


MMMbähhh, herhili zat okajagow diýänä....dowamy...
Degişmeler älemi | Wah,biz esekler...
Fantom (Düýn, 21:12)

Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri


Bah uytgesik eken bula...dowamy...
Erkin mowzuklar | Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri
Sebap (Düýn, 20:42)

Wah,biz esekler...


Awtory haýsy eşekkä diýesim gelipdur ,(kemsitmek üçin däl, edil eşek bolup ýazypdyr) ...dowamy...
Degişmeler älemi | Wah,biz esekler...
Brend (Düýn, 20:40)

Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri


Şuny nädip terjime edeniňizi aýdaýsaňyz? Näme programmany ulandyňyz?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Braziliýada gyzlar we aýallar şäheri
Fantom (Düýn, 19:31)

Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam


Gülmek Ölümden...dowamy...
Degişmeler älemi | Gülmek ömürdendir. Gadyrlylam:)
Madelyo (Düýn, 17:37)

Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)


Terjime edenlerinde azajyk säwlikler bar “Alla birdir, ol Biribardyr” şu terjime tersiräkdir, "Lä Ilaha Illallah" diýýär, ýagny beý diýilmek, "Al...dowamy...
Erkin mowzuklar | Musulmanlara edilen zulumlar(9-njy bölim)
Brend (Düýn, 15:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика