“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
M.Yurekdesh.ru - New chat

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Bir arapdan_bir şarapdan №7
 Täzeje
 Altyn_asyr [off]
 17.08.2025 / 15:22

Sadalykdan zyýan çeken ýok



Şahyr Gurabannazar Ezizowyň
"Entäk sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogluňyz hem gyzyňyz"

- diýen ajaýyp goşgusyndaky "sadalyk" hakynda häzirki , döwürdeş şahyrlaň biri "bu döwürde sada bolsaň näme etjekleri belli däl" diýen ýalyrak jogap ýazypdyr. [Ol goşgynyň ady we awtoryny bilemok, kim bilse goýaýsyn]. Tipo "şahyrym, sen ýalňyşypsyň öýdýän, bu döwürde sadalara gün ýok, sada bolsaň adamlar depäňe çykýar" diýen ýalyrak äheňde ýazylypdyr. Bu hakykatdanam şeýlemi?!

Geliň, şu gün şol sadalyk diýilýän [sada kim?, sadalyk näme?] düşünjäni derňäp göreliň....



Sadalyk diýilse häzirki adamlaň düşünýän zady -
lapuh;
gulagyny sallap ýören;
Oýnatgyrak;
Ynanjaň;
- biri şekillenýär...


Sadalyk aslynda her bir ynsanda bolmaly häsiýet. Ynsany ynsan edýän aslynda şol - Sadalyk. Ony ýitirse, ynsanylygynda nogsanlyk bar diýip hasaplap bolar.

Gynansagam, häzirki döwürde sadalyk - ejizlik bilen çalşyrylýar.

Özümdeb mysal alsam - tanyş bolsun, nätanyş bolsun hemme kişi bilen bir bolşumy saklaýan. Emma, sadalygymdan peýdalanýanyny bilenimden soňra, hiç zady düşündirmän, sesimi çykarman gidýän.

Adalat bolsun diýýän, adalat üçin göreşýänlerem sadalardyr. Sebäbi olar diňe özüni bilenok. Hemişe gowluk bolsun diýýä, hemmäniň gowy adam bolmagyny isleýär.
Adalat üçin göreşýänlere hemişede kyn bolupdyr.

Emma bizem adam, hemişe daş b.n urýanlary aş bilen urup bilemizok. Muny geçmişde öwlüýäler, pirler eden bolmagy mümkin. Emma biz öwlüýä däl. Käwagt boýnuňa çykjak bolýanlary ýykyp, düňdermelem bolýar.


Häzirki döwürde mähriban bolmak, sada bolmak - uly güýç. Edepsiz we gödek bolmak itiň aňsady. Muny hemme başarýar (oňa hemme şertler bar).
Çynyň bilen içiňden ýagşylyk etmek, ýagşylyk islemek her kimiň başarjak zady däl. Bu öz-özünden bolonok.


Soňabaka şeýdip aramyzdan ýagşylygam ýitip gidýär. Sebäbi bu dowürde ýagşylyk edýänlerem sada hasaplanýar.


Tak çhto - Sadalyk ejizlik däl.


___________________


Ybrat


Bize garyndaşlygy bolan bir maşgalanyň ahwaly...

Täzelikde bolan waka.. Elimiz b.n jaýlap gaýtdyk. Ýaş gelin. Rak bolup öldi. Edil şu kesel bilen 2 ýyl mundan ejesem dert çekip, ejesinem jaýlapdyk. Ejesi agyr ýatyrka ogul-gyzlary nobatçylyk bilen, ejesine seredýädiler. Özüňiz bilýäňiz ady ýitmiş ol keseliň, däri-dermanam gymmat. Çykdaýjysy uly. Ýuwudyp ýatyr. Şonda ogul-gyzlary gatyrganýardylar biri-birlerine " näme diňe meň ejemmi ol, planam seretsindä, getirsindä plan dermanlaryny" diýip, soňabaka şeýdip nobatçylyk pozuldy. Dermanlary, iýmiti wagtynda gelmedi. Şeýdip ol neressede gitdi.
Gyzlarynyň içinde jalaýsyrap ýören biri bardy. Ejesine seredilmesede özüne pulam tapýan, gowjada ýaşaýan. 1 ýyl geçmänkä özüne degdi şo kesel. Edil şol ssenariýa özünde gaýtalandy. Gurady. Çöpe döndi. Indi hossarlary muňa seredip başladylar. Doganlary mundanam bizary çykdy. "Ölmedemaý, jany gaty eken" diýenlerini gulagymyz b.n eştdik. Şeýdip, ýokarda aýdyşym
ýaly ana onam jaýlap gaýtdyk.

Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin. Ertirki gün "Elimden gelenini etdimä" diýip wyždanyňyzyň öňünde arassa bolarsyňyz. Şeýdip ene-atasyna seretmän haram öldürenler bar.

Kakasynyň 40-y geçmänkä maşyn alan oglanlary bilýän. Emma kesel ýatyrka, doganlary biri-birinden gawanyp, pula gysganyp, bendäni çüýretdiler.


___________________



Mentalitetiň aýaga padnoşka berýän ýerleri


Köçede gohlaşyp, bir zadyň jedelini edip duran bolsaň, geň görerler, "näme utanaňokmy" diyerler. Edil şol ýagdaýy rus milletiniň bir wekili etse, norm hasaplanar "aýý hawa-da, bular öz hukugyny bilýäler-dä" diýerler.

Ýa-da, duşuşmana çykan bolsaň, "türkmen bolup, utanaokmy şeýdip, gündiziň günortany gyz bilen el tutuşyp ýörmäne" diýerler. Emma rus biri bolsa, norm hasaplanar. Hat-da skameykada çolaşyp ýatan bolsalaram. Hiç kim geňlemez.


229

47

7

10

0

1

2
Mowzugy vip edenler:
Moderator - 5 sagat vip etdi!
(17.08.2025 / 20:50)
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 17.08.2025 / 16:09

+0

*Gurbannazar
Mowzugyna like basjak. Ylalassam ylalasmasam ozi bir zatlar yazyp mowzuk hodurleyanlere hormatym bar


Täzeje
Altyn_asyr  (17.08.2025 / 16:22) 

Belki, şol aýdylýan goşgyny sen bileňokmy. Bir döwür trend boldulaý o goşgy


Premium
Belki  (17.08.2025 / 16:25) 

Altyn_asyr, Gurbannazara jogap diyip yazylan
"Diydin: Sadalykdan zyyan ceken yok
Emma mydam zyyan cekyar sadalar
Ya ussadym sen sol yerde yalnysyan
Ya senden son calt uytgedi kadalar"...
diyen setirlere diyyanmi?


Täzeje
Altyn_asyr  (17.08.2025 / 16:27) 

Belki, hawa


Premium
Belki  (17.08.2025 / 16:29) 

Altyn_asyr, adyny yadynda saklanyna degmejek koce gosgucylaryndan biridi. Saklamadym elbetde.


Täzeje
Kbka  (04.09.2025 / 07:54) 

Belki, gosgyn dolysy yokmy


Premium
Belki  (04.09.2025 / 07:58) 

Kbka, bardyr...

 Täzeje
 Ahmal [off]
 18.08.2025 / 08:20

+1

Sadalyk bu nahili kamil derejede bolsanda ozuni yonekeyje alyp barmaklyk, sahyram gosgusynda sony goz onunde tutan. Sadalykdan "zyyan cekenler" sadalygyndan däl jahyllygyndan zyÿan çekenler olar. Gosgusy sitata alnyp koce gosgular bilen tankytlanylanylyan (tankytlanjak bolyan) sahyr dal ol. Alynan sitatadada sahyryn adyny gosgusynyn yalnys yazylmagyny (we gorkezilendigine garamazdan duzedilmezligini) mertebesini peseltjek bolmak diyip hasaplayan mena


Täzeje
Guljeren  (19.08.2025 / 14:04) 

Ahmal, hakyky shoda

 Täzeje
 Ahmal [off]
 18.08.2025 / 08:24

+0

"Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz."

"Güýz — bu kämilligiň alamatydyr,
Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz."

 Täzeje
 Ahmal [off]
 18.08.2025 / 08:31

+0

Men näme diýjek bolýan. Şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, düzelmejegini bilseňizem iň soňky mümkinçilige çenli hereket ediň. Çykdaýjy bolup geçsin. Ertirki gün "Elimden gelenini etdimä" diýip wyždanyňyzyň öňünde arassa bolarsyňyz. Şeýdip ene-atasyna seretmän haram öldürenler bar.

Sol wakadan so netijani cykardynmy, mena gorenini gorkezersin, wepa bermesen gormersin wepa, diyen netijani cykardym mena.


Täzeje
Guljeren  (19.08.2025 / 14:04) 

Ahmal, hwa dogry

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dynç güni / hekaýa


Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 16:22)

Dynç güni / hekaýa


Gurletsenem 6 otduh dokuza cenli galman yatjak diyen bolarsyn )...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:11)

Dynç güni / hekaýa


Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Belki (27.09.2025 / 05:10)

Dynç güni / hekaýa


Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hekaýalar | Dynç güni / hekaýa
Fantom (26.09.2025 / 21:28)

Gijeki myhman


...dowamy...
Umumy | Gijeki myhman
Akademik3 (26.09.2025 / 11:44)

Hormatly ulanyjylar !


Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:13)

Hormatly ulanyjylar !


Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:12)

Hormatly ulanyjylar !


Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Akademik3 (26.09.2025 / 11:11)

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.


Dusunsem su mowzuga alym boljak ya da zalym...dowamy...

Ýaňajygy çukurjam


indi guldurman hayys sizden...dowamy...
Şygryýet | Ýaňajygy çukurjam :)
Akademik3 (26.09.2025 / 11:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->