Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | SAÝT BARADA | Saýt täzelikleri

Birnäçe profilden gelmek
Premium
 Admin [on]
 27.08.2024 / 10:39
 Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!

Salam hormatly agzalar. Biz öz toparymyz bilen maslahatlaşyp bir netijä geldik. Indi şu günden başlap her bir agza birnäçe niklerden girmäge hukugy bar. Teklipleriňizi pikirlerde galdyryp bilersiňiz.

358

53

30

4

0

1

3
Mowzugy vip edenler:
Admin - 50 sagat vip etdi!
(27.08.2024 / 10:39)
Teswirler:
 Gerekli
 Baron [1m]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 27.08.2024 / 10:40

+1

Näme sebäpden beýle netijä geldiňiz? Peýdalary näme?

 Gerekli
 Baron [1m]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 27.08.2024 / 10:44

+3

Birnäçe nikden girýänler öňem az däldir welin, indi aç-açanlyk bolsa, eňňere bolar bäri. Würreý bolar. Has hem manysyzlaşar. Hil galmaz, diňe sana kowalaşylar. Beýle zada rugsat bermeli däl, даже öňki köp nik ulanýanlaryňam birinden artykmajyny ýok etmeli. Meň pikirimem şeýle, teklibimem şeýle.

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 27.08.2024 / 10:55

+0

aý olam birhili bolupdyr.Öňki ,,sen iki nikden gelýäň,,diyilen
yalanlar,uruşlar biderejik ekenä

 Premium
 BAYOGUL [off]
  С новым годом с праздником
 27.08.2024 / 11:07

+1

Bu teklip bilena razylasyp bolmaz bir adama bir nik yetikmika diyyan mena

 Täzeje
 Boniya [off]
 27.08.2024 / 11:13

+1

Käwagt bir zady gadagan etseň , adam şony beter edesi gelýär orslarda “zapretnyý plod sladen” diýip nakyl bar , belki açaçanlyk bolsa kän erbedem bolmaz , köp niklilik bolar elbetde ýöne gadagan edilendäki ýaly köp bolmaz diýýän menä.


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 11:17) 

Boniya, bolgusyz mowzuklar, bolgusyz teswirler köpeler. Sanyny köpeltjek bolup. Soňam beýleki niklerinden gelip, ýaňky mowzuklary, teswirleri plýuslajak bolup ber-başagaý bolarlar. Hil galmaz.


Täzeje
Boniya  (27.08.2024 / 11:21) 

Baron, ertir.coma giren bolsaň bilýänsiň gadagançylyk ýokdy. Şonda-da gowy teswirler bardy , o seniň diýýäniň pokoleniýanyň nähili ösenligimikä


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 11:23) 

Boniya, ertir.com agzalary bilen deňeşdirýäňmi bärdäkileri?!


Täzeje
Boniya  (27.08.2024 / 11:24) 

Baronertircomdakylaram şularyň ýaşyndady


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 11:27) 

Boniya, "Akyl ýaşda däl, başda". Bulaň ýaşynda men eýýäm ýüzlerçe kitap okapdym. 1000 töweregi kitabym bardy. Garaz, sowatlydy biziň pokoleniýamyz. Bulaň köpüsi norm bir sözlem düzüp bilenok. Bir kitaby doly okan bir barmyka?!


Täzeje
Красавчик  (28.08.2024 / 22:45) 

Baron, hawa bar ha problema barmy


Täzeje
Maksat  (29.08.2024 / 01:20) 

Baron, 100yasadynmy sen


Gerekli
Baron  (29.08.2024 / 10:27) 

Maksat, hawa. Indiki ýyl 101 ýaşaýan.

 Premium
 Belki [off]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 27.08.2024 / 11:53

+1

Goldamok!!!


Öwreniji
Akademik2  (27.08.2024 / 16:37) 

Belki, godayaow

 Täzeje
 Bulvar [off]
  Işiñz bolmasn
 27.08.2024 / 12:16

+0

Bilmedimdä

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 27.08.2024 / 12:23

+0

Kellä geyişlik bolar

 Täzeje
 Zehinli [off]
  Senin degerini bilmeyenler olur, Ama o sen olma !
 27.08.2024 / 12:23

+0

Öňki 2 nikden girdiň diýip BAN berilenleri BAN dan açýanmy?
Açsaň has gowy bolar.

Gowy netije MALADES BEREKELLA

 Täzeje
 Zehinli [off]
  Senin degerini bilmeyenler olur, Ama o sen olma !
 27.08.2024 / 12:25

+0

Menä Elmydama Goldaýan

 Täzeje
 Bibim [off]
 27.08.2024 / 12:32

+0

Bir adama bir nik bolya


Täzeje
Zehinli  (27.08.2024 / 12:38) 

Bibim, 3 nik bolýa


Täzeje
Bibim  (27.08.2024 / 13:09) 

Zehinli, nm ucn sen bir adama


Täzeje
pandam  (28.08.2024 / 22:44) 

Bibim, a onnda nm sende kop

 Täzeje
 Matak [off]
 27.08.2024 / 13:05

+1

Bizden teklip soramankaň, Ilki özüň näme üçin şu karara geleniňi düşündirmeli. Beýdilmeginden maksat näme?


Täzeje
Tiidaly  (27.08.2024 / 17:17) 

Matak, wooo maladis seni gollayan adminiñ ozune sorag???

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 27.08.2024 / 13:45

+0

Menem bu pikiri goldamok.Häli 1 nikden gireniň-de ýeterlik bolýara.4-5-sany Nikden girilse belli däl näme boljagy
Gaýtam 2 sany Nikden girýänlerem banlamay

 Gerekli
 Agzamen [13s]
  ☪️🇹🇲
 27.08.2024 / 16:25

+1

Goldamok menem.
Çatda-da bir kişiniň birnäçe däl ýüznäçelerçe niki bar. Bu ýeriniňem şondan kemi galmaz. Soňam ýokarda aýdanlaram bar ekeni bir kişi mowzuk açyp onam köp like-lajak bolubam ýene birgiden nik açarlar.

Iň gowusy 2 nik bilen galsalar gowy.
2 nik diýenimiň sebäpleri bar özüniň.
2 nikdenem diňe birini aktiw ulansalar jiňkildäp bir ol nikinden bir beýleki nikinden gelmäni normalny bolup ulansalar rugsat berilse bolýar.
Diňe nähak ban alan bir agza bar bolsa 2nji nikinden gelip hakyny talap etmekleri üçin!

 Gerekli
 Agzamen [13s]
  ☪️🇹🇲
 27.08.2024 / 16:30

+1

Onsaňam teklip bar admin, niki bir sapar açanyňdan soň nik adyny üýtgedip bolanok. Adminstrasiýa üýtgedip berýär ýöne agzanyň özi erkin üýtgedip bilenok. Agza bolanlarynda nik atlarynda ýalňyşlyk gidip biler, soň nik atlaryny özleri halamany biler agzalaryň şul sebäplerini düzetmek üçin her bir agza öz nik adyny üýtgedip bilýän edilse gowy bolardy. Diňe birje harp ýalňyş ýazyldy diýip dogry ýazmak üçin täze nik açyp ýörmesin agzalaram.

Elbetde, ball arkaly üýtgedilýän et ýa-da manat bilen üýtgedilýän et, ýok şeýle mugt etseň hasam gowy. (Ball-y ýa-da manatly edilse-de premium hasap ýaly bolmawersin bahasy nik adyny üýtgetmegiň )

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 27.08.2024 / 16:39

+0

Goldamalow

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 27.08.2024 / 17:39

+0

Birnäçe nikçiligiň sebäplerini bir pikirlenip göriň ilki!

1.) Men birnäçe nik ulanyp, bir niklilerden köpüräjik mowzuk açyp bilerin. (Bir nikliler, mowzukda çäklendirilen limidine garaşyp ýatywersinler...)

2.) Teswirlerde we pikirlerde birnäçe nikler arkaly ball, pull gazanyp belli bir nikimiň bezegi üçin mümkinçiligim bolar.

3.) Birnäçe nikli agza bir nikli agza garanyňda dürli täzelikli mowzugy biziň okamagymyza ýetirmegi ahtimal...

Diýmekçi bolan zadyma, öziňiz üns eden bolsaňyz gerek?!
Adminimiz mowzugynda öz peýdasyna bu netijä gelmedigi göze dürtülýär. Şoňa garamazdan teklibe nägile ýoldaşlarmyzyň düşünmediklerini nazarda tutup şolara ýüzlenýän !
Birnäçe niklilik arkaly adminimiziň, planlarça işleri öňkidende açtrjagyny bilip hem bu netijä gelmegi biziň peýdamyza.
Gowy şans ele gelen mahaly ony sypdyrmalyň !
Birnäçe nikliligi gowja pikirlenip ulansaňyz häli ýenede köp peýdasy bardyr (bu pikiri, gara niýete barmagyňyz üçin diýmedim).

,,Birnäçe nikde etjegiňi, bir nikdede edip bolýa..." diýilen pikirli ýoldaşlarmyza !
Meselem men täze agza emma öň giripdim bu ýere. Bu saýt, öňki açylşyndan soň, aralarynda ýapylanlygy üçin hawar tapyp, şu wagt geldim.
Men dukandaky tölegli ýeňilliklerinden peýdalanjak welin mowzuk açaýyn diýsem çäklendirmeli limit-i bar.
Pikirlerde hem bir-entek samakallamagym arkaly1-ball ýa berjek SISTEMA, ýa berjekdäl.
Onnoň iki üç nik arkaly mowzuk açyp, bir nikliniň bir hepdede gazanjak ball-ny iki gûnde gazanyp bilerin.
Beýleki ýoldaşlarymyň açan mowzuklarynda, mowzugyna degşli teswirleri galdyryp, öz belli bir halan profilime birnäçe ball-y gazanyp bilerin.
Düşünene bu ýeňillik diňe biziň peýdamyz üçindir !


Gerekli
Agzamen [13s] (27.08.2024 / 17:57) 

PeRMaN, onaka bolsa men günde bir nik bilen giriberjek agabro saýta her günem azyndan 5-6 ball berilýär. Soňam jemläbem bir 500 ball berýän bolmaly belli bir günden. Meselem 100 sany nikim bar bolsa onda 500×100=50.000 ball 😃

Ýöne gara niýetine ulanjaklar kän bolar. Köp nik açylmaga berlen rugsady


Premium
BAYOGUL  (27.08.2024 / 19:03) 

Agzamen, dogry aytyan dos birnace nik acylsa gara niyetde ulanjak kop bolar


Premium
BAYOGUL  (27.08.2024 / 19:06) 

PeRMaN, menem sul nigimi aprelin birinde acyp sowqgt girip basladym noldan galdym hazir gytyndan diyip dur premiuma pul berip aldym yaltanman gunde bir mowzuk acyp geldim bir nikdenem etse bolya osdurjek bolsan yone bir adam bir nik bolya gosmaja nik bolsa gara niyetde ulanjak adam kop bolya.

 Gerekli
 Agzamen [13s]
  ☪️🇹🇲
 27.08.2024 / 18:06

+1

Indi beýleki tarapyny pikirleneýin.

Ine, men, internetden bir gowja eseri gözläp tapdym, okadym. Soňam pikirlendim. "Bä-ä, gowja ekenäýt, gel men şuny terjime edipjik "Ýürekdeşdäkilerede dadyraýyn" diýdim, soň gözümiň nuruny mawy şöhlä gyrdyryp ýene bir hatar okap çykdym-da terjime etmäge oturdym. Terjimäňem "duzuny, ýagyny" kem etmejek bolup baý kösendim, "Geläýt indi ýürekdeşde goýaýyn, bolaýdy büýä" diýdim-de begene-begene mowzuk açdym.

Ýöne bir seretsem şol birnäçe nikden girenem ýetişbildiginden ball çöplejek bolup mowzuk baryny kopy passsyr edip saýta getirip yňdaryp ýatyr, yňdaryp ýatyr, 10 mowzuk bilen gözi doýanok, 20 mowzuk bilen gözi doýanok. Ball berilýä diýip hasanaklap 50ä golaý mowzuk açdy. 50 sany nikden gelip! Soň meň zähmet çekip, gözümi gyryp eden terjimäm awtobus dyklyşygynda basalanyp galan 5 ýaşly çagajyk ýaly müzzerip galdy hooool bir yzdaky arka sahypalara geçip. Okalmadam, kem ýerem aýdylmady, pikirem alyşylmady, gowy diýenem bolmady, erbet diýenem bolmady. "Ball-yň gurbany bolup, köp nikçiligiň "agzyny ýapyp, kekirdegini gysmagy netijesinde" "ölip gitdi" ne gözel mowzugym...

Ine, şoň üçin "ýaşasynmy köp nikçilik?"

 Gerekli
 Agzamen [13s]
  ☪️🇹🇲
 27.08.2024 / 18:19

+1

Bize ball gerekmi, bezeg gerekmi, bazaryň ala-gohy ýaly her bir agyzly kelläň düşnüksiz çykarýan sesi gerekmi sowatsyz çagajyklaryň has beter sowatsyzlanyp gitmegi gerekmi şu saýta gelip? Şundan haýyr taparsyňyzmy? Hiç hili erbet duýga ýan bermäňde özüňizem bir oýlanyp-ölçerip görüň gadyrdan administrassiýa!

Eger köp nikçilige rugsat berilse akylly başly, ýaşy uly, saýta peýda getirip biläýjek agzalaryň, (siziň diliňizde bu jelegaýlara belet "köne möjekleriň" )saýtdan "gümüne gitsin saýty..." diýip çykyp gitjeklerine kepil geçip bilýärin men!
("Köne möjek" diýemde, hemme, öňden bäri saýtlarda 3-4 ýylyny geçirip ýöne bir peýda bermedik, "gyz yrmaga", "kelle agrysyny ýatyrmaga" gelip ýören tupoý şahsyýetlere degişli däldir "köne möjek" sözi, möjegi beýle kiçeltmäň! şolar ýaly diýesiňiz gelse "garry şagal" diýiň, "köne syrtlan" diýiň, "köpi gören tilki" diýiň...)

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 27.08.2024 / 18:23

+0

Agzameniň teklibine goşulyan nik ady üýtgedip bolsa gowy bolardy özä

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Seniñ űçin


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Seniñ űçin
Atayewa (Şugün, 21:15)

Täze goşgy...


Tűweleme dos. Galamyñ yjy ÿiti bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Täze goşgy...
@menin_dunyam (Şugün, 20:46)

Altynçaýylanşygyrym-laýbu


Ustunlik tuweleme shahyrlygyñy her hili subut edyanmi molodec...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Altynçaýylanşygyrym-laýbu
Tiidaly (Şugün, 19:33)

"Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň..."


Berekella shahyr aga cyn adyñ name...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň..."
Tiidaly (Şugün, 19:28)

"Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň..."


Şu goşguñyza gaty haladym....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň..."
Gerceknazar (Şugün, 18:46)

Ýatar garna ýazylan şygyr-laý


Awtor profiliñizdäki öz suratyñyzmy? Owadan oglan ekeniñiz....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatar garna ýazylan şygyr-laý
Gerceknazar (Şugün, 18:43)

Ýatar garna ýazylan şygyr-laý


Ýatañyzda-da goşgy iýip ýatýañyzmy ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatar garna ýazylan şygyr-laý
Gerceknazar (Şugün, 18:41)

Şahyr, dostum!


Tüweleme şahyr dostuñ ylham berip bilipdir....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şahyr, dostum!
Gerceknazar (Şugün, 18:39)

Şahyr, dostum!


Molodes...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şahyr, dostum!
Kesxa (Şugün, 15:38)

Ýatar garna ýazylan şygyr-laý


Ýatar garna ýazmak kän ýakanok maňaha😁...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýatar garna ýazylan şygyr-laý
Kesxa (Şugün, 15:30)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика