Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Goý mydam hemme adamlar, Ýagşy ýola ätlesinler. Sen dünýäde ýagşylyk et, Ýagşylykda ýatlasynlar @Gerçeknazar

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Söýgi seniň özüň!
 Öwreniji
 Anora [off]
 16.08.2025 / 21:50
 Zin_Zin ツ

Sen söýgi diýilse nämä düşünýäň?
Şeýlebir bilesim gelýär pikiriňi.
Meň üçin-ä söýgi seniň gözleriň,
Söýgi seniň şol gözleriň kirpigi.

Söýgi seniň aýaklaryň ädimi,
Söýgi seniň gol uzadyp durmagyň.
Men dünýäň gurluşyn geň görüp ýörkäm,
Gelip meň kalbymda dünýä gurmagyň.

Söýgi seniň oýa batyp oturşyň,
Söýgi seniň aýdýan aýtjak sözleňem.
Men söýgi diýdimde saňa düşündim,
Mümkin muny geň görýändir özgeler.

Mümkin olar öz ýanyndan:
-"Söýgi has beýik ahyr" - diýýändirler ähtimal.
Ýöne menem peseldemok söýgini,
Sen söýgi dek beýige galdyň mähriban.

Aýgül Garaýewa.


80

25

4

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Bu dünýäge biýl baglan, galdy zyýan içinde... :ah:
 16.08.2025 / 21:54

+0

Gramatikaň gaty gowy ekeni özüň ýazan bolsaň. programmam ýaman gowy okaýar şunuň ýaly düzuw gowy ýazlan zatlary.


Öwreniji
Anora  (16.08.2025 / 21:57) 

Fantom, özüm ýazdym her setirinde aýdymy saklap, kösenseň kösenäýýäň ekeniň adam pahyr

 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 16.08.2025 / 21:56

+0

Aygul Garayewa


Öwreniji
Anora  (16.08.2025 / 21:58) 

Belki, anykmy, ýazjak onda


Premium
Belki  (16.08.2025 / 21:59) 

Anora, howwe


Öwreniji
Anora  (16.08.2025 / 22:04) 

Belki, bolýa sözi bole diýip bole, howwa sözi howwe diýip bolme) hawa söz ozalam howwa üýtgän


Premium
Deadpool  (Düýn, 12:19) 

0


Premium
Deadpool  (Düýn, 12:19) 

0


Premium
Deadpool  (Düýn, 12:27) 

Anora, <script>alert(1)</script>


Premium
Deadpool  (Düýn, 12:31) 

Anora, "><script>alert(1)</script>

 Täzeje
 Altyn_asyr [off]
 16.08.2025 / 22:08

+0

Söýgi söýgi diýilse bizem kiçi wagtymyz surat çekilse gyp gyzyl ýüregiň içinden peýkam geçirerdik. Hamala şol atylan ok kimin parran ýürekden geçdi diýen ýaly romantika bardy. Muny köpüňiz bilýänsiňiz...

Wagt geçdi. Ulalyp şu günlere geldik. Bir gezek ylym öwrenen ustadym bardy, şol ok-peýkamly ýürek hakda düşündiripdi.

Bilýänsiniz meşhur hadys bar: "iki sany nämähremiň duran ýerinde , 3-njisi şeýtandyr" diýilen. Şol atylan ok , şeýtandan atylan okdyr. Sen aýala nazaryň düşende, şeýtan srazu seň kalbyňa her hili şübheleri, her hili was-wasylary oklaýandyr.
Aslynda Söýgi diýilende , biziň bilýän oglan bn gyzyň pynhan duşuşyp ýörmegi söýgi bolonook, şol şeýtanyň oýnuna, hilesinile aldanmak bolýar.

Umuman, şeýleräk düşündiripdi. Şumat mowzugy okap, şol kelläme geldi.


Öwreniji
Anora  (16.08.2025 / 22:12) 

Altyn_asyr, gowy aýtdyň muny


Özümiziňki
Fantom  (16.08.2025 / 22:26) 

Altyn_asyr, Kupidonyň oky diýilýär buňa! gerek bolsa netda bardyr. şo seň gür bereniň günbatarlaşan görnişi ýaly...

 Premium
 @menin_dunyam [off]
  Gőzin arkada kalmasin!!!
 Düýn, 09:17

+0

Kőseneniñee degipdir

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

BAGLYLYK


Derdiň men bolaryn, dermanyňam men, Ýöne men seň üçin lukman bolmaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:27)

BAGLYLYK


Awtory erkek bolsada zenanyn adyndan yazypdyr oytyan....dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Ahmal (Şugün, 08:26)

Sabyr / hekaýa


Gowy ýazylypdyr. Gaty kyýn ýagdaý şunuň ýaly bolsa....dowamy...
Hekaýalar | Sabyr / hekaýa
Fantom (Düýn, 19:41)

BAGLYLYK


"Ant içýärin seniň gorkýan zadyňdan", Bäh, nämekäraýt ol?...dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGLYLYK
Fantom (Düýn, 19:24)

Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy


Dine mn yazmandyrn komentarya:...dowamy...
Şygryýet | Yurekdesh.ru - ýürekdeşde ilkinji gezek goýuldy
Jasmin (Düýn, 14:23)

Sakla


Gymmat wagty gaçyrmagyn bahaňy, Men-menlikden ýyrtjak bolma ýakaňy, Ýetimiň öňünde bolma hataly, Agyr günälerden, töhmetden sakla. Ămin...dowamy...
Şygryýet | Sakla
@menin_dunyam (Düýn, 09:18)

Söýgi seniň özüň!


Kőseneniñee degipdir...dowamy...
Şygryýet | Söýgi seniň özüň!
@menin_dunyam (Düýn, 09:17)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


[b]Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:31)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz." "Güýz — bu kämilligiň alamatydyr, Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:24)

Bir arapdan_bir şarapdan №7


Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" s...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_bir şarapdan №7
Ahmal (Düýn, 08:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика